Saglyk — başymyzyň täji

4 Sentýabr 2024
438

Ýurdumyzda «Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2020 — 2025-nji ýyllar üçin milli Maksatnamanyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň kabul edilmegi ilatyň saglygyny berkitmekde, keselleriň öňüni almakda we sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmakda möhüm resminamalaryň biri boldy. Kadaly iýip-içmek ynsanyň saglygyny berkidýär, fiziki hem ruhy sagatlygyny üpjün edýär. Bedene zerur önümler ýetmese, ösüş, täzeleniş düzgüni bozulýar. Şunda iýmit bilen alynýan belok esasy orunda durýar. Dokumalar, öýjükler, beden agzalary, fiziologik maddalar — gan, limfa belogyň gatnaşmagynda täzelenýär, özgerýär, ösýär.

Uglewodlar bedende madda çalşygyny kadalaşdyrmakdan daşary güýç-kuwwat, ýylylyk çeşmesi bolup hem hyzmat edýär. Ýag beloga, uglewoda garanyňda, ýylylygy iki esseden hem agdygrak bölüp çykarýar. Bedene derwaýys suw, duz, witaminler, mikroelementler ösüşi, madda hem suw-duz çalşygyny sazlaşdyrýar. Adam olaryň ählisini ýeterlik mukdarda almaly.

Gunça DURDYÝEWA,
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň Mediki-biologik üpjünçiligi kafedrasynyň mugallymy.