Ösüşleriň kämil hukuk binýady

25 Sentýabr 2024
299

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz ösüşleriň täze belentliklerine ynamly barýar. Ýurdumyzda adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen bagly meselelere döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry  hökmünde garalýar.

Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi adalat jemgyýetimizi, demokratik hem-de hukuk döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow kanunçylygyň ýerine  ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmek boýunça belent wezipeleri öňde goýýar. Munuň özi döwletimiziň täze taryhy eýýamyň talaplaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýän kanunçylyk binýadyny has-da berkitmekde tagallalary birleşdirmegi talap edýär.

Şamuhammet NURMUHAMMEDOW,
Magtymguly etrap kazyýetiniň kazyýet ýerine ýetirijisi.