Hasabat-saýlaw ýygnaklary

26 Ýanwar 2021
971

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamasyna esaslanyp, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň düzümine girýän ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Etrap birleşmesiniň düzümindäki ilkinji guramalaryň ählisinde geçirilmegi meýilleşdirilen hasabat-saýlaw ýygnaklarynyň gün tertibine döwletimiziň ajaýyp üstünlikleri barada söhbetler, geçen hasabat döwründe bitirilen işler, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň ähmiýeti, olary ilat arasynda wagyz-nesihat etmekdäki wezipeler barada pikir alyşmalar ýaly meseleler girizildi.

«Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankynyň etrap şahamçasynyň, etrabyň sport mekdebiniň hem-de daýhan birleşikleriň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilip, ilkinji guramalaryň geçen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň jemi boýunça edilen işlerine we guramaçylyk meselelerine garaldy. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilmeli çäreler boýunça iş meýilnamalary tassyklanyldy.

Baýramgeldi ATAÝEW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Gökdepe etrap birleşmesiniň başlygy.
Beýleki habarlar