Türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleri geçirildi

15 Aprel 2024
437

Düýn Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyrynda taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň, amerikan wekiliýetine bolsa ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary J.Pommerşaýmyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen gepleşikleriň barşynda halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şunda sebit we ählumumy howpsuzlyk meseleleri aýratyn üns berlen ugur boldy. Taraplar syýasy meseleler bilen bir hatarda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ekologiýa ulgamlaryny hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.

(Ýörite habarçymyz).
Beýleki habarlar