«7/24. tm» № 47 (182) 13.11.2023
Bagy-bossanlyk ynsanyň öz ýaşaýan topragyna söýgüsiniň, perzentlik yhlasynyň görkezijisi. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda şeýle diýilýär: «Maglumatlarda aýdylyşy ýaly, Aleksandr Makedonskiý, şeýle hem antik döwrüniň jahankeşdeleri türkmen topragyndaky gür baglara beslenip oturan ajaýyp şäherlere gözi düşüp: «Bagtly ilat!» diýipdirler.