Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ylym we bilim biziň üstünliklerimiziň hem-de öňe gitmegimiziň binýatlyk esasy bolup durýar» diýip belleýär. Şu nukdaýnazardan, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» ýurdumyzy ähli ugurlarda ösdürmek, şol sanda bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek we okatmagyň innowasion usullaryny ornaşdyrmak arkaly berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, mekdepleriň okuw-usuly taýdan üpjün edilişini gowulandyrmak bilen bagly hem anyk wezipeler kesgitlenildi.
Ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerinde ene-atalar bilen deň derejede bize — mugallymlara hem möhüm orun degişlidir. Bilim ulgamynda halkymyzyň däp-dessurlary we dünýä tejribesi esasynda okatmagyň innowasion usullary hem-de öňdebaryjy mugallymçylyk tejribeleri yzygiderli ornaşdyrylýar. Munuň özi dünýäde ylymdyr bilimiň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň çalt depginler bilen ösýändigi, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmegiň bolsa, biziň esasy maksadymyz bolup durýandygy bilen berk baglanyşyklydyr.