Sebitde işler ileri

31 Iýul 2024
101

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzyň gülläp ösüşlerine gönükdirilen işlere welaýatymyzyň ýaşlary uly goşant goşýarlar. Ýaşlaryň bu işlere goşantlaryny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly ilkinji guramalarda geçirilýän maslahatlarda täze wezipeler goýulýar.

Maslahatlarda döwlet Baştutanymyzyň il-ýurdumyzyň abadançylygyny we rowaçlygyny berkitmäge gönükdirilen guwandyryjy işleri we ýurdumyzyň gazanýan ösüşleri hakynda giňişleýin gürrüň edilýär. Sebitde gurlan we gurulýan desgalarda ýaşlaryň zähmet paýy uludyr. Oba hojalyk önümlerini öndürijileriň hem aglabasy ýaşlardyr. Bu ýerde kuwwatly inženerçilik-kommunikasiýa, ulag infrastrukturasy döredildi, täze desgalaryň onlarçasy guruldy. Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry hem işe girizildi. Kärhanada ýaşlaryň müňlerçesi zähmet çekýär. Sebitde oba hojalygy üçin gerekli dökünleriň önümçiligi boýunça kuwwatlylyklaryň artdyrylmagy, ýurdumyzyň himiýa senagatynyň ösdürilmegi üçin zerur bolan çig mallar hem özleşdirilýär. Ýaşlar geljekde sebitiň uly senagat merkezleriniň birine öwrülmegi üçin öňde goýlan maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna, oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga öz goşantlaryny goşjakdyklaryna, Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň möhüm işlerde özlerine bildirýän ynamlaryny tutanýerli zähmetleri bilen ödejekdiklerine ynandyrýarlar.

Erkin NYÝAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köýtendag etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar