"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Giň dünýäniň geň habarlary

Titan kuby Awstraliýanyň Melburn tehnologiýa uniwersitetiniň hünärmenleri üç ölçegli çap ediji enjamda howa we älem gämileriniň gurluşygynda peýdalanyljak «Titan kuby» diýlip atlandyrylan çylşyrymly materialyň täze görnüşini taýýarladylar. Onuň gözenek-gözenek gurluşy materiala düşýän basyşyň we agramyň derejesini peseltmekde ähmiýetlidir. Bu tehnologiýany häzirki wagtda lukmançylykda emeli süňk düzüm bölekleriniň önümçiliginde hem peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Hemmämiziň borjumyz

Biziň ählimiz ýurdumyzyň gözel tebigatynda özüňi dogry alyp barmagyň kadalaryny anyk bilmelidiris we olary birin-birin ýerine ýetirmegi endik etmelidiris. Şu wajyp wezipelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy maslahatlary bilen ildeşlerimize ýüzlenip, şulary ýatladýar. Tebigatymyzyň gözel ýerlerinde, tokaý seýilgählerinde, öri we sähra meýdanlarynda açyk ot ýakmak, çilim çekmek, söndürilmedik otluçöpi taşlamak, uçgun berijileri ulanmak, çüýşe gaplaryny, aýna böleklerini we zir-zibilleri taşlap gitmek gadagandyr. Şeýle hem, çagalary gözegçiliksiz galdyryp, ot oýnamaklaryna ýol bermegiň, awtoulaglary ot-çöpli meýdanlara salmagyň, awtoulaglara tehniki hyzmatlary geçirmegiň ýangynyň döremegine getirýändigini unutmaň! Hormatly ildeşler! Ýangyny gören ýa-da duýan wagtyňyz, howsala düşmän, öýjükli ykjam el telefonyňyzdan 001 belgä jaň edip, habar bermegi ýatdan çykarmaň! Biziň hemmämiz Watanymyzyň gözel we baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris.

Geçmişimizi sarpalap

Ýaňy-ýakynda podpolkownik Agamyrat Akmyradowyň serkerdelik edýän serhet birikmesiniň esgerleri bilen Nusaý taryhy ýadygärlikler toplumyna gezelenç guraldy. Mertlik, watansöýüjilik, geçmişimize beýik söýgi döretmekde uly ähmiýeti bolan gezelenjiň dowamynda bu ýeriň geçmişde beýik medeniýetiň ojagy bolandygy hakynda söhbet edildi. Öz döwründe dürli aýratynlyklary bilen tapawutlanan bu künjegiň alymlaryň ünsüni henizem özüne çekip gelýändigi hakynda aýdyldy we ýadygärlik bilen baglanyşykly gyzykly sowal-jogaplar alşyldy. Didar KUWATOW, maýor.

Bagtyýar çagalygyň mekany

Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, olaryň berk bedenli, ösen aň-düşünjeli ýaşlar bolup ýetişmegi baradaky talaplaryny durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň ýol hereketiniň howpsuzlyk kadalary baradaky bilimlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi müdirliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Orta bilim we terbiýeçilik işi bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap geňeşiniň işgärleri bilen bilelikde ýörite düzülen meýilnama laýyklykda, Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli bolan Gökderedäki «Altyn ýyldyz» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde ady agzalan dynç alyş merkeziniň, şeýle-de «Demirýolçy», «Şöhle», «Çeşme» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň çagalarynyň arasynda dürli oýunlar bilen utgaşyklylykda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bäşleşik geçirildi. Bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, birinji tapgyrda Türkmenistanyň Ýol hereketiniň kadalarynda bellenilen ýagdaýlar boýunça sowal-jogap alyşmak, ikinji tapgyrda bolsa, welosipedli päsgelçiliklerden geçmek boýunça özara ýaryşdylar. Çekeleşikli we gyzykly geç

Ýaşlar syýasatynyň gadamlary

Tutumly işleriň bady artýar Ajap eýýamymyzda ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde uly işler bitirilýär. Şu syýasatyň çäklerinde türkmen ýaşlaryna bilim-terbiýe bermekde, hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerinde giň mümkinçilikler döredilýär. Abadan geljegimiziň eýeleri boljak türkmen ýaşlary hakda alada üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da giň gerime eýe bolýar. Şunda türkmen ýaşlaryna Garaşsyz, Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen giň möçberli wezipeleriň durmuşa geçirilmeginde uly ynam bildirilýär.

Halkara ylmy maslahat

Geljegiň energiýasy — täze maksatlar Ata Watanymyzda peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda energetika pudagynyň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalar edilýär. Muňa ýakynda welaýat kitaphanasynda geçirilen “Gaýtadan dikeldilýän energiýa geçiş — geljegiň energiýasy” atly halkara ylmy maslahat doly şaýatlyk edýär.

Sarpasy belent şahyr

Eziz Watanymyzyň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda gözel Diýarymyz gülleýär, gül açýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim — paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna aýratyn sarpa goýulýar. Şahyryň ölmez-ýitmez eserlerini halkymyz dilden-dile, nesilden-nesle geçirip gelipdir. Gahryman Arkadagymzyň şahyry hormatlap döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusy akyldara goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanydyr.

Asudalygyň goragynda

Berk talap bildirilýär “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýän günlerinde türkmen halky abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Demokratik, hukuk we dünýewi döwletimizde adam hakyndaky alada raýatlaryň kanuny hukuklarydyr azatlyklarynyň ygtybarly goralmagy bilen sazlaşykly utgaşýar.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Yhlas üstünlige ýetirýär Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň wezipelerini üstünlikli amal etmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär. Bu tagallalaryň maksady bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizi syýasy, ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmäge gönükdirilendir. Döwlet Baştutanymyzyň döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna daýanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty umumadamzat bähbitli beýik başlangyçlarda üstünliklere beslenýär. Döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar.

Syr saklaýan mähekdaş...

Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň köp öwüşginli döredijiliginde syr, syr saklamak, syrdaş bolmak bilen baglanyşykly goşgular hem az däl. Olar bilen tanyş bolanyňda, şahyryň syr saklaýan adamlara uly sarpa goýandygyna göz ýetirýärsiň. Eýsem, syr nämekä?! Syr — bu başgalardan gizlin saklanýan pikirdir, ýaşyryn zatdyr. Syrdaş — biri beýlekisine syryny aýdýan, syr alyp, syr berişýän ýürekdeş adamlardyr. Syry bolsa hakyky ýürekdeş dost saklap bilýändir. Şonuň üçin-de halkymyzda syr saklap bilýän adam dostluga mynasyp hasap edilýär. Onuň tersine syr saklaman, ony paş edip ýören adam türkmençilikde halanmaýar. Dana şahyr namart, akmak adamlar bilen syrdaş, ýoldaş bolmagy maslahat bermeýär.

Täze kitap

Magtymguly, sözüň bilene sözdür... Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikler bilen bir hatarda ata-babalarymyzdan miras galan medeni-ruhy gymmatlyklarymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge, geljekki nesillere ýetirmäge we dünýä ýaýmaga aýratyn uly ähmiýet berilýär.

Şadyýan tomus — 2024

Gyzgalaňly dowam edýär Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki, bu pasylda mekdep okuwçylary okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Her bir mekdep okuwçysy öz boş wagtyny dürli-dürli dynç alyş ýerlerde geçirýär. Biri oba gezelenje gitse, beýlekisi öýde ene-atasyna kömek edýär, öz söýgüli güýmenjeleri bilen meşgullanýar. Käbir çaga tomusky dynç alşyny ýurdumyzdaky dynç alyş merkezlerinde geçirýär.

Gözel Awaza. Sapaly kenar. Bagtly çagalyk

Bagtyýar nesiller tomusky dynça alyş möwsümini eziz Diýarymyzyň gözel künjeklerinde, Köpetdagyň ajaýyp jülgesinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde şatlyk-şowhunda, ýokary ruhubelentlikde geçirýärler. Munuň özi çagalaryň bagtyýarlygy üçin ýurdumyzda ägirt uly aladalaryň edilýändigini görkezýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Ýaş nesillerimiziň sagdyn, bagtyýar ösüp ulalmaklary, watançy, päk ahlakly, merdana we halal adamlar bolup ýetişmekleri biziň esasy maksatlarymyzyň biridir, ýurdumyzyň durnukly ösüşiniň möhüm şertidir» diýip, aýratyn buýsanç bilen nygtaýar. Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna ýurdumyzyň çar künjünden gelip, dynç alýan çagalaryň bagtyýarlygyny göreniňde, egsilmez şatlygyny synlanyňda, ýurdumyzyň ynsanperwer döwlet syýasatynda naýbaşy orunda goýulýan şeýle asylly maksadyň rowaçlyklara beslenýändigine şaýat bolýarsyň.

Nesil terbiýesinde gymmatly hazyna

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Halkymyz nesil terbiýesi meselesinde türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny ýörelge hem-de görelde mekdebine öwürdi. Şahyryň edebi mirasy gymmatly çeşme bolup, döwletiň binýadyny berkitmekde, jemgyýeti kämilleşdirmekde mynasyp orna eýe bolýar.

Owazasy dünýä dolan

Türkmen nusgawy edebiýatynyň parlak ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň dünýä dolandygyna «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bolup geçýän şanly wakalaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň günorta böleginde akyldar şahyryň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy hem munuň buýsançly subutnamasy boldy. Häzirki wagtda bu ajaýyp medeni-seýilgäh toplumy şatlyk-şowhunly çäreleriň geçirilýän, paýtagtlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň höwes bilen gezelenç edýän, dynç alýan söýgüli ýerine öwrüldi. Türkmen halky döredijiliginde watansöýüjilik meselesine uly orun beren, eziz Watany söýmegi, goramagy we onuň hyzmatynda durmagy, Watanyň ykbalyny öz ykbalyň saýmagy öwüt-ündew eden, bu babatda nusgalyk görelde görkezen beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny uly dabara bilen belleýär. Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň hasyl bolan zamanasynda, toýlaryň toýlara ulaşýan döwründe ýaşaýandygymyza bolsa buýsanjymyz egsilmezdir.

Keşbi tebigata siňen Pyragy

Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýän ýylynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy, paýtagtymyzyň günorta böleginde söz ussadynyň ýadygärliginiň hem-de «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy, «Magtymguly» atly kitabyň — beýik şahyryň saýlanan eserleriniň ýygyndysynyň türkmen, rus, iňlis dillerinde neşir edilmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe taryha zer harplar bilen ýazylan şanly wakalardyr. Magtymguly öz ýurduny, halkyny ýürekden söýen, bütin ömrüni Watana, halka bagyşlan beýik ynsandyr. Şol esasdan, tebigatymyza hem onuň keşbiniň siňmegini şol söýgüden, beýiklikden gözbaş alýan ajaýyplyk diýip häsiýetlendiresim gelýär.

Nirededigiňi bilmeli

(Tymsal) Segsen ýaşy arka atan bir gojanyň tanyş-bilşi juda köpmüşin. Garranlygyna garamazdan, ol kim myhmançylyga çagyrsa, göwnüni ýykmajak bolup gider eken. Käwagt on ýere dagy barmaly bolaýýan eken. Biriniňkide myhmançylykda otyrka, ondan ýene näçe ýere barmalydygyny sorapdyrlar. Ol elindäki bellikli kagyzyndan gözüni aýyrman oturyşyna:

Dünýäniň dilleri ýa-da diller dünýäsi

Ýer ýüzünde häzirki wagtda 7 müň töweregi dil bolup, dünýäniň ilatynyň ýarysyndan gowragy birden köp dili bilýär.*  *  *Miladydan öňki 3500-nji ýyllara degişli bolan şumer dili iň gadymy ýazuw dilidir, ondan soňra müsür we hytaý dilleri gelýär.*  *  *Papua-Täze Gwineýada 841 dil bolup, olaryň käbirine az sanly adam düşünýär.*  *  *Häzirki wagtda ilat sany boýunça dünýäde birinji orna geçen Hindistanda 800-den gowrak dilde gürleşilýär. *  *  *Arap dili 22 ýurduň resmi dili bolup durýar.*  *  *Sözlük goruna iň baý dil iňlis dilidir. 750 müňden gowrak sözden ybarat bolan bu diliň sözlük goruna her ýylda täze sözleriň hem birgideni goşulýar.*  *  *Iň köp öwrenilýän dil iňlis dili bolup, dünýäniň ilatynyň köpüsi ony ikinji dili hasaplaýar.*  *  *Ylmy we beýleki maglumatlaryň köpdügi sebäpli, iňlis we fransuz dilleri internetde ulanylýan iň meşhur dillerdir. Ylmy maglumatlaryň 80 göterimi iňlis dilinde elýeterlidir.*  *  *Lukmanlaryň geçiren barlaglarynyň netijelerine görä, birnäçe dili bilmek beýnini ýaş saklaýar we zehini ýiteldýär.

Dumly-duşdan dürli-dümen

Aždarha gaýyklarynyň ýaryşy Hytaý dürli şüweleňleriň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar. Bu ýerde geçirilýän aždarha gaýyklarynyň festiwaly şolaryň biridir. Bu festiwal öz gözbaşyny 2000 ýyl mundan ozal alyp gaýdýar. Ol Hytaýyň liriki şahyry Sýuý Ýuana bagyşlanandyr. Tomsuň başynda derýalarda aýratyn bezelen, öň tarapynda aždarhanyň şekili bolan gaýyklarda ýaryşlar guralýar. Depregiň batly sesi bilen festiwala badalga berilýär. Deprek sesi ýaman ruhlary kowýarmyş. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Derýalaryň kenary boýunça milli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär, dürli tagamlar taýýarlanyp, hödür edilýär. Bu çärä gatnaşýanlar biri-biriniň üstüne suw sepýärler, suwa tüwi dänelerini atýarlar. Ýeňiji bolan topar adamlara ýokary hasyl we bagtly durmuş getirýärmiş diýlip yrym edilýär.

“Ýaşyl ýaýlanyň” şowhuny

Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezinde welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalaryň 300-si dynç alyp, saglygyny berkidýär. Olaryň arasynda guralýan çäreler çagalaryň wagtlarynyň has-da täsirli, manyly we netijeli geçmegine şert döredýär. Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Kaka, Tejen, Sarahs etrap Geňeşleriniň bilelikdäki meýilnamasy esasynda merkezde guralan nobatdaky medeni-köpçülik çäresi diýseň gyzykly hem-de ýatda galyjy boldy. Çagalar el hünärine degişli işleri ýerine ýetirmekde, dag ösümliklerinden şekilleri ýasamakda, surat çekmekde ukybyny görkezdiler.