Ylymlaryň şamçyragy
«7/24.tm»: №53 (240) 30.12.2024 Kitap ähli halklar tarapyndan aýratyn sarpalanýar, gymmatlyklaryň hataryna girýär. Kitap çagalara başlangyç hem esasy terbiýäni bermekde hem aýratyn orna eýe bolup durýar. Bu babatda ertekiler, çagalar üçin goşgular we sanawaçlar uly isleg bilen peýdalanylýar. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýan gymmatlykdyr. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň pähim-paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary beýan edýän özboluşly çeşmedir. Olar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar. Kitabyň ähmiýeti, peýdasy gadymyýetden bäri mälimdir. Çagalykdan aňymyza siňen ertekidir rowaýatlarda, nakyldyr matallarda kitabyň edil çörek ýaly mukaddes zatdygy öňe sürülýär.