Döwrebap bilimiň kämil ýollary
Ylym-bilim ynsan ömrüniň iň gymmatly hazynasydyr. Bilimi bar adamyň ruhy dünýäsi baýdyr. Alymlardan maslahat sorasaň, olar seni dogry ýola gönükdirer. Durmuşda okamak, bilimli bolmak we öz hünäriň ussady bolmak üçin niçeme ýol hem-de zähmet gerek. Kämil şahsyýet bolup ýetişmek üçin ýurdumyzyň bilim ulgamynda ähli mümkinçilikler bar. Mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlanýan kämil bilim-terbiýe usullary orta mekdeplerde hem dowam etdirilýär. Häzirki wagtda diňe umumybilim berýän mekdeplerde däl, mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem gurnaklar döredildi. Munuň özi körpe nesilleri mekdebe taýýarlamagyň, ilkinji ukyplary açmagyň esasy basgançaklary bolup durýar. Eýýäm dört ýaşly çaga özbaşdak pikirlenip, kagyzlaryň we oýnawaçlaryň üsti bilen şekil döretmegi başarýar. Çaga özüniň düşünjesini orta mekdepde alýan bilimleriniň netijesinde kämilleşdirýär. Her bir ynsan bilim bilen barha kämilleşýär. Her döwre mahsus bolan ylmyň, bilimiň öwreniş usullary, ugurlary bolýar. Ajaýyp döwrümizde her bir raýatyň umumybilim berýän orta mekdeplerde, mekdebe çenli çagalar edaralarynda sowat, bilim, terbiýe öwrenmäge doly mümkinçiligi bar. Bu ýagdaýyň geljekde has hem kämilleşdirilmegi göz öňünde tutulýar. Şol maksat bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinet