"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Açyk sapaklar geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ilatyň saglygyny goramak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport-sagaldyş hereketini ösdürmek işleri uzak möhletleýin umumymilli maksatnama häsiýetine eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly günlerinde Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep internatynda açyk sapaklary geçirildi. Onuň çäginde geçirilen sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaş türgenleriň ussatlygyny ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.

Bilimli ýaşlar — guwanjymyz

Eziz Watanymyzda ýaş nesiller we olaryň röwşen geljegi hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ýaşlara sagdyn durmuş ýörelgesini hemişelik hemrasyna öwürmäge, sagdyn we ruhubelent bolmaga, sportuň islendik görnüşi bilen meşgullanmaga hem giň mümkinçilikler döredilýär. Bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän oňyn mümkinçiliklerinden peýdalanýan, döwrebap bilim alyp, ylymlar dünýäsine çuňňur aralaşýan türkmen ýaşlarynyň gadamlary batly, ruhlary belent, maksatlary aýdyň. Bu günki ýaş nesiller — mekdep okuwçylary, orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyplary — ertirki hünärmenler, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşine özüniň mynasyp goşandyny goşjak raýatlar. Ylmyň we tehnologiýalaryň häzirki ösýän döwründe sagdyn, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, zähmetsöýer, watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň belent kadalaryna ygrarly nesli terbiýelemek mugallymlaryň we bilim işgärleriniň esasy wezipesidir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da bilim ulgamynyň maddy-üpjünçilik binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň soňky gazananlary ornaşdyrylýar, bilim berlişiniň hili, okatmagyň usullary döwrüň talaplaryna laýyklykda ýylsaýyn kämilleş

Körpeleri tebigat bilen tanyşdyrmak

Häzirki bahar paslynyň dowam edýän günlerinde türkmen tebigaty gül-gülälege, gözellige beslenýär. Şeýle gözellik her bir ynsana ýakymly täsir edýär. Çagalar bagyna gatnaýan körpelere hem bag-bakja, güller we tebigatdaky guşlar hakynda düşünje bermek olarda tebigata söýgi döredýär. Esasan hem, 3-4 ýaşyndaky çagalaryň tebigat baradaky düşünjelerini ösdürmek üçin tebigat gözellikleriniň atlandyrylyşy hakynda beýan etmek bolýar. Çünki mekdebe çenli çagalar edaralarynda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşmak sapagy bakja toparlarynda öwredilip başlanýar. Munuň tebigat bilen bagly terbiýedigini hem belläsimiz gelýär. Çaga ir döwürden tebigatdaky ösümlikleriň atlandyrylyşyna, bu ösümlikleriň gözellik döredýändigine düşünip başlaýar. Bu, elbetde, tebigat baradaky düşünjäniň ilkinji ädimleridir. Şonuň üçin hem bu babatda sapaklary geçmek, multimedia tagtada suratlary görkezmek we düşündirmek körpelerde gyzyklanma döredýär. 3-4 ýaşyndaky çagalar maşgala agzalarynyň, öz dostlarynyň adyny doly tutmagy başarýarlar, olary ýatda saklaýarlar. Bu çagada sözleýşiň ösüp başlandygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň, sözleýşi has-da ösdürmek, tebigat bilen tanyşdyrmak terbiýeçiniň paýyna düşýär. Çagalaryň tebigat hakyndaky sözleýşiniň ösmegi diňe bir sapa

Türkmen we iňlis dillerinde işlik zamanlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler ýaşlaryň has sowatly, kämil, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň ösen ylym-biliminden habarly bolmaklaryna gönükdirilendir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň, şol sanda talyp ýaşlaryň hem daşary ýurt dillerini öwrenmekleri üçin zerur mümkinçilikler we şertler döredilýär. Okatmagyň täze usullary, multimedia tehnologiýalary talyp ýaşlaryň aň-düşünjesiniň artmagyna we öz saýlap alan kärleriniň ussady bolup ýetişmegine esas döredýär. Sözleýişde sözlemleri dogry gurmakda işlik zamanlarynyň ähmiýeti örän uludyr.

Üstünlikli geçen olimpiada

Ýakynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda makroykdysadyýet dersi boýunça II Açyk halkara olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 18-sinden 72 talyp, daşary ýurtlaryň 10-a golaý ýokary okuw mekdebinden bolsa 32 talyp gatnaşdy. Olimpiada gatnaşyjylara 10 meseläni çözmek üçin 120 minut wagt berildi. Onuň netijelerine görä, 6 sany I, 11 sany II we 13 sany III orunlar kesgitlenip, jemi 30 ýeňiji sylaglandy. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň 3-si I, 3-si II we 7-si III orunlara mynasyp bolup, ýokary netijeleri gazandylar. Şeýle-de Russiýa Federasiýasynyň talyplary 2 sany I, 3 sany II, Belarus Respublikasynyň talyplary 1 sany I, 3 sany II, 1 sany III, Gazagystan Respublikasynyň talyplary 3 sany III, Täjigistan Respublikasynyň talyplary 1 sany I, Gyrgyz Respublikasynyň talyplary bolsa, 1 sany I, 2 sany II orna mynasyp bolmagy başardylar.

Nebitgazçylaryň ýokary okuw mekdebinde hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlar we talyplar köpçüligi gatnaşdy. Tanyşdyrylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiziň ajaýyp eseriniň türkmen halkynyň şöhratly taryhyny hem-de baý medeni mirasyny öwrenmekde, giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Kitabyň mazmunynyň maglumatlara baýdygy, çeper, düşnükli dilde beýan edilýändigi bellenildi. Bular barada Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-nyň mugallymlary Jemal Sapargulyýewa, Şemşat Begliýewa, Ahmet Atajanow dagy öz çykyşlarynda durup geçdi.

Ýaş matematikleriň baýramçylygy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:— Biziň amala aşyrýan her bir işimiz, belent tutumlarymyz köňüllerimiziň guwanjy bolan şadyýan çagalarymyzyň bagtly geljegine gönükdirilendir. Şeýle wakalar bolýar, onuň şan-şöhraty yklymlar aşýar. Şeýle wakalar bolýar, taryhyň sahypasynda ebedi orun alyp, halkyň dilinde sena öwrülýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hem şeýle şanly wakalaryň buýsanç bulagy.

Akdepedäki ak mekdep

Häzirki wagtda bilim ojaklarynyň öňünde ylymly-bilimli, kämil şahsyýeti kemala getirmek esasy wezipe bolup durýar. Mekdep geçmişiň, şu günüň we geljegiň birleşýän ýeridir. Bilim her bir ynsana durmuşdaky ornuny tapmaga kömek edýär. Ata Watanymyzda bilim ulgamyny ösdürmek boýunça dünýä nusgalyk işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda döwrebap mekdepler yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Ýakynda biz hem Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky 31-nji orta mekdepde myhmançylykda bolup, täze bilim ojagynda gazanylan ilkinji üstünlikler bilen ýakyndan tanyşdyk.

Dil bilen dünýäni gezer

Iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasy üstünliklere beslenýär Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzyň bilim-ylym ulgamy ösüşlere beslenip, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyna giň gerim berilýär. Eziz Diýarymyzyň ýokary okuw mekdepleri daşary döwletleriň bilim ojaklary bilen özara hyzmatdaşlygy barha işjeňleşdirýärler. Şunuň bilen birlikde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň halkara bäsleşiklerine gatnaşmaklaryna uly ähmiýet berilýär.

2023 — 2024-nji okuw ýylynyň gutardyş synaglaryna taýýarlyk

DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA ENE DILI WE EDEBIÝATDAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGY ÜÇIN HÖDÜRLENILÝÄN DÜZME TEMALARY: I. Erkin temalar

Ruhy kämilligiň ebedi waspçysy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Söz ussadynyň berkarar döwlet gurmak hakyndaky arzuwlary, belent adamkärçilige, ömrüň manysyny artdyrýan işlere çagyrýan eserleri bu günki gün abadan, erkana durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan her bir türkmeniň kalbyny nurlandyrýar. Ruhy kämilligiň waspçysy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasy dünýä edebiýatynda-da uly orun eýeleýär. Şahyryň eserleri asyrlar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmeýär. Çünki onuň şygyrlarynda öňe sürülýän pikirler umumadamzat gymmatlyklary bilen hem sazlaşykly utgaşýar. Şoňa görä, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň bütin adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we dünýäde wagyz etmek babatda alnyp barylýan işleriň gerimi has-da giňeýär. Beýik akyldaryň ynsanperwerligi, halallygy, agzybirligi ündeýän şygyrlarynyň dünýäniň ençeme diline terjime edilmegi, golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem munuň aýdyň güwäsidir. Döredijiligi

Halkara olimpiadalary geçirilýär

Bilim ulgamynyň maksadalaýyk kämilleşdirilmegi Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösmeginiň, jemgyýetiň medeni we ruhy taýdan galkynmagynyň baş şerti bolup durýar. Bu ulgamda geçirilýän özgertmeleriň esasy maksady döwletiň syýasy, ykdysady we medeni esaslaryny pugtalandyrmakdan, Türkmenistany täze belentliklere çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatyny herekete getirmekden ybaratdyr. Munuň üçin ýurdumyzda bilimiň iň täze usulyýetleri, maglumat tehnologiýalaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň bilim syýasaty hem-de hemmetaraplaýyn ösen, gujurly ýaş nesli terbiýelemek boýunça durmuşa geçirýän giň gerimli işleri oňyn netijelerini berýär. Milli we abraýly halkara bäsleşiklerinde baýrakly orunlara eýe bolýan ýaşlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzyň bagtyýar mekdep okuwçylarynyň halkara ders we internet bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, şu ýylyň ilkinji aýlarynda köp sanly medallary gazanmagy başarandyklary hem munuň nobatdaky subutnamasydyr.

Dili bilmek — döwrüň talaby

Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasat ýörelgelerinden gözbaş alyp gaýdan dostluk-doganlyk, parahatçylyk, bagtyýarlyk ýollarynyň dünýäniň çar künjegine uzamagy halklary bir-birine ýakynlaşdyrýar. Türkmenistanyň daşary döwletler bilen dostlukly hyzmatdaşlygy giň gerime eýedir. Dürli halklaryň özara düşünişmegi üçin diliň ähmiýeti uludyr. Güýçli depginde ösýän Türkmenistan döwletimizde iňlis dilini bilmek döwrüň wajyp talaby bolup durýar. Çünki dünýäniň ösen döwletleri bilen giň hyzmatdaşlyklary alyp barýan Watanymyzda kämil tehnologiýalar, kompýuter we internet ulgamlary giňden ornaşdyrylýar. Şeýle tilsimatlardan baş alyp çykmak üçin bolsa, halkara dili bolan iňlis diliniň ähmiýeti uludyr. Lukmançylyk mekdebimiziň talyplary geljekde saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri bolmak bilen, bu ugurdan ylmyň soňky gazananlaryndan, kämil tehnologiýalardan baş çykarmaly bolarlar. Iňlis dili dersiniň «Health» atly gurnagyň höwesjeň agzalarynyň özleri internet arkaly täsin we gyzykly maglumatlary alyp, özaralarynda iňlis dilinde gyzykly söhbetdeşlik geçirýärler, gollanmalardyr referatlary taýýarlaýarlar. Talyplaryň iňlis dilinde taýýarlan çykyşlarydyr nutuklary, internetden alan gyzykly maglumatlary gurnagyň diwar gazetinde öz beýanyny tapýar. Berkarar döwletiň täz

Asylly maksatlardan ugur alyp

Ýaş nesliň sagdyn bedenli, kämil bilimli, çuňňur watansöýüji bolup ýetişmegi ugrunda bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän çäreler täze taryhy eýýamda many-mazmun hem-de çemeleşime taýdan örän netijeli häsiýete eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ugurda ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan döwrüň talabyndan ugur alnyp, giň möçberli, köpugurly işler ýola goýulýar. 2023-2024-nji okuw ýyly mekdep okuwçylary üçin özboluşly häsiýetde dowam edýär. Sebäbi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyllarynyň sepgidindäki okuw döwri üstünliklere, gyzykly wakalara beslenýär. Ýaş nesli bilim dünýäsinde täze sepgitlere ruhlandyrýar. Okuw ýylynyň başynda paýtagtymyzda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda geçirilen Robototehnika boýunça döwlet bäsleşigi häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryndan baş çykarýan we bu ugurda täzeçe pikirlenmäge ukyply okuwçylary ýüze çykardy. Singapurda, Gazagystanda, Malaýziýada bolan robototehnika bäsleşiklerine, festiwallara, dürli ders olimpiadalaryna hem mekdep okuwçylary işjeň gatnaşyp, onlarça medallar bilen ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyna mynasyp goşant goşdular. Ýurdumyzda geçirilen dürli döredijilik

Zehinliler öňe saýlandy

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň guramagynda «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň binasynda ýurdumyzyň 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda informatika dersi boýunça bäsleşik geçirildi. Onuň maksady ýaşlaryň takyk ugurly derslere höwesini artdyrmakdan, programmirleme ukybyny ýüze çykarmaga we ösdürmäge ýardam etmekden ybarat boldy. Iki tapgyrda geçen bäsleşige ýurdumyzyň welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan mekdep okuwçylarynyň 400-den gowragy gatnaşdy. Birinji tapgyr sanly bilim portaly arkaly onlaýn usulynda türkmen we rus dillerinde alnyp baryldy. Şunda gatnaşyjylara degişli 50 sowaldan ybarat test ýumuşlaryny hem-de 5 sany meseläni çözmäge 180 minut wagt berildi. Netijede, Aşgabatdan we welaýatlardan jemi 48 okuwçy ikinji tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandy.

Iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ýurdumyz halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Şu jähetden milli bilim ulgamynyň dünýäniň bilim giňişligine sazlaşykly goşulmagynda dünýä dilleriniň hyzmatyna aýratyn ähmiýet berilýär. 11-nji aprelde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň dil we beýleki ugurly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda iňlis dili boýunça III halkara internet olimpiadasyna (IIOE--2024) badalga berildi. Institutyň resmi internet saýtynda biziň ýurdumyz bilen bir hatarda dünýäniň 41 döwletinden oňa gatnaşyjylar hasaba alyndy. Olaryň hatarynda Russiýa Federasiýasyndan, Hindistan, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Türkiýe, Hytaý Halk Respublikasyndan, Günorta Koreýadan, Belarus, Wengriýa we beýleki döwletlerden talyplar gatnaşýarlar.

Daşary ýurt dillerini öwrenmegiň innowasion ýörelgeleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, kämil bolmaklaryna aýratyn üns berilýär. Bu ugurda daşary ýurt dillerini bilmek, dünýäniň ylmy edebiýatyndan peýdalanmak, döwrebap ylymlary özleşdirmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Munuň üçin bolsa dünýä dillerini öwrenmek zerurlygy aýdyň ýüze çykýar. Aslynda, dil ynsanyň pikirlenişi bilen berk baglanyşyklydyr. Dil ynsan gatnaşyklarynda iň gymmatly ygtybarly serişde bolup durýar. Dil - uly baýlyk, ynsan gatnaşyklarynyň genji-hazynasy. Ýaş nesilleriň dil innowasion tehnologiýalaryň üsti bilen dil öwrenmekleri ähli üstünlikleriň özenidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet Baştutany-myzyň aladalary bilen ýurdumyzyň halkara abraýy belende galýar. Ýurdumyzyň ähli ugurlarynda, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Okuw mekdepleriniň kompýuterler bilen üpjün edilmegi, internet ulgamyna birikdirilmegi üstünliklerden habar berýär. Ylmy-tehnikanyň gazananlary bilen aýakdaş gitmek döwrüň esasy talabydyr. Ýaşlar öňdebaryjy tehnologiýalary özleşdirmek bilen gözýetimlerini giňeldýärler. Häzirki döwürde iňlis dili

Bilim basgançagyndaky şowly ädimler

Ýaşlyk — durmuşyň iň gözel çagy. Bu döwür her bir ynsana ylym-bilimden ýüküni tutmaga, hünär saýlamaga, kämilleşmäge giň mümkinçilikleri açýar. Mekdep ýyllarynda ädimme-ädim menzil aşyp, ylymlar dünýäsinde erkana ganat ýaýýan ýaşlaryň üstünliklerine şaýat bolanyňda, Watanymyzyň geljeginiň nurana boljakdygyna ynamyň has-da artýar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri-de Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň okuwçysy Maral Berdimyradowadyr. Biologiýa dersiniň gyzykly dünýäsi Maraly çagalygyndan özüne çekýär. Öňem ejesiniň göreldesine eýerip, lukman bolmagy ýüreginde beslän Maral gündelik okuw sapaklarynyň ýany bilen biologiýanyň ähli ugurlarynyň çuňluklaryna içgin aralaşyp başlaýar. Çäksiz höwesine, irginsiz yhlasyna, dowamly gözleglerine syny oturan agasy, şol bilim ojagynyň mugallymy Aman Berdimyradow hem onuň ylymlar dünýäsiniň altyn gapysyny açmagynda öz goldawyny gaýgyrmaýar. Aman mugallymyň biologiýanyň täze ylmy taglymatlary, alymlaryň öňdebaryjy dünýä tejribeleri we barlaglary bilen utgaşykly öwredýän taýýarlyk sapaklary Maralyň höwesini has hem artdyrýar. Şeýlelikde nazary bilimleri ele almak bilen birlikde amaly endikleri hem özünde terbiýelemegi başarýan zehinli okuwçy 8-nji synpdan başlap, mekdep okuwçyl

Döwrebap usullar özleşdirilýär

Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ruhy taýdan baý, beden taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň üns berilýän esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçinem milli bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da belent derejelere göterilýär. Durnukly bilim, kämil terbiýe hemmetaraplaýyn ösen şahsyýetleri kemala getirmegiň esasyny düzýär. Bu bolsa bilim işgärlerini ýaş nesliň sazlaşykly ösüşini gazanmaga ýokary jogapkärçilikli çemeleşmäge borçly edýär. Şeýlelikde, her bir mugallym öňde durýan belent wezipä abraý bilen hötde gelmek üçin geljekki nesillerimize ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgeleriniň esasynda bilim-terbiýe bermegiň täze, döwrebap usullaryny yzygiderli özleşdirýär. Munuň özi okuw-terbiýeçilik işinde ýokary netijeleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Bilim — ösüşiň çeşmesi

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ene-atalar bilen deň derejede bize — mugallymlara hem möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa, biziň esasy maksadymyz bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.