Sepgitde seresap boluň!

5 Sentýabr 2024
418

Sepgit döwründe howanyň häli-şindi üýtgäp durmagy, ýagny ertir-agşam birneme sowap, gündizlerine yssy bolmagy, aram-aram ýagyş ýagmagy, bulutly howa birneme gartaşan adamlarda, şeýle-de ýokary dem alyş ýollarynyň dowamly sowuklamasyndan, ýürek-damar ulgamynyň sökelliklerinde bogun agyrysynyň dürli görnüşlerinden ejir çekýän adamlarda oňaýsyz ýagdaýlary döretmegi, şol agzalan näsazlyklaryň beterleşmesiniň, gozgamasynyň ýüze çykmagy mümkin. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin saglygyň hakynda wagtynda alada edip, maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp durmaly.

Güýz paslynda howa sowap, bedeniň gyzynmak üçin köp güýç-kuwwat sarp etmegi, Gün şöhlesiniň ýetmezçiligi bedeni tapdan düşürip, immun, nerw ulgamlaryny gowşadýar. Bu bolsa öz gezeginde, adamyň ukuçyl, ysgynsyz bolmagyna getirýär. Şeýlelikde, güýz paslynda ýygy-ýygydan sowuklamanyň, allergiýanyň, ötüşen keselleriň gozgamagy mümkin. Deriniň gurak, tozanjyrap durmagy, reňkiniň öçügsilenmegi, dodagyň uçuklamagy, ganazlyk, ýadawlyk, işdäsizlik ýaly alamatlar hem ýüze çykýar.

Aýsoltan ÝAGMYROWA,
Aşgabat şäheriniň 14-nji saglyk öýüniň baş lukmany.