Tomus paslynyň gyzykly güýmenjesi: Siz ýüzüp bilýäňizmi?
Tomus paslynyň dowam edýän günlerinde serginlemek hem-de wagtymyzy has-da şadyýan geçirmek üçin iň gyzykly güýmenjeleriň biri hem ýüzmek bolsa gerek. Deňiz kenarynda, çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde ýörite howuzlar bolup, bu ýerlerde çagalar üçin ýüzmäge mümkinçilikler döredilen. Şeýle hem paýtagtymyzda we welaýatlarymyzda suw-sport desgalary bolup, ol ýerlerde dürli ýaşdaky çagalar üçin niýetlenen howuzlarda isleg bildirýänlere ýüzmegiň düzgünleri öwredilýär. Ýüzmek beden üçin iň peýdaly sport görnüşleriniň biri hasaplanýar. Eýsem, ýüzmegiň nähili peýdalary barka?! Beýleki sport görnüşlerinden tapawutlylykda ýüzmek bedeniň ähli agzalarynyň deň derejede hereket etmegini talap edýär. Suwuň belli bir garşylygy bolup, ony ýeňip geçmek üçin güýç, tizlik, çydamlylyk we çeýelik gerek. Keseligine hereket edilýändigi sebäpli yzygiderli ýüzmegiň boýuň ösmegine hem peýdasynyň bardygy bellenilýär. Ý