«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024
«Gudrat görseň daglara bar» diýleni... Belki, bu jümlede «gudrat» diýlip, tebigatyň ýaradan peşgeşi göz öňünde tutulan bolmagy-da ahmal. Ýöne şeýle gudratlaryň biri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde el bilen hem döredildi. Ol — Gündogaryň danasy, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň heýkeli. Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýewiň elinden çykan bu nepis iş ynsan keşbini onuň duýgudyr oý-hyýallary bilen bermäge ukyply bolan, bu ugurda kän tejribe toplan ussat senetkäriň eýýäm bu güne çenli sungatda uzak ýoly geçendigini mesaňa görkezýär. Magtymguly adyndaky halkara baýragynyň iki gezek eýesi Saragt Babaýew üçin bu şahyryň ýadygärligi boýunça ilkinji iş däl. Şahyryň goly kitaply belentden türkmen topragyna seredip duran nazarlarynda onuň wysal bolan arzuwlaryna buýsanjyny görmek bolýar.