Ynsan saglygy — iň gymmatly baýlyk
Ýurdumyzda adam we onuň saglygy ugrundaky aladalardan ugur alyp, şu günler etrabymyzdaky sport mekdepleriniň türgenleriniň arasynda wagyz-ündew işlerine giň gerim berýäris. Şeýle ähmiýetli çärelerde tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde ýüze çykyp biljek hadysalara aýratyn üns çekilýär. Wagyz-ündew işleriniň dowamynda çagalary we uly ýaşlylary gün urmakdan, suwa gark bolmakdan goramagyň we tebigatda ýangynyň döremeginiň öňüni almagyň zerurlygy dogrusynda wekilleriň çykyşlaryna giň orun berilýär. Şeýle hem dürli ýagdaýlarda raýatlara lukmandan deslapky ilkinji kömegi bermekligiň düzgünleri düşündirilip, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak ündelýär.