«Bagtyýarlyk ýoly» — bagtly ýaşaýşyň kepili

13 Dekabr 2023
1773

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyz uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Gurmak döwletliligiň, berkararlygyň aýdyň alamaty bolup, röwşen geljege gönükdirilen işleriň nyşanydyr. Islendik ýurduň ösýändigine, özgerýändigine gurluşyk pudagynda alnyp barylýan işleriň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Welaýatymyzda bagtyýarlygyň nyşany bolan dürli maksatly desgalaryň, ymaratlaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesiniň bina edilmeginde döwlet hem-de hususy kärhanalaryň birnäçesiniň mynasyp orny bar. Şolaryň biri-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Bagtyýarlyk ýoly» hususy kärhanasydyr.

Bu hususy gurluşyk kärhanasy 2015-nji ýylda esaslandyrylyp, geçen döwürde onuň gurluşykçy hünärmenleri, esasan, ýaşaýyş jaýlaryny bina etmek bilen meşgullanypdyrlar. Şonuň netijesinde olaryň birnäçesi gurlup, ildeşlerimiziň ygtyýaryna berildi. Has takygy, paýly gurluşyk esasynda Daşoguz şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky köçesiniň ugrunda bina edilen 1 sany 2 girelgeli, 4 gatly, 16 öýli, Türkmenistan köçesiniň ugrunda 1 sany 1 girelgeli, 4 gatly, 16 öýli hem-de ýeňillikli karz serişdeleriniň hasabyna S.A.Nyýazow adyndaky köçesiniň ugrunda 2 sany 2 girelgeli, 4 gatly, 16 öýli ýaşaýyş jaýlaryny agzamak bolar. Ýaşaýyş üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulan bu jaýlaryň gurluşyk işleri ýokary hilli ýerine ýetirildi. Bu ýaşaýyş jaýlaryna bagtyýar döwrüň bagtly maşgalalarynyň birnäçesi göçüp baryp, döredilen oňaýly şertleriň hözirini görüp ýaşaýarlar.

Raziýa GAÝYPJANOWA,
«Daşoguz habarlary».