Buýsançly taryhyň çeper beýany
«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Türkmen halky kitaba belent sarpa goýýan beýik halkdyr. Çünki kitap döwrüň taryhyny, halkyň durmuşyny we ruhuny özünde jemleýän gymmatlykdyr, bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Halkymyzda kitabyň keremi – keramaty täsiri dogrusynda aýdylýan zat juda kän. Kitap dünýädäki iň uly ähmiýetli hazynany – söz baýlygyny özünde jemleýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ajaýyp dürdäne eserlerini okanymyzda bu hakykata ýene bir gezek göz ýetirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy alym Arkadagymyzyň mundan öňki dürdäne eserleriniň özboluşly dowamyna öwrüldi. Täze kitapda taryhy, arheologik, etnografik, şekillendiriş sungaty, halk döredijiligi, nusgawy edebiýatymyz bilen bagly maglumatlar ylmy çeşmelere salgylanylyp, çuňňur many-mazmun we dürli suratlaryň üsti bilen çeper dilde beýan edilýär.