Abadan durmuşyň çyragy

15 Fewral 2021
818

Ylymdyr bilim hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýetilýän belent sepgitleriň, amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň mizemez binýadydyr. Döwlet syýasatynda bu ulgamlaryň işini yzygiderli kämilleşdirmäge aýratyn üns berilmegi hem şunuň bilen berk baglanyşyklydyr. Arkadag Prezidentimiz bilim ulgamynyň işini halkara ülňülerine laýyk getirmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilen ilhalar tutumlaryň kanunçylyk binýadyny yzygiderli pugtalandyrýar. Geçen ýylyň dekabr aýynda hormatly Prezidentimiziň Karary bilen, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň hem-de şu Konsepsiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň tassyklanylmagy munuň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, bilim ulgamyna innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak alnyp barylýan işleriň baş maksadydyr. Kabul edilen Konsepsiýa bu asylly maksada ýetmekde üstünlikli durmuşa geçirilýän tutumlara täzeçe itergi berer. Okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, mugallymlaryň iş ussatlyklaryny, döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmakda, tebigy we takyk ylymlardan baş çykarýan ýaş nesilleri terbiýelemekde bu resminamanyň ähmiýeti uludyr. Milli bilim ulgamynda üstünlikli alnyp barylýan şeýle özgertmeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça amala aşyrylýan tutumly işleriň üstünlige beslenmeginde hem möhüm orny eýeleýär. Şeýle döwletli maksatlaryň sakasynda duran mähriban Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il-ýurt bähbitli tutumlary hemişe rowaç alsyn!

Täjigül ÝAGMYROWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 9-njy orta mekdebiň mugallymy.
Beýleki habarlar