«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024
18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän kaşaň Konstitusiýa binasyna we Baş baýdak meýdançasyndaky belent başly baýdak sütünine gül çemenini goýmak dabarasy geçirildi. Halkymyz tarapyndan uly ähmiýet berilýän bu baýram türkmenistanlylaryň Garaşsyz Watanyna bolan çuňňur watansöýüjilik duýgularyny, häzirki döwrüň zähmet ýeňişlerini we üstünliklerini artdyrýan halkymyzyň parahat durmuşda bagtly ýaşaýyş ugrunda çekýän öndürijilikli zähmetini aýan edýär.