Dumly-duşdan dürli-dümen

10 Iýul 2024
197

Aždarha gaýyklarynyň ýaryşy

Hytaý dürli şüweleňleriň geçirilýän ýeri hökmünde tanalýar. Bu ýerde geçirilýän aždarha gaýyklarynyň festiwaly şolaryň biridir. Bu festiwal öz gözbaşyny 2000 ýyl mundan ozal alyp gaýdýar. Ol Hytaýyň liriki şahyry Sýuý Ýuana bagyşlanandyr. Tomsuň başynda derýalarda aýratyn bezelen, öň tarapynda aždarhanyň şekili bolan gaýyklarda ýaryşlar guralýar. Depregiň batly sesi bilen festiwala badalga berilýär. Deprek sesi ýaman ruhlary kowýarmyş. Festiwal munuň bilen çäklenmeýär. Derýalaryň kenary boýunça milli däp-dessurlar ýerine ýetirilýär, dürli tagamlar taýýarlanyp, hödür edilýär. Bu çärä gatnaşýanlar biri-biriniň üstüne suw sepýärler, suwa tüwi dänelerini atýarlar. Ýeňiji bolan topar adamlara ýokary hasyl we bagtly durmuş getirýärmiş diýlip yrym edilýär.

Beýleki habarlar