KITAP − DÜNÝÄ SYRYNYŇ AÇARY

1 Sentýabr 2024
344

Adamlar näme sebäpden kitap okamaga beýle köp ymtylýarlar?! Agaç gabygyndan ýasalan bu sahypalarda ynsany özüne imrindirip biljek neneňsi güýç, neneňsi gudrat barka?! Köneleriň aýdyşy ýaly, “bary-ýogy bäş günlük ömründe” hasabyna jür ynsan oglunyň kitap babatda wagtyny-da, puluny-da tarhandökerlik bilen harçlaýşyna haýran galaýmaly. Belki, bu kitaplarda ömrüň manysy, durmuşyň tagamy bardyr?! Balarylaryň gülden güle gonup, bal taýýarlaýşy ýaly, ynsan hem kitap baryny agtaryp, öz-özüni taplaýar.

Türk ýazyjysy Ilber Ortaýliniň bir eserinde ynsanyň aň we beden taýdan ösýän, berkeýän döwri bolan ýaşlyk çagynda kitaby ýakyn hemraňa öwürmegiň has derwaýysdygy hakynda aýdylýar. Kitap okamak çaganyň ýatkeşligini we sözleýşini ösdürmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde uly ähmiýete eýedir. Wagtyňyzy mazmunly geçireýin, akyl käsäňizi pürepürläýin diýseňiz – kitap okaň! Kitap okamak – diňe bir ýaşlykda däl, ähli ýaşda hem derwaýys. Kitap okaň, emma hökman okamalydygy üçin däl-de, her bir jümlesinden netije çykarmak üçin, ruhy lezzet almak üçin okaň!

Erkin APBAÝEW
Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy.