Ýaşlar baradaky aladanyň kepili

10 Iýul 2024
344

Ata Watanymyzda ýaşlaryň döredijilikli işlemegi we öz ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda “Bilimli nesil — kuwwatly Watan” ýörelgesi rowaçlanýar. Zehinli, gujur-gaýratly ýaşlara uly ynam bildirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Ýurdumyzyň kuwwatly ösüşi köp babatda çuňňur ylymly-bilimli ýaşlarymyza hem-de olaryň alyp barýan netijeli işlerine baglydyr» diýen sözleri munuň subutnamasydyr. Ylym-bilim ulgamyny ösdürmek, ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek, giň dünýägaraýyşly, häzirki zaman sanly tehnologiýalaryndan ezberlik bilen baş çykarýan ýaşlary ýetişdirmek baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň öz saýlap alan hünärleri boýunça ylmy gözlegleri alyp barmaklary, bilim başarnyklaryny ýüze çykarmaklary üçin giň mümkinçilikler bar. Bizem okuw mekdebimizde hereket edýän ýaş alymlar geňeşiniň agzalary bolup, «Üzüm ýapragynyň ähmiýeti we geljekde kosmetologiýada üzüm ýapragyndan garramaklygyň öňüni almaga täsir edýän antioksidant maddasyny bölüp almak netijesinde antiseptik serişdeleriň we kremleriň düzümine girizmek» boýunça ylmy işiň üstünde işleýäris.

Gülperi SÖÝJANOWA,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby.
Beýleki habarlar