"Türkmenistan Sport" Halkara žurnalynyň elektron goşundysy

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, B.Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly 54
Telefon belgileri: 22-81-38

Makalalar

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy­nyň bar­şy bi­len ta­nyş­dy

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 2024-nji ýy­lyň 25-nji de­kab­ryn­da Gahryman Arkadagymyz paý­tag­ty­my­zyň de­mir­ga­zyk kün­je­gin­de gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýan Hal­ka­ra on­ko­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­ke­zi­niň meý­dan­ça­sy­na bar­dy. Bu ýer­de ýa­kyn ýyl­lar­da ýur­du­my­zyň sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­my­nyň kö­pu­gur­ly dü­zü­mi­niň üs­tü­ni ýe­tir­jek döw­re­bap luk­man­çy­lyk top­lu­my eme­le ge­ler.

Fotosuratlar boýunça bäsleşik

Gym­mat­ly gol­lan­ma

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Yn­san öz do­wa­ma­ty bo­lan per­zen­din­de er­ti­ri­niň bag­ty­ny gör­ýär. Bu gün­ki asyl­ly ter­bi­ýe er­tir­ki eş­ret­li dur­mu­şyň ke­pi­li, yn­san kal­by­nyň iň nä­zik ar­zuw­la­ry­nyň ha­syl bol­ma­sy­dyr. Ýaş ne­sil­le­ri mil­li wa­tan­sö­ýü­ji ruh­da ter­bi­ýe­le­mek­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Änew — müň­ýyl­lyk­lar­dan göz­baş al­ýan me­de­ni­ýet» at­ly ki­ta­by gym­mat­ly gol­lan­ma­myz bo­lup dur­ýar. Ki­ta­byň ba­şyn­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz: «Ma­hal-ma­hal gün­de­lik­le­ri­me eden bel­lik­le­ri­mi, ýa­zan pi­kir­le­ri­mi, bel­läp alan mag­lu­mat­la­ry­my gaý­ta­dan göz­den ge­çir­ýä­rin. Se­bä­bi her bir wa­ka ýa-da mag­lu­mat gaý­ta­dan oka­nyň­da ýa-da ýat­la­nyň­da, öň­kü­ler­den has üýt­ge­şik tä­ze pi­kir­le­ri hem oýa­ryp bil­ýär. Pi­ki­ri­ňi paý­laş­mak, pi­kir alyş­mak bol­sa äh­li yn­san­lar hem-de ýa­şa­ýyş üçin ju­da äh­mi­ýet­li. Çün­ki be­ýik pi­kir­ler we sag­dyn dü­şün­je­ler hem­me­le­ri bir mak­sa­da ug­ruk­dyr­ýar» di­ýip bel­le­ýär.

«Gel­je­giň oýun­la­ry — 2025»

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 «Gel­je­giň oýun­la­ry» ady bilen 2-nji gezek guraljak bäsleşikler 2025-nji ýy­lyň 21-nji no­ýab­ryn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­rin­de baş­la­nar di­ýip, «RIA No­wos­ti» ha­bar­lar agent­li­gi ýa­ry­şyň res­mi saý­tyn­da ýer­leş­di­ri­len mag­lu­ma­ta sal­gy­la­nyp ha­bar ber­ýär.

Bosagamyzda 2025

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Senenamada 31-nji de­kabr. Bu gün asyr­larbo­ýy ta­ryh­da tä­ze sa­hy­pa­la­ry açyp gel­ýär. Aý­lar aý­la­nyp, pa­syl­lar çal­şyp, gün­ler gaý­ta­la­nyp dur­şu­na 2024-nji ýy­lyň 31-nji de­kab­ry­na ge­lip ýe­te­ni­mi­zi hem duý­man ga­lyp­dy­rys.

Bagt­dan paý­ly ne­sil­le­r

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Şöh­rat­ly ta­ry­hy­my­za al­tyn harp­lar bi­len ýa­zyl­jak şan­ly ýy­ly­my­zyň bagt­dan paý­ly ne­sil­le­ri TMÝG-niň Bal­ka­na­bat şä­her ge­ňe­şi ta­ra­pyn­dan gu­ra­lan baý­ram­çy­lyk da­ba­ra­sy­nyň myh­man­la­ry bol­du­lar.

Buýsançly taryhyň çeper beýany

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Türkmen halky kitaba belent sarpa goýýan be­ýik halkdyr. Çünki kitap döw­rüň taryhyny, halkyň durmu­şyny we ruhuny özünde jemleýän gym­mat­lykdyr, ba­hasyna ýetip bolmajak hazynadyr. Hal­ky­myz­da ki­ta­byň ke­re­mi – ke­ra­ma­ty tä­si­ri dog­ru­syn­da aý­dyl­ýan zat ju­da kän. Ki­tap dün­ýä­dä­ki iň uly äh­mi­ýet­li ha­zy­na­ny – söz baý­ly­gy­ny özün­de jem­le­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aja­ýyp dür­dä­ne eser­le­ri­ni oka­ny­myz­da bu ha­ky­ka­ta ýe­ne bir ge­zek göz ýe­tir­ýä­ris. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Hakyda göwheri» atly täze ki­ta­bynyň hal­kymyza go­wuş­magy alym Arkadagymyzyň mun­dan öňki dür­dä­ne eser­le­ri­niň özboluşly do­wa­myna öw­rül­di. Täze kitapda taryhy, arheologik, etnog­rafik, şekillendiriş sungaty, halk döredijiligi, nusgawy edebiýatymyz bi­len bag­ly maglumatlar ylmy çeşmelere sal­gylany­lyp, çuň­ňur ma­ny-maz­mun we dür­li su­rat­la­ryň üs­ti bi­len çe­per dil­de beýan edil­ýär.

Dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­len­di

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 2024-nji «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň ahyr­lap bar­ýan gün­le­rin­de Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Ber­ka­rar­lyk et­rap ge­ňe­şi, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Türk­me­nis­tan Sport» hal­ka­ra žur­na­ly bi­len bi­le­lik­de «Bi­ta­rap­lyk ýö­rel­ge­si ýag­ty er­tä şa­ny­myz, al­ky­şy­myz çäk­siz si­ze Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz» at­ly dö­re­di­ji­lik bäs­le­şi­gi­niň je­mi jem­len­di.

Sport. Dostluk. Bagtyýarlyk

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­ty­nyň Olim­pi­ýa fa­kul­te­ti­niň bi­na­sy­nyň eý­wa­nyn­da ýe­tip gel­ýän Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li, «Türk­me­nis­tan: sport» te­le­ýaý­ly­my bi­len bi­le­lik­de, şow­hun­ly aý­dym-saz­ly bäs­le­şik da­ba­ra­sy gu­ral­dy.

Ylymlaryň şamçyragy

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Kitap ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýar, gymmatlyklaryň hataryna girýär. Kitap çagalara başlangyç hem esasy terbiýäni bermekde hem aýratyn orna eýe bolup durýar. Bu babatda ertekiler, çagalar üçin goşgular we sanawaçlar uly isleg bilen peýdalanylýar. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň pähim-paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary beýan edýän özboluşly çeşmedir. Olar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälimdir. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes zatdygy öňe sürülýär.

Dur­muş bir ki­tap ýa­ly­dyr

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Ýyl­la­ryň ha­tar ker­we­ni-

Täze ýylda nähili maksatlaryňyz bar?

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýyl - tä­ze mak­sat­la­ra ba­dal­ga. Tä­ze ýyl - tä­ze ar­zuw­dyr umyt­la­ryň baý­ra­my. Tä­ze ýyl - yn­san öm­rü­niň tä­ze bir sa­hy­pa­sy. Bu sa­hy­pa­ny her kim ýag­şy ar­zuw-umyt­lar, mak­sat­lar, ha­ýyr­ly iş­ler bi­len be­ze­mek is­le­ýär. Biz hem «Tä­ze ýyl­da nä­hi­li mak­sat­la­ry­ňyz bar?» di­ýen so­wal bi­len dö­re­di­ji­lik yn­san­la­ry­na ýüz­len­dik. Ge­liň, ola­ryň jo­gap­la­ry bi­len ta­nyş bo­la­lyň.

Magtymguly — durşy bilen akyldyr, Magtymguly — dünýä belli akyldar

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 «Syr­ly se­tir­le­riň söh­be­di»

Täze ýyl barada faktlar

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy äh­li yn­san­la­ryň kalp­la­ry­na nur paý­lap, uly-uly umyt­la­ra, owa­dan ar­zuw-is­leg­le­re bes­le­ýär. Bu baý­ram­çy­lyk aja­ýyp bir dün­ýe­wi baý­ram­çy­lyk bo­lup, dün­ýä­niň äh­li kün­jek­le­rin­de dür­li gör­nüş­de bel­le­ni­lip ge­çil­ýär.

Türkmenistan — sport ýurdy

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da aja­ýyp ýur­du­myz gün-gün­den gö­zel­leş­ýär. Mil­li spor­tuň ýo­ka­ry de­re­je­de gül­läp ös­me­gi Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä­de sport döw­le­ti hök­mün­de giň­den ta­nal­ma­gy­na müm­kin­çi­lik ber­di.

Kim nähili sowgat almak isleýär?

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýy­lyň ýa­kyn­la­ma­gy bi­len hem­me­ler uly baý­ram­çy­ly­ga taý­ýar­lyk gö­rüp, öz­le­ri­niň go­şant­la­ry­ny goş­ma­ga, bi­rek-bi­re­gi be­gen­dir­mek üçin sow­gat ber­mä­ge baş­la­ýar­lar. Tä­ze ýy­lyň lez­ze­ti­ni her kim dür­li­çe duý­ýar. My­sal üçin, bi­ri gy­şyň gel­me­gi­ne sabyr­syz­lyk bi­len ga­ra­şyp, ýa­gan il­kin­ji gar­da oýun oý­na­mak is­le­ýär. Se­bä­bi ol gy­şyň lez­ze­ti­ni ak­ja gar­lar­da gör­ýär. Kä­bir adam­lar bol­sa, hu­susan-­da, ça­ga­lar tä­ze ýyl­da Aýaz­ba­ba­nyň ag­şa­my­na tüs­se çy­kar­dan ýa-da aý­na­dan ja­dy esa­syn­da gi­rip baý­ram­çy­lyk ar­ça­sy­nyň aşa­gyn­da ar­zuw edip ýa­zan ha­tyn­da­ky sow­gat­la­ry go­ýup gi­der di­ýip umyt ed­ýär. Ge­liň, bu ge­zek biz si­ziň bi­len tä­ze ýyl sow­ga­dy ha­kyn­da gür­rüň ede­liň.

Täsin dessurlar

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Tä­ze ýyl baý­ram­çy­ly­gy­nyň ge­lip çy­ky­şy­ny, dö­re­ýiş ta­ry­hy­ny bil­mek hem­me­ler üçin hem gy­zyk­ly bol­sa ge­rek. Tä­ze ýyl­da be­zeg aga­jy hök­mün­de ar­ça aga­jy be­ze­lip­dir. Ar­ça aga­jy­ny ulan­mak XVII asy­ryň ba­şyn­da dö­räp­dir. Adam­lar ar­ça aga­jy­ny dür­li reňk­li ka­gyz­lar we mi­we­ler bi­len be­zäp baş­lap­dyr­lar. Ga­dy­my ynanç­la­ra gö­rä adam­lar­da, Ar­ça aga­jyn­da be­zeg nä­çe köp bol­sa, gel­jek ýyl rys­gal­ly, be­re­ket­li bol­ýar di­ýen dü­şün­je bo­lup­dyr. Aý­la­ryň, ýyl­la­ryň, asyr­la­ryň geç­me­gi bi­len, ar­ça be­zeg­le­ri­ne has-da öwüş­gin ber­mek üçin il­kin­ji ge­zek 1895-nji ýyl­da Ame­ri­ka­da dür­li reňk­li çy­ra­jyk­lar oý­la­nyp ta­py­lyp­dyr. Şon­dan bä­ri hem ar­ça be­zeg­le­ri­ne görk ber­ýän çy­ra­jyk­lar dür­li ýurt­lar­da ýör­gün­li ula­ny­lyp ge­lin­ýär.

Sport täzelikleri

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 «Türk­me­nis­tan» ýaş­lar be­den­ter­bi­ýe-sport gu­ra­ma­sy­nyň Bal­kan we­la­ýat bö­lü­mi, Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­mi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­mak­la­ryn­da «Türk­me­nis­tan — ru­hu­be­lent­li­giň we sag­dyn­ly­gyň ýur­dy» at­ly XIV uniwersiadanyň çäk­le­rin­de Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da wo­leý­bol ýa­ryşy ge­çi­ril­di. Ýa­ryş­da og­lan­la­ryň ara­syn­da Türk­men­ba­şy şä­he­ri­niň 15-nji, 5-nji, 14-nji or­ta mek­dep­le­ri­niň, gyz­la­ryň ara­syn­da 7-nji, 5-nji, 2-nji or­ta mek­dep­le­ri­niň wo­leýbol to­par­la­ry baýrakly orunlara mynasyp boldu­lar.

Tä­ze ýyl sow­ga­dy

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 De­kabr aýy gel­di­gi Gül­ja­ha­ny bir ala­da gur­şap al­ýar. As­lyn­da bu ala­da di­ňe bir Gül­ja­ha­ny däl beý­le­ki ça­ga­la­ram oý­lan­dyr­ýar, ýö­ne Gül­ja­ha­nyň ala­da edi­şi beý­le­ki­le­re ga­ran­da has ar­ty­g­rak ýa­ly. Ol ala­da hem bol­sa Tä­ze ýy­la üýt­ge­şik sow­gat taý­ýar­la­mak, eje-ka­ka­sy­ny, do­gan­la­ry­ny be­gen­dir­mek. Go­wy edip ar­ça be­ze­mek, gün­de­li­gi­ni di­ňe bäş­lik­den dol­du­ryp gör­kez­mek, goş­gu­lar ýat­lap aý­dyp ber­mek ge­çen ýyl­lar­da edi­len sow­gat­lar. «Bu ýyl nä­me et­me­li? Baş­ga­rak bir tä­ze­lik et­me­li. Beh, Tä­ze ýyl diý­mek, tä­ze­lik tap­mak diý­mek eken-ow.»

Aýazbabanyň ýoly

«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Bu dü­şün­jä­niň hal­ky­my­zyň, ýaş hem-de kör­pe ne­sil­le­ri­mi­ziň aňy­na ha­çandan bäri or­nan­dy­gy­ny anyk aý­daý­mak kyn. Ýö­ne ýyl­lar geç­di­gi­çe, bu dü­şün­je, bu duý­gy kö­nel­mä­ge, gar­ra­ma­ga de­rek, gaý­ta ýyl­dan-ýy­la tä­ze­len­ýär, öz­ger­ýär, tä­ze öwüş­gin­le­re bes­len­ýär.