Hytaýyň raýatlary 2023-nji ýylda daşary ýurt syýahatlaryna 196,5 milliard dollar sarp edip, ABŞ-dan (150 milliard dollar) öňe geçdi. Bu barada BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň (UN Tourism) hasabatynda tassyklanýar. Şeýle hem ilkinji bäşlige Germaniýa (112 milliard dollar), Beýik Britaniýa (110 milliard dollar) we Fransiýa (49 milliard dollar) girdi. Ilkinji onluga bolsa, Kanadanyň, Italiýanyň, Hindistanyň, Russiýanyň we Günorta Koreýanyň ilaty girdi.
Mundan başga-da, 2023-nji ýylda Fransiýa dünýäniň 100 million syýahatçysyny kabul edip, dünýäniň iň köp barlan ýurdy boldy. Ispaniýa 85 million syýahatçyny, ABŞ 66 million syýahatçysy kabul edip üçünji orny eýeledi. Ondan soň Italiýa (57 million) we Türkiye (55 million) gelýär.