«7/24. tm» №21 (208), 20.05.2024
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasynda sportuň görnüşleri boýunça «Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly XIII Spartakiadanyň jemleýji ýaryşlary guramaçylykly geçirildi. Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda her ýylda geçirilýän bu Spartakiadanyň jemleýji ýaryşlary bu ýyl hem ýokary üstünliklere beslendi. Sportuň 9 görnüşi boýunça guralan bu ýaryşlar harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň beden taýýarlygyny ýokarlandyrmaga, sporta we köpçülikleýin bedenterbiýä bolan höweslerini has-da artdyrmaga uly itergi berdi. Spartakiadanyň maksady, ýurdumyzda sporty ösdürmekden we ilatyň saglygyny berkitmekden, türkmen sportunyň abraýyny dünýä derejesine çykarmakdan hem-de harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň arasyndan zehinli, başarjaň we güýçli türgenleri saýlap-seçip almakdan ybaratdyr.