"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) Ýerine ýetiriji direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mihal Mlynary kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýän, sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orny eýeleýän Bitarap Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň öňden gelýän ygtybarly hyzmatdaşy bolup durýandygyny nygtady. Şunda BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi

Aşgabat, 16-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna netijeli pakistan-türkmen dialogyny ösdürmäge ähmiýet berýän Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Asif Ali Zardariniň hem-de ýurduň Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny ýetirdi. Ilçi Pakistanyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini, umumy maksatlara we bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.

Demir ýol ulaglary boýunça forum: köpugurly mümkinçilikler öwrenilýär

Düýn paýtagtymyzdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi işçi toparyň maslahatlarynyň geçirilmegi bilen dowam etdi. Onuň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Ýörite taýýarlanan medeni maksatnama laýyklykda, çärä gatnaşyjylar üçin dürli gezelençler hem guraldy. Işçi toparyň maslahatlarynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar DHÝG-niň ýük daşamak, ýolagçy gatnatmak, infrastruktura we demir ýoluň hereket düzümi boýunça toparlarynyň, maliýe we hasaplaşyk, kodlaşdyrmak we informatika baradaky hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerini, guramanyň 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamalaryny we beýleki meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen birlikde, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygy, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak, okatmak, demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalary artdyrmak boýunça pikir alyşmalar boldy. Gün tertibinde kesgitlenen meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy Demirgazyk — Günorta

Parahatçylyga esaslanýan hyzmatdaşlyk

Zamananyň möhüm meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýan Türkmenistan dürli ugurlarda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýýar. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň BMG-niň esasy ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy, dürli düzümlerinde, komissiýalarynda we maksatnamalarynda alyp barýan işleri aýdyň şaýatlyk edýär. Şol edaralar bilen bilelikde häzir birnäçe taslamalardyr maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy we durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň mejlisiniň dowamynda geçirilen saýlawlaryň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna saýlanmagy ösüşli döwrümize ýene bir buýsançly şugla çaýdy. Çünki bu çözgüt hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkara gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan baky Bitarap Watanymyzyň dünýä giňişliginde uly abraýdan peýdalanýandygynyň nusgalyk görkezijileriniň biridir. Ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ýörelgeleri ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, şeýle-de dünýä jemgyýetçiliginiň gün tertibinde duran birnäçe möhüm meseleleri

Halkara maslahata gatnaşyjylar Arkadag şäherine gezelenç etdiler

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji güni başlandy. Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forum paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçýär. Bu ýerde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

15-nji aprelde paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy «Türkmendemirýollary» agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

Düýn paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji iş güni başlandy

Aşgabatda geçýän Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň ikinji güni başlandy. Demir ýol pudagy boýunça guralýan halkara forum paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda geçýär. Bu ýerde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljek ýyllar üçin iş meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň Strategiýasynyň taslamasyny düzmegiň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol ulgamynda zähmet çekýän işgärleriň hünär taýýarlygy, okuwlary guramak bilen bagly birnäçe ugurdaş meseleler ara alyp maslahatlaşylýar.

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Russiýa bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gury serhet haçan açylar?

Häzirki wagtda Ministrler Kabinetiniň soňky kararyna görä, 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyna çenli hereket etjek «aýratyn karantin düzgüni» sebäpli Azerbaýjanyň gury ýol serhetleri heniz hem ýapyklygyna galýar. Transportol ulaglarynyň geçmegi gadagan, halkara awtobus we otly hyzmatlary bolsa ýerine ýetirilmeýär. Bu çäklendirme diňe bir Russiýa — Azerbaýjan serhedine däl, eýsem, Azerbaýjanyň Gruziýa, Türkiýe, Eýran we Ermenistan bilen serhedine hem degişlidir. Kadadan çykma diňe ýük daşamak üçin, şeýle hem Samur barlag nokadyndan we Dagystanyň şonuň bilen goňşy Ýarag Kazmalýar serhet posty boýunça Azerbaýjanyň çäginden çykýan ruslar üçin amala aşyrylýar.

Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady

Aşgabat, 15-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. “Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-ä agza döwletleriň 20-den gowragynyň, şol sanda Türkmenistanyň demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Forumyň maksady demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollary torunyň tehnologik bitewüligini üpjün etmekden, bu düzümleri ösdürmekden ybaratdyr. Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň bu gurama agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Paýtagtymyzda demir ýollaryň hyzmatdaşlygyna bagyşlanan ýokary wekiliýetli halkara maslahatynyň işine badalga berildi

Şu gün, 15-nji aprelde paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady. Halkara çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara Gutlagy okaldy. Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň gün tertibinde guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýyl üçin işleriniň netijelerine seretmek, geljekki ýyllar üçin iş maksatnamasyny ara alyp maslahatlaşmak hem-de Merkezi Aziýanyň we Ýewropanyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistanyň eýeleýän orny baradaky çykyşy bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew maslahatyň işine badalga berdi. Çykyşda ýurdumyzyň milli ulag düzümleriniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak arkaly halkara üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrmak barada aýratyn nygtaldy.

Aşgabatda geçiriljek halkara hokkeý ýaryşyna bagyşlanan mediaforum

Aşgabat, 14-nji aprel (TDH). Şu gün Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda 15-nji aprelde paýtagtymyzda badalga aljak şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşa bagyşlanan mediaforum geçirildi. Çärä ýurdumyzyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyz Respublikasynyň hokkeý federasiýalarynyň ýolbaşçylary, ýaryşa gatnaşýan toparlaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ýaryşa Bahreýniň, Belarusuň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Omanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň we Özbegistanyň klub toparlary gatnaşarlar. Onda ýurdumyzyň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary Türkmenistana wekilçilik eder.

Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

Düýn Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary J.Pommerşaýmyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen gepleşikleriň barşynda halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda sebit we ählumumy howpsuzlyk meseleleri aýratyn üns berlen ugur boldy. Taraplar syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlaryny hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

Sungat — dostluk köprüsi

Düýn Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda beýik söz ussadymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ABŞ-nyň we Türkmenistanyň akapella toparlarynyň bilelikdäki konserti geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we ABŞ-nyň ýurdumyzdaky ilçihanasynyň guramagynda geçirilen konsertde ýerine ýetirilen aýdymlar iki ýurduň we olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejelere çykýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Konserte ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri, talyp ýaşlar, aýdym-sazyň muşdaklary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. ABŞ-nyň akapella toparyndan Adriana Latonionyň, Lisa Hawkinsiň, Molly Dieniniň aýdan aýdymlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Olar “Sweet Caroline”, “I Wanna Be Like You”, “Under the Sea”, “Hey Jude” ýaly amerikan aýdymlaryny Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplar topary bilen bilelikde ýerine ýetirdiler. Sungat ussatlarynyň çykyşlary diňleýjilere ruhy lezzet paýlady. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen konsert iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň ösdürilmeginde ajaýyp waka bolup, diňleýjilerde ýakymly täs

Hoş geldiň, hokkeý baýramy!

Güneşli ýurduň güneşli paýtagtynda – ak şäherimiz Aşgabatda apreliň hoştap howaly günlerinde buzly sport baýramçylygy — hokkeý boýunça halkara ýaryş geçirilýär. Geografik giňişligi Merkezi Aziýadan demirgazyga — Russiýa, günbatara — Türkiýä, ýakyn Gündogar ýurtlaryna çenli uzaýan ýaryşyň ilkinji myhmanlary eýýäm öňňin — 13-nji aprelde gelip başladylar. Düýn bolsa gatnaşyjy toparlaryň ählisi paýtagtymyzdaky buzly sport toplumlarynda türgenleşikleri alyp bardy. Şeýle hem düýn halkara ýaryşyň öňüsyrasynda tälimçilerdir eminleriň okuw maslahaty, metbugat maslahaty we myhmanlaryň Arkadag şäherine gezelenji guraldy. «Akylly» şähere gezelenç

Türkmenistan Buharest şäherinde geçiriljek «TIBCO — 2024» halkara sergisine öz milli ekspozisiýasy bilen gatnaşar

Bu ba­ra­da Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry B.At­da­ýew hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýy­lyň 12-nji ap­re­lin­de ge­çi­ren san­ly ul­gam ar­ka­ly Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň no­bat­da­ky mej­li­sin­de ser­gi­le­ri, ýar­mar­ka­la­ry we mas­la­hat­la­ry ge­çir­mek ba­bat­da ama­la aşy­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da be­ren ha­sa­ba­tyn­da aýt­dy.

Türkmenistan 2025 — 2029-njy ýyllar döwri üçin BMG-niň Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna kabul edildi

2024-nji ýy­lyň 9-njy ap­re­lin­de EKO­SOS-yň Gu­ra­ma­çy­lyk ses­si­ýa­sy­nyň işi­niň çäk­le­rin­de Ge­ňe­şiň kö­mek­çi eda­ra­la­ry­na saý­law­lar ge­çi­ril­di.

Türkmenistan 24-nji «Triennale Milano» halkara sergisine gatnaşar

Türk­me­nis­tan 2025-nji ýy­lyň 17-nji ma­ýy — 16-njy no­ýab­ry ara­ly­gyn­da Ita­li­ýa­nyň Mi­lan şä­he­rin­de ge­çi­ril­jek 24-nji «Trien­na­le Mi­la­no» hal­ka­ra ser­gi­si­ne gat­na­şar. Be­zeg sun­ga­ty we hä­zir­ki za­man bi­na­gär­li­gi te­ma­sy­ny öz içi­ne al­ýan bu hal­ka­ra ser­gi­si­niň ge­çi­ril­me­gi Hal­ka­ra ser­gi­ler býu­ro­sy­nyň 173-nji mej­li­sin­de ma­kul­la­nyl­dy. 24-nji «Trien­na­le Mi­la­no» hal­ka­ra ser­gi­si­ne gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän döw­let we hu­su­sy gu­ra­ma­la­ry­na oňa gat­naş­ma­ga müm­kin­çi­lik dö­re­di­ler.

Türkmenistanyň BMG-niň edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynyň ýolbaşçysy Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory bilen duşuşyk geçirdi

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen iş sapary bilen Ženewada bolan Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň Baş direktory Alekseý Borodiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar aragatnaşyk we maglumatlaşdyrmak pudagynda GDA-ny utgaşdyryjy döwletara edara hökmünde çykyş edýän, Türkmenistan bilen Aragatnaşyk ulgamynda sebitleýin arkalaşygyň arasyndaky aragatnaşyk pudagynda hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.