Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň mekany

30 Sentýabr 2024
338

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekmegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlykly wakalarynyň birine öwrüldi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň bosagasynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän çagynda kabul edilen bu resminamanyň «akylly» şäheri sazlaşykly we durnukly ösdürmekde, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmekde uly ähmiýeti bardyr.

Hormatly Prezidentimiz: «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir» diýip belleýär. Bu hakykatdan hem şeýle. Üstümizdäki şanly ýylyň özünde Arkadag şäherinde geçirilen köp sanly çäreler, şol sanda Medeniýet hepdeligi hem bu hakykaty äşgär görkezdi. Şeýle çäreler Köpetdagyň etegine gözellik goşýan, dünýäde deňi-taýy bolmadyk täze şähere gyzyklanmany has-da artdyrýar.

Orazjemal ÝOLDAŞOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.