Gezsem, dünýäni görsem

26 Iýun 2024
791

Suwasty myhmanhana

Dünýäniň iň ajaýyp myhmanhanasy bolan «Poseidon Undersea Resort» Awstraliýa kontinentinde, Fijidäki Poseidon adasynda ýerleşýär. 2008-nji ýylda açylyp ulanylmaga berlen «Poseidon Undersea Resort» suwasty myhmanhanasynda 24 sany kaşaň otag, 6 sany restoran, suwa çümüjilere niýetlenen dükan, suw sport merkezi, golf we tennis meýdançalary bar. Myhmanhananyň deňziň 12 metr çuňlugynda ýerleşmegi onuň täsinligini has-da artdyrýar. 12 metr çuňlukdaky gidrostatik basyş 2,2 bara — ýagny 220 kilopaskala deňdir. Beýle basyşly çuňlukda çümüjiler ýüz otuz minutlap suwuň aşagynda saklanyp bilýärler. Muňa garamazdan, binanyň içindäki basyş 1  bara, başgaça aýdylanda, ýeriň üstündäki basyş bilen deňdir. Myhmanhanada jahankeşdeler üçin ummanyň ajaýyp gözellik dünýäsi açylýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.