Hoşniýetli ýörelgelere ygrarlylyk

15 Dekabr 2023
2134

Türkmenistanyň Bitaraplygy taryhy geçmişden gözbaş almak bilen, halkymyzyň parahatçylyk söýüjilik, myhmansöýerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik, özara düşünişmek ýaly ajaýyp häsiýetlerine daýanýar. Bularyň ählisi halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlarynda, dünýägaraýyş gymmatlyklarynda beýanyny tapandyr, netijede, döwletimiziň milli ýörelgesine öwrülendir. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy biziň her birimiz üçin uly mertebedir, buýsançdyr. Hormatly Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Bitarap Türkmenistan» atly we beýleki kitaplarynda döwletimiziň hemişelik bitaraplygynyň gözbaşlary, halkymyz hem-de adamzat üçin ähmiýeti, halkara hukuk ýagdaýy giňden açylyp görkezilýär.

Milli Liderimiz Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan baý taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekip: «Hoşniýetli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir» diýip belleýär. Türkmen halky öz taryhynyň bütin dowamynda, dünýä bilen gatnaşyklarynda ynsanperwerlik gymmatlyklaryny döretmek bilen, bu sagdyn ýörelgelerini gorap hem ösdürip gelipdir. Elmydama agzybirligi, düşünişip ýaşamagy ileri tutupdyr. Jemgyýetiň durmuşynyň beýleki halklar bilen gatnaşygyň durnuklylygyna, özara hyzmatdaşlygyň berkemegine hemaýat etmegi esasynda ýüze çykan ýörelgeler diňe bir biziň ösüşlerimiz üçin däl, eýsem, bütin adamzadyň ösüşleri üçin hem aýratyn ähmiýetlidir.

Aýna GELDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.