"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Röwşen geljegiň binýady

Hormatly Prezidentimiz: «Häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde bilim ulgamyna aýratyn orun berilýär. Bilime jemgyýetimiziň öňe gitmeginiň, döwletimiziň mundan beýläk-de ösmeginiň binýady hökmünde garalýar» diýip belleýär hem-de ýurdumyzyň ylym, bilim binýadynyň barha pugtalanmagyna gönükdirilen giň göwrümli işleri alyp barýar. «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuknamalaryň kabul edilmegi hem şonuň bilen şertlenendir. Ýaşlaryň bilim almaga bolan hukuklarynyň we azatlyklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän bu kanunçylyk-hukuk namalarynyň üstünlikli hereket etmegi bilen, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, maksada okgunly, ökde hünärli we zähmetsöýer ýaşlar kemala gelýär. Hormatly Prezidentimiz 12-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň barşynda ylym, bilim we terbiýeçilik ulgamlarynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanandygyny aýratyn belläp geçdi. Ýeri gelende, bilim ulgamyny döwrebap derejede ösdürmegiň çäginde Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ösdürmek bilen baglanyşykly kabul edilen Konsepsiýalaryň ähmiýetiniň uludygyny bellemek gerek.

Asylly käriň ussatlary

Gökdepe etrabyndaky 19-njy çagalar bagynda «Ýylyň terbiýeçisi — 2021» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň nobatdaky tapgyryna etrapdaky çagalar baglaryndan terbiýeçiler gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy, ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, berk bedenli, sagdyn ruhly bolmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýär, eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň döwrebap binalaryny gurdurýar. Bu zatlar çagalar baglarynda zähmet çekýän terbiýeçilere ýaş nesle döwrüň talabyna laýyklykda, ýokary watansöýüjilik ruhunda bilim-terbiýe bermäge, iş tejribelerini has-da kämilleşdirmäge, bilimiň we terbiýäniň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmaga, şeýle-de işlerine döredijilikli çemeleşmäge ruhubelentlik berýär. Bu bolsa, körpelere berilýän bilim-terbiýäniň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hemişe täzeçillige ymtylýan, asylly kärine döredijilikli çemeleşýän şeýle terbiýeçileriň az däldigine nobatdaky bäsleşigiň dowamynda uly buýsanç bilen göz ýetirmek mümkin boldy.

Interaktiw usulyň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen milli bilim ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek, ähli bilim ojaklarynda sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak, olary döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün etmek üçin amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler häzirki wagtda oňyn netijeleri berýär. Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylyp, okatmagyň usullary yzygiderli kämilleşdirilýär. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde ulanylýan döwrebap usullaryň biri-de, sapaklarda interaktiw tagtalaryň we kompýuterleriň ulanylmagydyr. Iňlis dili sapaklaryny interaktiw tagtadan peýdalanmak we topar görnüşinde geçirilýän oýunlary ulanmak arkaly gurnamak sapagyň gyzykly geçmegine, okuwçylaryň sapaga gatnaşygyny ýokarlandyrmaga, olaryň berilýän maglumatlary doly özleşdirmegine, dil öwrenmäge bolan höweslerini has hem artdyrmaga uly ýardam berýär. Meselem, “Adjectives”, ýagny “Sypatlar” diýen temany geçenimizde sapagyň dowamynda Power point programmasynda taýýarlanan slaýdlardan, oýunlardan, audio we wideo serişdelerinden peýdalanmak sapagyň täsirli geçmegine we netijesiniň ýokary bolmagyna oňyn täsir edýär. Öz sapaklarymda slaýdlaryň kömegi bilen okuwçylara s

Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek

Asyrlardan asyrlara geçip gelen ene dilimiz iň bir gadymy dilleriň biri bolup durýar. Türkmen dilimiziň gymmatlyklaryny öwrenmek we geljek nesillere öwretmek, türkmen dili sapaklarynda bu barada okuwçylara düşündirmek esasy maksadymyzdyr. Munuň üçin sapaklarda okuw kitaplaryndan peýdalanmak, sapagy many-mazmunly geçirmek möhümdir. Şunda her bir synpda göz öňünde tutulan temalar yzygider geçirilýär. Okuwçylara sözleýiş medeniýetini öwretmek hem stilistika bilen baglanyşdyrylýar. Dilimiziň stilistik aýratynlyklary okuwçylara giňişleýin düşündirilmelidir we dürli stillerde tekstleri düzmek öwredilmelidir. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde türkmen dilimizi ösdürmek we geljek nesillere mynasyp geçirmek esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Onuň üçin geljek nesillerimize, ýaşlara taryhy kitaplara söýgi döretmegimiz gerek. Çünki taryhy kitaplarymyzda dilimiziň nusgalyk baýlyklary, gadymy sözleri öz beýanyny tapypdyr. Şonuň üçin hem kitap okamak endigini ösdürmek möhüm bolup durýar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan gyzyklanmasy gadymy sözlerimize düşünmeklerine oňat ýardam eder.

Innowasion tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar

Ýurdumyzda ýaş nesliň ösen döwrüň talaplaryna laýyk derejede bilimli, terbiýeli, sagdyn bolmagy, dünýä derejesinde hünärleri ele almagy üçin uly işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» ýörelgelerini berjaý etmekde milli bilim ulgamynyň işgärleriniň öňünde sanly bilimiň häzirki zaman tehniki serişdelerini, maglumat gorlaryny peýdalanmak, bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek, ýokary hilli bilim gorlarynyň we hyzmatlarynyň elýeterliligini üpjün etmek hem-de bilim bermegiň dowamynda sanly bilim serişdelerini, şol sanda elektron okuw kitaplaryny we gollanmalary ulanmak ýaly möhüm wezipeler goýuldy. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda döredilen “Bilim portalynda” professor-mugallymlaryň geçýän sapaklarynyň wideoşekilli ýazgylary, okadýan dersleriniň umumy, amaly we tejribe okuw sapaklary, şeýle-de dersler boýunça test ýumuşlary, peýdalanylýan edebiýatlar ýerleşdirildi. Bu bolsa, bir tarapdan, talyplara geçilýän sapaklary ýeňil özleşdirmäge ýardam berse, ikinji tarapdan, maglumat-telekommunikasiýa tehnologiýalary ösdürmegiň esasynda bilimiň hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, talyplaryň alan nazary bilimlerini tejribede amal e

Kompýuter sowatlylygy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gur­ban­gu­ly Ber­di­mu­ha­me­do­wyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da yl­myň we teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň aň-bi­lim de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na uly üns be­ril­ýär. Ta­lyp ýaş­la­ry­my­zyň bi­lim­li, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, wa­tan­sö­ýü­ji, mak­sa­daok­gun­ly we zäh­met­sö­ýer bo­lup ýe­tiş­mek­le­ri hem-de hä­zir­ki za­man in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan go­wy baş çy­kar­mak­la­ry üçin uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Hä­zir­ki wagt­da döw­rüň ta­la­by ýo­ka­ry bi­lim­li ök­de hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­mak­dan yba­rat. Şah­sy­ýe­tiň giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly bo­lup ös­me­gin­de yl­my iş­ler­den baş çy­kar­ma­gy mö­hüm­dir. Komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy şah­sy­ýe­tiň dü­şün­je­si­niň aý­ra­tyn­lyk­la­ry­ny şert­len­dir­ýär. Bu so­wat­ly­lyk şah­sy­ýet­de ba­şar­jaň­ly­gy, iş­jeň­li­gi, tu­tan­ýer­li­li­gi we giň dün­ýä­ga­raý­şy ke­ma­la ge­tir­ýär. Komp­ýu­ter so­wat­ly­ly­gy­nyň esa­sy mak­sa­dy şah­sy­ýet­de bi­li­mi kä­mil­leş­dir­mek­den, bi­lim­le­riň esas­la­ry­ny öw­ren­mek­den we öw­ret­mek­den

Terbiýeçiler ussatlyklaryny görkezdiler

Balkanabat şäherindäki 29-njy çagalar bagynda körpelere edep-terbiýe bermekde terbiýeçileriň hünär ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi. Oňa gatnaşanlar okuw gollanmalary esasynda taýýarlan görkezme esbaplaryny, usuly-amaly işlerini hödürlediler. Körpeleri mekdebe taýýarlamakda, berk bedenli, sagdyn ruhly, edep-terbiýeli nesilleri kemala getirmekde, olary ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza wepaly adamlar edip ýetişdirmekde okuw-tejribeçilik işleriniň guralyşyny çykyşlaryň üsti bilen beýan etdiler. Netijede, Balkanabat şäherindäki 13-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Ogulnabat Meredowa baş baýraga eýe boldy. 38-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi Gülüstan Çaýtyýewa birinji, 14-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Arzygül Seýitgulyýewa ikinji, 43-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi Gurbanbibi Tekebaýewa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Zehinli ýaşlar — Watanymyzyň daýanjy

Balkanabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdepde welaýat Baş bilim müdirliginiň, TMÝG-niň welaýat, şäher geňeşleriniň bilelikde guramaklarynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan taýýarlanan soraglar boýunça mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşik geçirildi. Oňa şäherdäki mekdepleriň ýokary synp okuwçylary gatnaşdylar. Ösüp gelýän ýaş nesilleriň innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyny gazanmak, olarda Watana, milli mirasymyza, däp-dessurlarymyza bolan söýgini ösdürmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde Balkanabat şäherindäki 13-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gülruh Durdygulyýewa birinji orna mynasyp boldy. 2-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Gurbanbagt Nuryýewa hem-de 22-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Ogultagan Tekäýewa ikinji, 3-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy Mähri Mämmettaganowa, 20-nji orta mekdebiň 10-njy synp okuwçysy Züleýha Hajyýewa, Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň 11-nji synp okuwçysy Aýlar Jumanazarowa üçünji orunlara mynasyp boldular.

Üstünlik hemraňyz bolsun!

Hormatly Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän atalyk aladalary netijesinde jemgyýetimizde has ösen, ýokary düşünjeli, ylymly-bilimli ýaşlar ösüp kemala gelýär. Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigi hem hut şol maksatdan ugur alýar. Ýakynda bolsa bu bäsleşigiň şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň maýor Muhammetmyrat Baýryýewiň müdirlik edýän Soltan Sanjar adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, baýrakly orunlary eýelediler. Bäsleşikde harby okuwçylardan Ýazmyrat Ataýew, Ylham Nursähedow, Yhlas Akmeredow, Mekan Gulmyradow, Agahan Agamyradow, Böri Döwletow, Meýlis Hollyýew, Rahat Abylow, Rahat Gurbangeldiýew dagy baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlary bilen sylaglandylar. Şonuň ýaly hem bäsleşige gatnaşan harby okuwçylardan Abdylla Nurgylyjow, Bähbitgeldi Gurtlyýew, Umyt Orazow, Şatlyk Abdyýew, Arzuw Aşgabadow, Hydyr Nursähedow, Öwezberdi Hojamberdiýew dagy welaýat Baş bilim müdirliginiň Minnetdarlyk hatlaryna mynasyp boldular. Bu bäsleşige harby okuwçylary taýýarlamakda harby mekdebiň okuw bölüminiň başlygy, maýor Annaberdi Ilýasow, mugallymlar Eýýup Allanazarow, O

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Maksat — zehinlini ýüze çykarmak Gülläp ösýän Türkmenistan döwletimizde okuwçy ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle hem okuwçylaryň ukyp--başarnygyny ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler geçirilýär.

Tämizligiň saglyga täsiri

Nesil terbiýesi

Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgelerimize eýerip, ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek wezipesi ene-ata bilen bilelikde bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hem paýyna düşýär. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda milli däp-dessurlarymyza sarpa goýmak endiklerini ösdürmekde toplanan iş tejribelerden we usullardan peýdalanmagyň ähmiýeti uludyr. Parasatly ata-babalarymyz «Salam — edebiň gözbaşy» diýip ýöne ýere aýtmandyr. Salam dost-doganlygyň, düşünişmegiň, birek-birege hormat-sarpa goýmagyň, ylalaşygyň nyşanydyr. Şoňa görä-de, salamlaşmagyň düzgünlerini, manysyny ýaş nesliň aňyna guýmak wajyp meseleleriň biridir.

Eýjejik gyzjagazlaryň şadyýanlygy

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçy gyzlarynyň arasynda geçirilmegi däbe öwrülen «Iň eýjejik gyzjagaz» atly şadyýan bäsleşik şanly ýylymyzda hem uly gyzyklanma eýedir. Munuň şeýledigine bäsleşigiň mekdeplerde geçirilen gözden geçirilişleri aýdyňlygy bilen şaýatlyk etdi. Ak bugdaý etrabynyň çäginde umumybilim berýän mekdepleriň 44-si hereket edýär. Şol mekdepleriň 2 — 4-nji synplarynda okaýan eýjejik gyzlaryň arasyndan sungata, döredijilige höweslilerini saýlap almakda we şadyýan bäsleşige gatnaşmagyny gazanmakda bilim ojaklarynyň ilkinji ýaşlar guramalary mynasyp tagalla etdi. Şeýle tagallalar mekdebara gözden geçirilişleriniň netijeli bolmagyny şertlendirdi.

Okuwçylara milli mirasymyzy öwretmek

Başlangyç synplarda okuwçylara milli mirasymyzy öwretmekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak oňyn netijeleri berýär. Sapakda elektron okuw-usuly serişdelerden peýdalanmak, öwretmek pursadynda ýeňillik döredýär. Elektron serişdeleri ulanmak mugallymyň sapaga taýýarlygyny ýeňilleşdirýär, onuň wagtyny tygşytlaýar. Ondan başga-da, sapagy adaty däl usullarda guramaga mümkinçilik berýär. Sapakda öwredilen maglumatlary berkitmek mugallymdan köp zähmeti talap edýär, sebäbi, birinjiden: başlangyç synp okuwçylarynyň okuw maglumaty kabul edişleri birmeňzeş däl. Ikinjiden, bilimleri we endikleri berkitmek sapaklary köp mukdarda mysal-meseleleri çözdürmegi talap edýär. Üçünjiden, okuwçylaryň özbaşdak işlemekleri üçin mysal-meseleleriň jogaplary we çözülişleriniň nusgalary gerek bolýar. Bu ýagdaýdan netijeli baş alyp çykmak üçin mugallym sapakda öňünden taýýarlanan elektron serişdelerden peýdalanmaly bolýar. Mugallym tarapyndan taýýarlanan elektron serişdeler okuw kitabyndaky mysal ýa-da meseleler bolmaly däldir, olar okuw kitabynyň üstüni dolmalydyr.

Dil bilmek — baýlyk

Dil aragatnaşygyň iň möhüm serişdesidir, dil öwrenmek bolsa baýlykdyr. Dil adamyň sözleýiş medeniýetiniň, onuň içki pikirleriniň asyl nusgasyny kemala getirýär. Ynsan geplemegiň edebini dil üsti bilen ýerine ýetirýär. Türkmen dili gadymy we baý dildir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda utgaşdyrylan sapaklary guramagyň usullary

Mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler, bilimiň mazmunyna bildirilýän talaplar wajyp wezipelerdir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini döwrebaplaşdyrmak, çagalara bilim bermek işine iň öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri we usullary giňden ornaşdyrmak, okatmagyň pedagogik-psihologik ugurlaryny kämilleşdirmek, çaganyň irki ýaşdan başlap beden, akyl we ruhy-ahlak taýdan sazlaşykly ösüşini gazanmak esasy wezipelerdir. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda çagalara bilim-terbiýe bermek işi pedagogik işleriň köpdürlüligi bilen häsiýetlendirilýär. Bu işleriň talabalaýyk alnyp barylmagy üçin pedagogikanyň, psihologiýanyň we okatmagyň usulyýetiniň täze gazananlarynyň esasynda mekdebe çenli bilim we terbiýe bermegiň usulyýetiniň, okuw maksatnamalarynyň we okuw serişdeleriniň üstünde uly işler alnyp barylýar.

Ýaş binagärlerimiziň üstünligi

Watanyň geljegi hem daýanjy

Ata Watanymyzda ýaşlar, olaryň bilimi, terbiýesi, durmuşy bilen baglanyşykly her bir meselä döwlet syýasatynda möhüm ähmiýet berilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň bu ugurda durmuşa geçirýän işleri aýdyň şaýatlyk edýär.   Häzirki wagtda bilim ulgamynyň meselelerine döwlet tarapyndan yzygiderli üns berilmek bilen, giň dünýägaraýyşly, täzeçe pikirlenmegi başarýan, innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» ýaşlara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, şol sanda hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün etmäge, ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, bilim almagy we iş bilen üpjün edilmegi üçin oňaýly şertleri döretmäge, ýaşlaryň intellektual we döredijilik mümkinçiliklerini amala aşyrmaga gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ýaşlar eziz Watanymyzyň güýç-kuwwatyny, mümkinçiliklerini, at-abraýyny we beýik geljegini özünde jemleýär» diýip belläp geçmegi döwletimiziň ýaşlara uly ynam bildirýändigini görkezýär. 

Abadan durmuşyň çyragy

Ylymdyr bilim hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän belent sepgitleriň, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň mizemez binýadydyr. Döwlet syýasatynda bu ulgamlaryň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilmegi hem şunuň bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadag Prezidentimiz bilim ulgamynyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilen ilhalar tutumlaryň kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy munuň nobatdaky subutnamasy boldy. Ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak alnyp barylýan işleriň baş maksadydyr. Kabul edilen Konsepsiýa bu asylly maksada ýetmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän tutumlara täzeçe itergi berer. Okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, mugallymlaryň iş ussatlyklaryny, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, tebigy we takyk ylymlardan baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýelemekde bu resminamanyň ähmiýeti uludyr. Milli bilim

Ylym we bilim — ýaşlar syýasatynyň möhüm ugry

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň her bir ýaş raýatynyň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagy üçin aladalar edilýär. Bu ugurda ýaşlar syýasatynyň ähmiýetine hem ýokary baha berilýär. Şonuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» zehinli we ylmy barlaglar bilen meşgullanýan ýaşlary goldamak we höweslendirmek, ylmy-barlag institutlarynyň düzüminde ýaşlar ylmy gurnaklarynyň we geňeşleriniň, döwlet derejesinde milli ýaşlar ylmy-döredijilik merkezleriniň işiniň gerimini giňeltmek, ýaşlaryň innowasion tehnologiýalaryň, sanly elektron serişdeleriniň we dil sowatlylygynyň esaslaryny çuňňur özleşdirmeklerini gazanmak ýaly wezipeler göz öňünde tutulýar. Ýaşlaryň bilim başarnyklaryny, sagdyn durmuş endiklerini ösdürmek we degişli medeni-guramaçylyk işleri arkaly olaryň zehinlerini açyp görkezmek, saýlap alan hünärine ugrukdyrmak we höweslendirmek bilim edaralarynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan hem, milli bilim ulgamynyň şu günki güne çenli gazananlary we bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär hem usulyýet babatda toplan tejribeleri ýaşlaryň hakyky şahsyýetler hökmünde kemala getirilmegine gönükdirilýär. Bu bolsa, öz