"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

“01” gullugynda

Howpsuz dynç alyş gazanylmalydyr Habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň Mary şäher ÝHB-niň DÝGB-niň müdiri, içerki gullugyň maýory Döwlet GULMAÝEW bilen duşuşyp, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi.

Bileniň — baýlygyň

Marian çöketligi Ýuwaş ummanyň Mikroneziýa adalar toplumynda, Marian çöketligi ýerleşýär. Magellan bu ýere «Latyn ýelkenleriniň adalary” diýip at dakýar. Ýerli ilatyň arasynda bu ýere «Ladrones” («ogrular adasy”) diýilýär. 1668-nji ýylda ol ýer Ispaniýanyň koroly Filipp IV-niň aýaly Mariýanyň ady dakylýar. Bu çöketlik Marian wulkaniki adalary bilen bilelikde 1,5 müň kilometre uzalyp gidýär. Bu çöketligiň düýbündäki basyş ýokarky gatlak bilen deňeşdireniňde, 1100 esse ýokarydyr. Umman çöketliginiň bu ýerine elmydama garaňky, janly jandar üçin ýaşamaga ýaramsyz bolandygy üçin «Düýpsiz Çellenjer” çöketligi hem diýilýär. Bu çöketlik Guam adalaryndan günorta-günbatarda ýerleşýär. Onuň ýerleşiş koordinatasy demirgazyk giňişligiň 11, 22°-da, gündogar uzaklygyň 142, 35°-da ýerleşýär.

Ýokary netijeler gazanylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Sylap Kulyýewe degişli bolan «Paýhasly ösüş» hususy kärhanasynda ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama işlerinde zerur bolan gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Kerki etrabynyň Kerki şäherinde ýerleşýän «Paýhasly ösüş» kärhanasynda şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda beton örtgüsiniň 4,5 müň inedördül metri, ýol haýatlarynyň 270 inedördül metri, beton germewleriniň 460-dan gowragy, beton sütünleriniň bolsa 120-ä golaýy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Bu zerur önümlere isleg barha artýar. Şol sebäpli hususy kärhanada işleriň gerimi-de giňelýär.

Döwletli işlere badalga

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirdik. Oňa partiýanyň welaýat, Türkmenabat şäher, Çärjew we Saýat etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar. «Anyk maksatlar, möhüm wezipeler» atly bu maslahatda edilen çykyşlarda döwletimizi ösdürmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini berkitmekde, halk bilen häkimiýetiň jebisligini gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy. Şeýle hem bu ählihalk forumyna taýýarlygyň çäklerinde köpugurly işleriň alnyp barylmagy, jemgyýetiň her bir wekiliniň erk-isleginiň, raýatlaryň teklipleriniň diňlenilmegi bolsa ýurdumyzda milli demokratiýanyň günsaýyn dabaralanýandygyny äşgär edýär. Ildeşlerimiz ata-babalarymyzyň milli döwletlilik ýörelgelerini dowam etdirmekde, ýurdumyzyň syýasy jemgyýetçilik durmuşy bilen baglanyşykly döwletli çözgütleri kabul etmekde Türkmenistanyň Halk Maslahaty tarapyndan giň möçberli işleriň durmuşa geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Ýokary ruhubelentlik bilen

Şöhratly pederlerimiziň asylly ýörelgelerine eýerilip, Diýarymyzda islendik bir döwletli işiň başy tutulanda il-halk bilen geňeşilip, maslahat edilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda Kararyň kabul edilmegi-de döwletimizde halk häkimiýetini amala aşyrmak işleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň ýene bir subutnamasy boldy. Biz hem hormatly Prezidentimiziň bu umumymilli foruma ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça beren tabşyryklaryndan ugur alyp, ýerli wekilçilikli edaralaryň wekilleri bilen raýatlar toparlarynyň arasynda duşuşyklary yzygiderli geçirýäris. Bu ähmiýetli duşuşyklarda edilýän çykyşlarda ýurdumyzda döwlet ähmiýetli meseleleri çözmekde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, täze sepgitlere ýetmekde, halk bilen döwletiň sazlaşykly işini dowam etdirmekde Halk Maslahatynyň giň gerimli işleri alyp barýandygy uly buýsanç bilen nygtalýar. Asylly däpleriň, döwletli ýörelgeleriň dowamat-dowam bolýan döwründe geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini özgertmek, ýurdumyzy ösdürmek, raýat jemgyýetini berkarar etmek ugrunda döwletli çözgütleriň kabul ediljekdigine uly ynam bildirýäris.

Wagyz-ündew işleri geçirilýär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesli milli mirasymyza hormat goýmak, Watana wepalylyk ruhunda terbiýelemek boýunça öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen dürli mazmunly wagyz-nesihat çärelerini yzygiderli geçirýäris. Şu günler Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Halaç etrap geňeşi bilen bilelikde etrabymyzdaky edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlaryň arasynda «Milli terbiýe — asylly ýörelge» diýen at bilen guralýan maslahatlar hem bu ugurda öňde goýlan maksatlara ýetmekde aýratyn ähmiýete eýedir. Duşuşyklarda merdana ata-babalarymyzyň jemgyýetde asylly, ahlakly, edep-terbiýeli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekdäki ýol-ýörelgeleriniň ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edilýär. Çykyşlarda ýaşlar baradaky döwlet syýasatyndan ugur alnyp, ýaşlaryň şahsy başlangyçlaryny durmuşa ornaşdyrmak, olary täze gözleglere ruhlandyrmak, ylymly-bilimli nesilleriň kemala gelmegini gazanmak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda aýratyn nygtalýar. Zähmetkeş ýaşlar özleriniň bagtyýar şu gününi we röwşen ertirlerini berkarar etmekde giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarlar.

Sebitde işler ileri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine gönükdirilen işlere welaýatymyzyň ýaşlary uly goşant goşýarlar. Ýaşlaryň bu işlere goşantlaryny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ilkinji guramalarda geçirilýän maslahatlarda täze wezipeler goýulýar. Maslahatlarda döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmäge gönükdirilen guwandyryjy işleri we ýurdumyzyň gazanýan ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Sebitde gurlan we gurulýan desgalarda ýaşlaryň zähmet paýy uludyr. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hem aglabasy ýaşlardyr. Bu ýerde kuwwatly inženerçilik-kommunikasiýa, ulag infrastrukturasy döredildi, täze desgalaryň onlarçasy guruldy. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry hem işe girizildi. Kärhanada ýaşlaryň müňlerçesi zähmet çekýär. Sebitde oba hojalygy üçin gerekli dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlylyklaryň artdyrylmagy, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan çig mallar hem özleşdirilýär. Ýaşlar geljekde sebitiň uly senagat merkezleriniň birine öwrülmegi üçin öňde goýlan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna

Berjaý edilmeli düzgünler

Şu günler howanyň aşa gyzmagy bilen baglylykda welaýat polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölümi, mähriban ildeşler, size gündelik durmuşda gerek bolan elektrik enjamlaryny talabalaýyk gurnamaga, ulanmaga we ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini dürs berjaý etmäge çagyryp, aşakdakylary ýatladýar! Elektrik enjamlaryny gurnamak işi diňe şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan amala aşyrylyp, enjamlaryň iş ýagdaýlaryna yzygiderli gözegçilik etmeli. Elektrik sarp edijiligi ýokary bolan elektrik enjamlar gurnalanda, elektrik tok ulgamy aýratynlykda geçirilip, elektrik tok geçirijiniň ugrunda goraýjy oturtmaly. Enjamlaryň birikdirijileriniň elektrik togunyň garşylyklaýyn geçip gyzmaklygynyň öňüni almak üçin olaryň berk gysylyp durmagyny üpjün etmeli. Elektrik geçirijileriniň sütünleri berkidilende, ýönekeý usulda sarap goýmak, enjamlaryň goraýjylaryny näsaz ýagdaýda ýa-da olara bölek sim sarap ulanmak, elektrik geçirijileriniň daşky örtükleriniň zaýalanan görnüşini ulanmak, elektrik setini çendenaşa artyk işletmek ýa-da iş ýagdaýynda gözegçiliksiz galdyrmak talabalaýyk däldir.

Halk Maslahaty — döwletliligiň şuglasy

Tejen etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tejen etrap komitetiniň hem-de beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Tejen şäherindäki Medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynyň zähmetkeşleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleriniň gatnaşmagynda “Döwlet bilen halkyň jebisligi agzybirligiň we döwletliligiň berk binýadydyr!” şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda paýtagtymyzda ýokary derejede geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek, onuň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegine ýardam bermek we syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine düşündirmek maksady bilen guralan duşuşykda çykyşlara giň orun berildi. Duşuşykda Halk Maslahatynyň syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we parahatsöýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylyşy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ösüşleri barada durlup geçildi. Oňa gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

“Sanly şäher” mobil goşundysy tapgyrlaýyn işe girizilýär

Aşgabat şäher häkimligi tarapyndan jemagat hyzmatlaryny ýerine ýetirýän edara-kärhanalar üçin “Merkezi elektron ulgam” taslamasy işlenip taýýarlanyldy we tapgyrlaýyn birnäçe programmalar işe girizildi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gözegçilik edýän düzümleriniň işine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler baradaky hasabatynda bellenilip geçildi.

Saglygym bar — baýlygym bar

Agzybirligiň, dost-doganlygyň gülläp ösýän döwründe, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan döwletimiz bedew bady ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda her ýyla mynasyp at goýmak indi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan şöhratly ýylymyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly senelere beslenýär. Bu ýylymyzda söz bagynyň bagbany hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň bellenmegi bolsa biziň buýsançly başymyzy göge direýär. Ine, şu gün TMAK-nyň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmendemirýollary» agentliginiň ilkinji zenanlar guramasy hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Demirýolçularynyň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşi bilen bilelikde, şeýle-de TSG we DS ministrliginiň we TGÝ-a Milli jemgyýetiniň işgärleri bilen bilelikde «Inçekeseliň öňüni almak we Gender deňligi» boýunça Demir ýol pudagynda zähmet çekýän gyz-gelinleriň arasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Adam hukuklarynyň goraglylygy: kämil raýat jemgyýetini gurmagyň ýolunda

Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dünýä jemgyýetçiliginiň adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak boýunça tagallalaryna ygrarlydygyny iş ýüzünde subut edip gelýär. Bitarap döwletimiz BMG-niň birnäçe möhüm konwensiýalaryna goşulmak bilen, bütin dünýäde halkara borçnamalaryna ygrarly we olary gyşarnyksyz ýerine ýetirýän ýurt hökmünde tanalýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda döredilen, adam hukuklary boýunça garaşsyz edara bolup durýan Adalatçynyň diwany hem ýurdumyzda adam hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmekde yzygiderli işleri alyp barýar. Adam hukuklarynyň ählumumy Jarnamasynyň ýörelgeleri bütin dünýäde adam hukuklaryny üpjün etmek, goramak we ilerletmek üçin esas bolup çykyş edýär. Ýurdumyz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden bu resminama ygrarlydygyny subut etmek bilen, onuň kadalarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatda giň gerimli işleri amala aşyrýar. Türkmenistan döwlet syýasatynda adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine ýurtda ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen demokratik özgertmeleriň esasy görkezijisi hökmünde garaýar.

Asylly maksatlara eýerip

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde geçiriljek Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň il agzybirliginiň, türkmen döwletliliginiň ýene bir aýdyň mysaly boljakdygyny bellemek gerek. Munuň özi halkymyzyň «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz» diýen paýhasly ýörelgä ygrarlydygynyň nobatdaky güwäsi bolar. Şeýle asylly ýörelgeler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ynsanperwer döwlet syýasatynyň mizemez binýadyny düzýär. Il agzybirligi, döwlet berkararlygy baradaky düşünjeler Gündogaryň beýik söz ussady, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň içinden hem eriş-argaç bolup geçýär. Agzybirligi, jebisligi mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, ony asyrlaryň kämillik mekdebinde sünnäläp gelýän merdana halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir döwletli başlangyjyny, ählumumy bähbitleri nazarlaýan taryhy tutumlaryny, uzak geljege gönükdirilen özgertmelerini tüýs ýürekden goldaýar. Döwletli tutumlaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Halk Maslahatynyň giňden taýýarlyk görülýän nobatdaky mejlisi hem her bir tutumyň rowaçlygynda taýsyz güýç hasaplanýan şeýle işjeňligi

Hünärli nesil — halkyň buýsanjy

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýaşlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak, okuwa innowasion çemeleşmeleri, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, bilim-terbiýeçilik ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda ähli zerur şertler döredilýär. Bu giň gerimli işler Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde hem oňyn netijelerini berýär. Halkymyzyň abadan, bagtyýar ýaşaýşy baradaky alada ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Döwletimiz bu asylly maksada ýetmek üçin serişde gaýgyrmaýar. Býujetiň 75 göterimden gowrak bölegi durmuş ulgamyna, şol sanda bilime we ylma gönükdirilýär. Munuň özi geljekki nesliň sagdyn, sowatly bolmagy üçin möhümdir. Türkmenistanyň gülläp ösmegine gönükdirilen maksatnamalaryň, durmuş-ykdysady, medeni-bilim, jemgyýetçilik-syýasy özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda ýaşlar esasy daýanç bolup durýar. Biziň beýik geljegimiz, berkararlygymyz we bagtyýarlygymyz, ähli üstünliklerimiz ýaşlaryň edep-terbiýesinde, ösen aň-düşünjesinde, ylym-biliminde, döredijilikli zähmetinde, Watanymyza, halkymyza bolan söýgüsinde hem-de milli buýsanjynda jemlenendir.

ÝUNISEF-niň «Ýaşlykdaky» gyzykly çäresi

Indi birnäçe ýyl bäri BMG-niň Çagalar gaznasy Türkmenistanyň Bilim ministrligi we beýleki döwlet düzümleri bilen ýurdumyzda çagalaryň öz hukuklary barada habarlylygyny artdyrmak babatda bilelikdäki başlangyjy üstünlikli durmuşa geçirýär. Öňňin Gökderedäki «Ýaşlyk» çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde guralan ýörite çäre hem şadyýan oýunlardyr interaktiw okuwlar arkaly Diýarymyzyň çar künjeginden gelen çagalary bir ýere jemledi. Çäräniň maksatnamasy BMG-niň Çaganyň hukuklary hakynda Konwensiýasyna laýyklykda, ýaş nesilleriň öz hukuklary barada düşünjeliligini artdyrmaga gönükdirilen bilim beriş maksatly oýunlary, ýaryşlarydyr interaktiw tanyşdyrylyşlary öz içine aldy. Oňa gatnaşyjylar çaganyň hukuklary we howanyň üýtgemegi ýaly meselelerden söz açýan wideoşekillere tomaşa edip, öz aralarynda bäsleşdiler, toparlara bölünip ýokarda agzalan Konwensiýada ileri tutulýan ugurlara bagyşlanan oýunlary oýnadylar. Bilim beriş maksatly okuwlaryň Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri tarapyndan alnyp barylmagy olaryň ruhubelentlikde, şadyýan gurşawda geçmegine ýardam etdi. Çagalara ÝUNISEF-niň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin ýurt boýunça täze Maksatnamasy hakynda öz pikirlerini paýlaşmaga mümkinçilik döredilmegi has-da täsirli boldy.

Döwletli tutumlaryň gözbaşy

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipelerden ugur alnyp, şu günler welaýatymyzyň ähli ýerinde wagyz-nesihat maslahatlary, düşündiriş işleri geçirilýär. Welaýat, etrap halk maslahatlarydyr jemgyýetçilik guramalary tarapyndan guralýan şeýle maslahatlar işjeňlige eýe bolýar. ÄNEW. Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýat halk maslahatynyň hem-de Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Änew şäherindäki Medeniýet öýünde geçirilen maslahat täsirli boldy. Onda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň «Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda» Kararyndan gelip çykýan wezipeleriň üstünde aýratyn durlup geçildi, Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti barada gürrüň edildi.

Bagtyýarlygyň goýnunda

Şu günler Gökderedäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde körpeleriň gülki sesleri has şadyýan eşidilýär. Çünki olar özleri üçin niýetlenen merkezlerde göwnejaý dynç alyp, bagtyýar çagalygyň hözirini görýärler. Şeýle dynç almak üçin ähli şertler döredilen dynç alyş we sagaldyş merkezleriniň biri hem gözel Gökderäniň gujagynda ýerleşýän, Ahal welaýat häkimliginiň «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezidir. Merkezde bagtyýar çagalaryň ýüzlerçesi wagtyny şadyýanlykda geçirýär. Bu ýerde dynç alýan bagtyýar körpeleriň wagtlaryny juda gyzykly geçirmekleri üçin ähli zerur şertler bar. Şeýle-de sungata höwesli çagalar üçin aýdym aýtmak, saz çalmak, surat çekmek we el işleri bilen meşgullanmak üçin ýörite gurnaklaryň hereket edýändigini bellemek gerek. Dynç alýan çagalar merkeziň kitaphanasynda özleri üçin niýetlenen kitaplarydyr beýleki neşirleri okap, bilimini artdyrýarlar. Biz merkezde alyp barýan işleri bilen gyzyklanyp, «Bagtyýar nesiller» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkeziniň başlygy Jemal BERDIÝEWA bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol şeýle gürrüň berdi: — Biziň dynç alyş we sagaldyş merkezimizde çagalaryň birbada 300-siniň dynç almaga mümkinçiligi bar. Merkezimizde häzirki wagtda möwsümiň 3-nji tapgyry dowa

Edep endige öwrülsin

Adam ýaşap ýörse köp zatlary endik edinýär. Mysal üçin, ir bilen oýanyp ak säheri synlamagy, nurly Güni ýüze sylyp, il-günüňe, öý-ojagyňa, maşgalaňa ýagşy dilegler etmegi, her gün säher bilen işe çykyp gitmegi. Edil şonuň ýaly hem, ýürekdeş adamlaryň, joralaryňdyr dostlaryň, doganlaryň özlerini görmeseň-de, jaňlaşyp seslerini eşidip durmagy adaty endige öwürýän ekeniň. Adama garyndaş, dogan, ýanýoldaş, perzent ykbal tarapyndan serpaý berilýän bolsa, göwündeşi, pikirdeşi, ýürekdeşi durmuşdan özümiz seçip-saýlap alýarys. Has takygy, ýürekdeşlerimizi ykbal ýodalarymyzdan özümiz gözläp tapýarys. Şol adamlary tapanymyzdan soň olary biziň ýolumyzda duşuran ykbalymyzdan hoşal bolýarys. Toýuňda şatlygyňy, kyn günüňde gussaňy paýlaşyp bilýän, bir göwünden gopýan şeýle nazarkerde adamlary bolsa hatda geçip barýan aýlaryň, ýyllaryň başa salyp biläýjek aýralyklaryndan hem gorap saklasyň gelýär. Şol pursat halypa şahyrymyz Kerim Gurbannepesowyň şu setirleri ýadyňa düşüp: Dost paýlansa äber diýip gyssanma,Alaňdan soň gysgaltma hem gysgalma.Dileg etse gözleriňi hem gysganma,Birin ber-de, biri bilen oňup git

Ak sözen

Obamyzda ilki gülleýän agaç — ak sözen. Onuň gülleri ötegçi guşlar ýaly üýtgeşik bolýar. Şonuň üçin biz heniz alabahar gelmänkä ak sözeniň töweregini tämizläp goýýarys. Obamyzyň ähli zady ak sözen bilen bagly. Obamyzdaky ähli guýularyň hem süňňi ak sözen bilen örtülen. Hol aňyrdan akjaryp görünýän utunam, birsyhly aýlanyp duran çarham, hatda çarhyň içinden geçýän basranam ak sözenden. Onuň bilen bagly başga-başga-da kän zatlar bar. Ak öýüň bosagasy hem ak sözenden. Tolpy ussanyň aýtmagyna görä, ak sözeniň köki on iki gulaja dagy ýetýärmiş. Onsoň daşlyrak golda bäş-alty sany sözen agajy oturan bolsa, şol ýeri gazsaň süýji suwuň üstünden bararsyň diýýärdi. Tolpy ussa henize çenli ýalňyşanok. Ýalňyşmaýanynyň sebäbi ol obamyzda janly tebigatyň diline düşünýän ýeke-täk adam. Eger sen sähralarda ýaşajak bolsaň, eneň öwreden dilinden soň, sähralaryň dilini öwrenmeli. Henize çenli ony okap aňyrsyna çykan-a ýok. Geň galaýmaly ýeri, ak sözen agajynyň ömri paýawlanda-da Kybla tarap egilýär. Ýogsam Kybla tarap egiljek bolsa sährada gandym, çerkez, sazak ýaly başga-da agaçlar köp. Olar öz islän ýerlerine gyşarýarlar. Sözen agajy bolsa arkasyny namazarka öwrüp, ýüzüni Kybla bakdyrýar — edil namaza duran adam ýaly. Sözen agajynyň ýene b

Işjeňlige eýe boldy

Kaka etrabyndaky «Serdar» pamyk egriji fabriginde «Kämil kanun — berkarar binýat» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Etrap kazyýetiniň, beýleki hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyga fabrigiň işçi-hünärmenleri gatnaşdy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan duşuşygyň esasy maksady ilatyň hukuk taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmakdan, kanunçylygy düşündirmekden ybarat boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň bedew batly ösüşleri bilen barha öňe barýan, şan-şöhratynyň arşa göterilýän çagynda döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň hem yzygiderli pugtalandyrylýandygyny aýratyn belläp geçdiler.