"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Döwrüň ösen talaplaryndan ugur alyp

Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagy geçirildi. Onda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň geçen ýylda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň bagtyýar hem-de rowaç durmuşynyň bähbidine gönükdirilen Milli maksatnamalaryny, Kararlaryny wagyz etmekde, enäniň we çaganyň saglygyny goramakda, maşgala mukaddesligini berkitmekde, milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ene-mamalarymyzyň el hünärlerini ýaşlarymyza ýetirip, arkama-arka dowam etdirmekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde alyp baran işlerine seljerme berlip, öňde duran wezipeler kesgitlendi.

Milli synçylar bellige alyndy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçiriler. Şu ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsümi badalga aldy. Saýlaw möwsüminiň dowamynda ýörite düzülen meýilnama esasynda geçirilmeli çärelere möhüm orun degişlidir. Welaýat saýlaw topary tarapyndan milli synçylara şahsyýetnamalary gowşurmak dabarasyny hem şolaryň hatarynda görkezmek bolar. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, milli synçylary bellemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlaryň toparlaryna degişlidir. Milli synçylaryň 17-si TDP-niň welaýat komiteti, 11-si Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komiteti, 14-si Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, 14-si Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi, 15-si Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesi, 14-si TMÝG-niň welaýat geňeşi, 3-si bolsa raýatlar topary tarapyndan bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, welaýat saýlaw topary tarapyndan 88 adam milli synçy hökmünde bellige alnyp, olara ýörite şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň buýsanjy we şöhraty

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýagşy gylyk-häsiýeti, görüm-göreldesi bilen nusga bolýan zenanlarymyz ýurdumyzyň buýsanjy we şöhratydyr. Maşgala ojagyna wepadarlygy, el hünärine ussatlygy türkmen zenanlarynyň müňýyllyklaryň dowamynda abraýyny, mertebesini beýgeldip gelýän aýratynlyklardyr. Çuňňur söýgüsi, gyzgyn mähri bilen öý-ojagyny ýyladýan zenanlarymyz milli mirasymyzy dabaralandyrmakda, ýaşlary zähmete höweslendirmekde ummasyz işleri bitirýärler.

Belent maksat — nurly geljek

Türkmenistan Watanymyzyň bagtyýar zenanlary Gahryman Arkadaymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda  amala aşyrylýan oňyn özgertmeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar, ýaş nesliň sowatly, ylymly, bilimli, sagdyn we berk bedenli bolup ýetişmegi babatda uly işleri alyp barýarlar. Ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan ýurdumyzda bagtyýar nesillerimizi milli däpdessurlarymyza laýyklykda terbiýelemekde, önümçiligiň dürli pudaklarynda gelingyzlarymyz yhlasly zähmet çekýärler, ata Watanymyzda gazanylýan üstünliklere mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Maşgala mukaddesligini berkitmekde, sagdyn, döwrebap bilimli nesli kemala getirmekde zenanlaryň çekýän zähmetine mynasyp baha berilýär. Milli Liderimiz: «Ata Watanymyzyň häzirki ösüş döwründe amala aşyrylýan giň gerimli işlerde, gazanylýan üstünliklerde zenanlarymyzyň saldamly goşandy bardyr» diýip belleýär. Ýurdumyzda mährem enelere, eli çeper zenanlara, gelin gyzlara goýulýan sarpanyň belentdigi bizi diýseň buýsandyrýar. Bular barada Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň hasabat ýygnagynyň dowamynda işjeň söhbet edildi.

Nesil terbiýesi — möhüm mesele

Halkymyz nesil terbiýesini ähli döwürde-de esasy orunda goýupdyr. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bolsa ýaş nesliň döwrebap terbiýeli bolmagy, çuňňur bilim almagy barada örän uly aladalar edilýär. Ýaş nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, saýlan hünärleriniň eýeleri bolup ýetişmekleri babatdaky meseleler Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan döwletli işleriniň özeninde durýar. Maşgalanyň abadan hem abraýly bolmagynda çaga terbiýesi esasy orunda durýan zatlaryň biridir. Çagany terbiýelemäge näçe ir başlasaň, şonça-da ir netijesini görjekdigiň öz-özünden düşnüklidir. Tymsalda beýan edilişine görä, bir gelin dana ýaşulynyň ýanyna baryp: «Atam, ýaş çagam bar. Men oňa haçan terbiýe berip başlamaly?» diýip soraýar. Dananyň: «Çagaňyz haçan doguldy?» diýen sowalyna gelin: «Doglanyna dört aý boldy» diýip jogap berýär. Şonda dana ýaşuly oňa: «Onda, gelin, siz dört aý hem gijä galypsyňyz, terbiýä dört aý mundan öň başlamaly ekeniňiz» diýip nesihat edýär.

Umumadamzat gymmatlygyny wasp edip

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe eşretli durmuşyň hözirini görüp ýaşaýan bagtly zenanlaryň arasynda bilelikde yglan eden «Gahryman Arkadagyň kitaby — umumadamzat gymmatlygy» atly bäsleşiginiň Hazar şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşige gatnaşan zenanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan bir parçany labyzly okamak, kitapda beýan edilýän wakalardan, rowaýatlardan bir pursady sahnalaşdyrmak we  gymmatly kitabyň ähmiýeti barada öz ýürek buýsançlaryny çeper sözlerde beýan etmek boýunça ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jemi jemlenilende, şäherdäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Gülmira Bagyýewa baş baýraga mynasyp boldy. 4-nji orta mekdebiň mugallymy Güljahan Tukyýewa birinji, 1-nji orta mekdebiň mugallymy Göwher Orazgulyýewa ikinji, şäher merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Tawus Akmuhammedowa üçünji orunlara eýe boldular.

Tatar nakyllary we pähimleri

Ogul doguldy — tug doguldy. *  *  *

Diňe söýgi hakynda

Söýgi beýik işlere ruhlandyrýar we hut onuň özi-de olary amala aşyrmaga päsgel berýär. A. Dýuma.

Bagt barada aýdylanlar

Kime bagt gerek däl bolsa, şol iň bagtlydyr, kim özüne erk edip bilýän bolsa, şol iň güýçli hökümdardyr. Seneka.

Welaýat zenanlar bölüminde

Hasabat ýygnagy geçirildi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar türkmen zenanlaryny gaýratly, joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Häzirki döwürde zenanlara goýulýan hormat-sarpa barha belende göterilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň durmuşyndaky möhüm wakalarda has-da aýdyň göz ýetirýäris. Çünki, zenanlara goýulýan hormat jemgyýete, maşgala mukaddesligine goýulýan hormatdyr. Zenanlaryň sarpalanmagy döwletiň, halkyň sarpalanmagydyr.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Sagdyn durmuşa badalga Gadymy türkmen halky köp asyrlyk geçmişinde-de sagdyn durmuşa gol ýapyp, neşekeşligi, çilimkeşligi we naskeşligi ýazgaryp gelipdir. Sebäbi sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek bagtyýarlyga, abadançylyga badalgadyr. Şonuň üçinem döwlet Baştutanymyz neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş yglan etmek bilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işe badalga berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bu elhenç howpa, neşekeşlige garşy göreşde mümkin bolan ähli zerur çäreler görüldi. Bu göreş ählihalk işine öwrülip, neşe howpunyň derejesi düýpli pese gaçdy.

Bileniň — baýlygyň

Siz nähili uklaýarsyňyz?! Bu ugurdan ýörite barlaglary geçiren alymlar: “Adamyň uklan wagty ýatyşyndan onuň psihiki ýagdaýyny bilmek bolýar!” diýen netijä gelipdirler. Bu barada fransuz psihology Pýer Dawo şeýle diýýär: “Mundan ýeňil zat ýok. Adamyň psihologiýasyny onuň nähili uklaýandygyndan bilmek bolýar”.

Saýlawlara taýýarlyk: milli synçylar bellige alyndy

Demokratik ýörelgeleriň täze we döwrebap ýörelgelerini nazarlaýan hem-de halk köpçüligi bilen maslahatlaşylyp kabul edilen «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyna laýyklykda, milli parlament Milli Geňeş, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli palatasy Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Şeýlelikde, Konstitusion kanunyň kabul edilmegi bilen iki palataly parlament ulgamyna geçildi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary ýurdumyzyň syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýedir. Bilşimiz ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçirmek bellenildi.

Hasabat-saýlaw ýygnaklary

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Etrap birleşmesiniň düzümindäki ilkinji guramalaryň ählisinde geçirilmegi meýilleşdirilen hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň gün tertibine döwletimiziň ajaýyp üstünlikleri barada söhbetler, geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz-nesihat etmekdäki wezipeler barada pikir alyşmalar ýaly meseleler girizildi. «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň, etrabyň sport mekdebiniň hem-de daýhan birleşikleriň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilip, ilkinji guramalaryň geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemi boýunça edilen işlerine we guramaçylyk meselelerine garaldy. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli çäreler boýunça iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Mukaddes borç

Ýurdumyzda her ýylyň döwrebap atlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny belende göterip, olary giň möçberli durmuş-ykdysady özgertmelere goşant goşmaga ruhlandyrýar. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçirilmegi bolsa, ýurdumyzyň merdana harby gullukçylarynyň buýsançly başyny göge ýetirýär. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň gazanýan üstünliklerine harby we hukuk goraýjy edaralarynyň merdana harby gullukçylary özleriniň uly goşandyny goşýarlar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Mertler Watany beýgeldýär» atly kitabynda: «Eziz Watanymyz — elýetmez baýlygymyz. Biz Watanymyzy başymyza täç edýäris» diýen pähimi Watan mukaddesliginiň her türkmen üçin iň ýokary orunda durýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň goranmak kuwwatynyň, hukuk tertibiniň pugtalandyrylmagyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň örän möhüm ugry bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary bilen harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy üpjünçilik ýagdaýyny gowulandyrmak, Watan goragçylarynyň beden we ruhy taýýarlygyny ýokarlandyrmak, olaryň harby tehnikalara we ýaraglara erk ediş başarjaňlygyny ösdürmek ugrunda uly işler alnyp barylýar.

Ulagly sütün

Bir at güýji diýip 75 kilogramlyk ýüki 1 sekuntda 1 metr hereket etdirip bilýän güýje aýdylýar. * * *

Teatryň sowgady bolar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ata Watanymyz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar. Şeýle taryhy döwürde ýaşamagyň, zähmet çekmegiň, döretmegiň we gurmagyň özi hem tükeniksiz bagtdyr. Biz — medeniýet işgärleri Arkadagly döwrümiziň eçilýän ajaýyp peşgeşlerinden ruhlanyp, has-da döredijilikli zähmet çekmäge çalyşýarys. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny giňden belläp geçeris. Şonuň bilen baglanyşykly, Kaka etrabynyň medeniýet-sungat işgärleri täze aýdym-sazlary, joşgunly tanslary, sahna eserleri bilen toýa sowgatly barmagy baş maksat edinýärler.

Düzgünleri berjaý edeliň!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkymyzyň asuda, parahat ýaşamagy, döretmegi hem-de gurmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Beýik ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryň, senagat-kärhanalaryň, durmuş-medeni maksatly beýleki binalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi halkymyz hakynda edilýän bimöçber aladanyň aýdyň subutnamasydyr. Şonuň bilen baglanyşykly, binalarda ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini üpjün etmek meselesi möhüm talap bolup durýar. Ýaşaýyş jaýlarynda ýüze çykýan ýangynlaryň aglabasyna gyş möwsüminde otaglary ýylatmak maksady bilen gurnalýan tebigy gaz bilen işledilýän peçleriň hem-de elektrik enjamlarynyň ulanyş hem-de gurnalyş düzgünleriniň bozulmagy sebäp bolýar. Gaz ýangyjy bilen işleýän enjamlar başarnykly ulanylanda, olar ýangyn taýdan howpsuz bolýar. Şonuň üçin hem tebigy gaz bilen işledilýän peçler hem-de elektrik enjamlary gurnalanda, ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň talaplary hökman berjaý edilmelidir. Ýagny, ýyladyjy hem-de gyzdyryjy enjamlar gurnalanda olaryň aşagyna ýanmaýan önümden edilen gatlaklar goýulmalydyr. Ýyladyjy, gyzdyryjy enjamlaryň sazlygy yzygiderli barlanmalydyr. Şeýle hem peçleriň tüsseçykarlary gurumlardan arassalanmalydyr.

Daşymyzyň sarsmaz galasy

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimiz harby gullukçylaryň gulluk we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak barada alada edýär. Bu gün Watan goragçylary üçin döwrebap, kämil, häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen üpjün edilen serhet galalarydyr birikmeleri, harby bölümler, ähli mümkinçilikleri bolan ýaşaýyş jaýlarydyr sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary bilen üpjün edilen harby okuw mekdeplerinde ökde hünärli, öz işine ussat harby gullukçylary taýýarlamak işlerine aýratyn üns berilýär. Türkmenistanyň «Türkmen edermen» medalynyň hem-de Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adynyň we döşe dakylýan nyşanynyň döredilmegi bolsa, Watan goragçylarynyň buýsanjyna buýsanç goşdy. Her ýylyň 27-nji ýanwarynda Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda Watan goragçylarynyň güni dabaralara beslenip, döwlet derejesinde bellenip geçilýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda durmak bilen, mukaddes borçlaryny abraý bilen ak ýürekden ýerine ýetirýän harby serkerdelerdir esgerleri ýokary üstünliklere ruhlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, bu baýram G

Milli mirasyň muşdagy

Başlangyç synp okuwçysykam «Görogly» şadessanyndan käbir düşünmeýän sözlerime gabat gelenimde, olaryň manysyny tirip bermegi ejemden haýyş ederdim. Ejem mollada okapdy, sowatlydy. Bir gezek «Ýigit gerek herbap, herbap» setirindäki «herbap» diýen sözüň manysyna düşünmän, ejemden soradym. Ol: «Oglum, birnäçe işi, käri başarýana herbap adam diýilýändir» diýdi. Biziň şu makalada gürrüňini etjek kişimize — Hangylyç Tagangylyjowa hem herbap adam diýmek bolar. Ol — mugallym, folklorçy, mirasgär, agramly oçerkleri, makalalary ýazýan, şahyrçylykdan hem başy çykýan, şeýle-de dilçi, edebiýatçy, okumyş adam. Biz onuň bilen uzak ýyllaryň dowamynda dostluk gatnaşygyny saklap ýörüs. Käbir köne sözleriň manysyna düşünmesem, jaň edip, Hangylyçdan soraýaryn. Aýdylyşy ýaly, çöp döwen ýaly edäýýär.