"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Beýik özgertmeleriň binýady

Şu günler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň çar künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygyna uludan taýýarlyk görülýär. Her ýyl şanly Garaşsyzlyk toýumyzyň öň ýanynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm taryhy wakadyr. Onda il-ýurt bähbitli beýik özgertmeleriň binýadynyň goýulmagy, möhüm wezipeleriň anyk kesgitlenilmegi halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmäge, uly ykdysady ösüşleri gazanmaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyndaky möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek hakynda kabul eden Karary ildeşlerimiziň giň goldawyna, uly seslenmesine eýe boldy. Şu mynasybetli häzirki günlerde welaýatymyzyň obadyr şäherlerinde iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, il sylagly ýaşulularyň we ýaşlaryň işjeň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşyklary guralyp, bu syýasy-jemgyýetçilik çäräni guramaçylykly geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň anyk ugurlary boýunça teklipler taýýarlanylýar. Maslahatyň barşynda edilýän çykyşlarda ata Watanymyzyň rowaçly

Integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi tassyklanyldy

«Integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi tassyklanyldy.

ASTANADA polietilen paketleri ulanmak bes ediler

2025-nji ýyla çenli Gazagystanyň Astana şäherindäki supermarketlerde hem-de beýleki söwda nokatlarynda polietilen paketleriň ulanylmagyny doly bes etmek göz öňünde tutulýar. Şäheriň häkimligi tarapyndan taýýarlanylan düzgünlere laýyklykda, adaty polietilen paketler ekologiýa taýdan arassa orun tutarlar — biodegrirlenip bilinýän torbalar we gaýtadan ulanylýan eko-torbalar bilen çalşyrylar. Bu çözgüt plastik önümleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmagy maksat edinýär. Häzirki wagtda dünýäniň 76 ýurdunda polietilen paketleri ulanmagy gadagan etmek boýunça işler alnyp barylýar.

Fes­ti­wal halk­la­ry dost­laş­dyr­ýar

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz dün­ýä döw­let­le­ri bi­len öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy­na, şol san­da ýur­du­my­zyň kö­pu­gur­ly we top­lum­la­ýyn da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na aý­ra­tyn uly üns ber­ýär. Şu jäht­den, ýur­du­myz öza­ra bäh­bit­li iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk hem ös­dür­mek ba­ba­tyn­da anyk ädim­le­ri äd­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ry ama­la aşyr­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­tanyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lan ylym-bi­lim pu­da­gyn­da, me­de­ni­ýet ul­ga­myn­da has ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk­lar ýo­la go­ýul­dy. Ýa­ňy ýa­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ryn­dan dü­zü­len we­ki­li­ýe­tiň Omsk şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Rus­si­ýa­nyň we Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­ti­niň ýaş­la­ry­nyň dö­re­di­ji­lik fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ma­gy bu aý­dy­lan­la­ry do­ly aý­dyň­ly­gy bi­len tas­syk­la­ýar. Türk­men ýaş­la­ryn

Çagalara datly sowgat

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Köpetdagyň etegindäki ajaýyp Gökdere jülgesinde ýerleşýän «Çynar» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara edermen gallaçy daýhanlarymyzyň zähmet ýeňşi mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki wagtda bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar hem tomusky dynç alyş möwsüminde wagtlaryny şatlykly geçirýärler.

Okyjylarymyz ýazýarlar

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 TMÝG-niň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň gur­a­ma­gyn­da Gy­zy­lar­bat et­ra­by­nyň çä­gin­de ýer­leş­ýän «Dür­dä­ne» ça­ga­lar sa­gal­dyş we dynç alyş mer­ke­zin­de, bu ýe­re to­mus­ky dynç alyş möw­sü­min­de dynç al­ma­ga ge­len ça­ga­la­ryň ara­syn­da daş­ky gur­şa­wyň gym­ma­ty­ny, te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni ola­ra ýa­kyn­dan ta­nat­mak, be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn ne­sil­le­ri ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bilen, «Te­bi­gat — bi­ziň öýü­miz» at­ly ge­ze­lenç du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. TMÝG-niň Gy­zy­lar­bat et­rap Ge­ňe­şi­niň hü­när­men­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da te­bi­ga­ty­my­zyň gö­zel­li­gi­ni aýaw­ly sak­la­mak ba­ra­da ça­ga­lar bi­len gür­rüň­deş­lik ge­çi­ril­di.

Awaza hakyndaky şygyrlaryň mazmun taýdan çeperçiligi

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen eserler diňe bir täze temalar bilen baýlaşman, eýsem, şygyrlar mazmun taýdan hem baýlaşdy, forma taýdan täze görnüşe eýe boldy. Edebiýatyň taryhynda mazmun we formanyň haýsynyň has möhümligi hakynda köp jedeller, edebi çekişmeler boldy. Bularyň hersiniň öz gezeginde edebi ösüş, edebi täzelikler üçin möhümdigi ylmy we edebi çekişmäniň nazary garaýyşlarynda anyk deliller bilen esaslandyryldy. Aýry-aýry edebiýatçy alymlaryň pikiriçe bolsa mazmun we forma biri-birinden aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýazyjy-şahyrlar hem Garaşsyzlyk ýyllarynyň şygyrlarynda täze mazmun we forma eýe bolan şygyrlary döretdiler. Ak goşgy formasynda ýazylan eserleriň, şeýle-de nusgawy şygyr düzüş formasynda ýazylan eserleriň hem täze mazmun bilen baýlaşmagy häzirki Garaşsyzlyk döwründe şahyrlaryň ösüşli we aýratynlykly taraplarynyň biridir.

Egsilmeýän hazyna

«7/24.tm» №30 (217) 22.07.2024 Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesow: «Magtymguly, seniň bilen, iň bolmanda, bir pursat didarlaşsam dünýe malyndan geçerdim. Bu minut maňa dünýäniň geçmişi, şu günki we geljegi bilen duşuşmaga mümkinçilik bererdi. Bakylygyň ýanynda bir pursat durup görmege deň geljek bagt barmyka?» diýýär. Kerim şahyr Pyragynyň adyny göterýän baýraga mynasyp bolmagyny ömrüniň iň uly netijesi, iň beýik baýragy hasaplapdyr. Munuň özi soňraky ussatlaryň ählisiniň-de Magtymguly Pyragyny öz ruhy howandary, gaýybana halypasy hasaplandygy baradaky beýik hakykatdyr. Diýmek, Pyragynyň edebi mekdebi ol dünýäden ötenden soňam ýaşap gelýär. Ol mekdepden beýik-beýik şahyrlar uçurym bolup çykýar. Nesip bolsa, bu geljekde-de şeýle bolmagyny dowam eder. Sebäbi Magtymguly Pyragy halkymyzyň ýüreginde ýaşaýar. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem şygryýeti Watan edinen her bir döredijilik ynsanynyň ýüreginde Magtymguly bar.

Günüň günden parhy bar

Bir ge­zek okuw­çy: — Mu­gal­lym, aýt­sa­na, tä­ze işiň ba­şy­ny tut­mak üçin has dü­şüm­li gün bo­lup bil­ýär­mi?

Häzirki zaman žurnalistikasy: halkara tejribeleri özleşdirip

Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň geçen 32 ýyldan gowrak döwründe dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklarda depginli ösüş gazanyldy. ABŞ-nyň öňdebaryjy kompaniýalary ýurdumyzda iri taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar. «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň alyp barýan işiniň netijesinde, bu ugurdaky tagallalar has-da işjeň dowam etdirilýär. Ösüşi nazarlaýan şeýle gatnaşyklar bilen birlikde, türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň medeni-ynsanperwer ulgamda hem yzygiderli ilerledilýändigini nygtamalydyrys. Amala aşyrylýan bilelikdäki işler birek-birege hormat goýmaga, tejribe alyşmaga esaslanýar we geljekki özara bähbitli işleriň binýadyny pugtalandyrmagy göz öňünde tutýar. ABŞ-nyň Hökümeti bilen bilelikde durmuşa geçirilýän okuw we hünär alyş-çalyş maksatnamalary degişli ugurdaky gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynda uly ähmiýete eýedir. «Open World» maksatnamasynyň çäklerinde, özara tejribe alyşmak maksady bilen, türkmen žurnalistleriniň Kaliforniýa ştatyna bolan okuw saparynda hem bu ýurduň žurnalistikasynyň häzirki döwre berýän teswiri, žurnalistleriň iş usullary, gazet makalalarynyň taýýarlanylyşy geçirilen maslahatlaryňdyr «tegelek stol» duşuşyklarynyň te

Welaýatlardan habarlar

Beden saglygyny berkitmekde hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesi ýaş nesiller üçin has hem ruhlandyryjydyr. Bu gün hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, diňe bir ýaşlar däl, eýsem ýurdumyzyň ähli raýatlary sport bilen meşgullanmagy gündelik endiklerine öwürýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek ýurdumyzda mizemez ýörelgä öwrülýär. Ýurdumyzyň sport ulgamynda gazanan üstünlikleriniň gözbaşy hormatly türkmen halkynyň Milli Lideriniň ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmek boýunça başyny başlan syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegindedir. Mähriban halkymyzyň, ýaşlaryň şular ýaly ajaýyp zamanada bagtyýar ýaşamagy, sport bilen giňden meşgullanmagy ugrunda şeýle beýik işleri durmuşa geçirýän Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Dynç alyş we bedenterbiýe

Häzirki zaman dünýäsinde sport gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Çagalar üçin bedenterbiýe bilen meşgullanmak diňe bir gyzykly güýmenje däl, eýsem, möhüm zerurlykdyr. Sport çaganyň sagdyn ösmegine ýardam edýär we bedeniniň ösüşi üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär. Yzygiderli beden taýýarlygy keseliň ýüze çykmak mümkinçiligini azaldýar, fiziki we emosional durnuklylygy ýokarlandyrýar hem-de bedeniň ösüş ýagdaýyny çaltlaşdyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýesi, saglygyny goramagyň mowzugy mekdep derslerinde ol ýa-da beýleki dersler bilen utgaşyklylykda ýola goýuldy. Çagalarda medeniýetiň kemala gelmegi üçin ýurt derejesinde bilim giňişliginiň mümkinçiliklerini peýdalanmagy, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyny goramagy, sazlaşykly şahsyýet terbiýesini kemala getirmek ugrunda döwlet derejesinde uly işler alnyp barylýar.

Çagalar suw ýodalarynda

Mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalar Gökderede hereket edýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglyklaryny berkidýärler. Ýakynda Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetinıň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň suwda ýüzmek boýunça geçiren bäsleşigi çagalara öz başarnyklaryny görkezmäge nobatdaky mümkinçilik boldy. Gökderäniň gözel künjegindäki «Çynar» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde geçirilen 25 metr aralyga suwda ýüzmekde ökdeler öňe saýlandy.

Şypaly kenardaky sapaly günler

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary, ýadawsyz aladalary netijesinde ýurdumyzda adamlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin dünýä nusgalyk şert-mümkinçilikleriň döredilendigine Hazaryň türkmen kenaryna özboluşly bezeg berip oturan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bolanyňda aýdyň göz ýetirýärsiň. Esasan-da, tomusky dynç alyş möwsüminiň dowam edýän şu günlerinde bu ajaýyp künjekde bagtyýar çagalaryň gülki sesleri belentden ýaňlanýar. Çaga gülkülerini eşideniňde, göwnüň göterilip, döwletli-döwranymyza söýgi-buýsanjyň has-da artýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna eziz Diýarymyzyň çar künjeginden gelip, dynç alýan çagalar ýatdan çykmajak, şatlyk-şowhundan doly ýakymly pursatlary başdan geçirýärler. Ady dünýä dolan zolagyň sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar, oýun otaglary, tans zallary, kompýuter otaglary, kitaphanalar, el iş gurnaklary, şekillendiriş otaglary we beýleki amatlyklar ýaş nesliň hyzmatynda. Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Ýaryşlar, döredijilik bäsleşikleri çagalaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda, olaryň sagdyn du

Dana şahyryň döredijilik taglymaty

Halkymyzyň mertebesini arşa göteren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty ýyl-ýyldan has-da artýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyrymyzyň döredijiligini öwrenmäge we dabaralandyrmaga gönükdirilen beýik işleriniň netijesinde Magtymguly Pyragynyň at-owazasy dünýä ýaýylýar. Çünki akyldar şahyrymyzyň eserlerinde öňe süren pikirdir garaýyşlary, öwüt-ündewleri ähli halklar we döwürler üçin örän uly ähmiýete eýedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu barada «Ýaşlar – Watanyň daýanjy » atly kitabynda: «Magtymguly – taryhy köklerden, milli däp-dessurlardan aýagyňy üzmän, döwrüň täzeçilliklerine, belent ösüşlerine uýup ýaşamakdyr » diýip belleýär. Bu hakykaty Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly » diýlip yglan edilmeginde hem görmek bolýar. Beýik söz ussadynyň şygyrlary diňe türkmen halkynyň edebiýaty däl-de, eýsem, türki dilli edebiýat üçin hem täze bir edebi mekdep bolup durýar. Muny Magtymguly atamyzyň saýlanan eserleriniň dürli ýyllarda birnäçe türki dillerde, ýaňy- ýakynda bolsa gyrgyz dilinde neşir edilmegi hem subut edýär. Umumadamzat şahyryna öwrülen M

Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler we orta atylan oňyn başlangyçlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki nobatdaky ädimler boldy. Şol taryhy mejlisde berlen hasabatlardan hem görnüşi ýaly, ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýyldan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ýokarlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş ilimiziň galkynyşly döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ugrundaky bu asylly işleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyndan gözbaş alýar. Biz hem şu günler edara-kärhanalarda bolup, hormatly Prezidentimiziň mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda öňe süren özgertmelerini wagyz-nesihat etmeklige bagyşlanan duşuşyklary geçirýäris. Duşuşyklarda edilýän çykyşlarda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan üstünlikli işler dogrusynda aýratyn nygtalýar. Şeýle hem ýurdumyzyň aýry-aýry pudaklarynyň ösüşini gaza

Bagtyýar ýaşaýşyň hatyrasyna

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda 12-nji iýulda geçirilen Hökümet mejlisinde berlen maglumatlar berkarar döwletimiziň ýokary depginler bilen ösýändigine şaýatlyk edýär. Ol maglumatlaryň her biri watandaşlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygynyň subutnamasydyr. Hökümet mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň birinji ýarymynda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda 15 milliard 420 million manatlyk düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 21 göterim köpdür.

Bagtly çagalygyň mekany

Güneşli Diýarymyzda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi dowam edýär. Bu möwsümde mekdep okuwçylarynyň wagtlaryny şatlykly we netijeli geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertlerdir mümkinçilikler döredilendir. Çagalar ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp, wagtlaryny manyly geçirýärler. Mekdep okuwçylarynyň uly topary “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky, Gökdere jülgesindäki, şeýle-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde şadyýanlykda dynç alýarlar, saglygyny berkidýärler. Tejen etrabynyň mekdep okuwçylarynyň onlarçasy Kaka etrabynyň Hywaabat jülgesindäki “Ýaşyl ýaýla” dynç alyş-sagaldyş merkezinde dynç alyp geldiler. Möwsümiň ýakyn günlerde badalga aljak üçinji tapgyrynda hem çagalaryň uly toparyny agzalan merkeze ugratmak meýilleşdirilýär. Gökdere jülgesindäki we “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezlerinde dynç alyp, saglygyny berkitmek bagtyna eýe bolan çagalaryň sany hem az däl. Bu zatlar çagalara täze okuw ýylynda täze güýç bilen barmaga itergi berýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

AHAL Aýna önümçiliginde durnukly ösüş

Rowaç işleriň mekany

Rowaçlyga eltýän ösüş ýoluny esaslandyran Milli Liderimiziň ýörelgesini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen beýik ösüşleri külterleýän ata Watanymyzyň her güni şatlykly habarlara beslenýär. Ynha, şolaryň birisi hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 12-nji iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Permanydyr. Möhüm resminama laýyklykda 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberi 10 göterim ýokarlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň giňişleýin mejlisde aýdyşy ýaly, döwletimiziň syýasaty bagtyýar raýatlarymyzyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ösdügisaýyn ynsanperwer syýasat şonça-da giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan uly göwrümli özgerişlikleri we milli ykdysadyýetimiziň ösüşleri biziň şu günümize buýsanjymyzy beýgeldip, geljegimiziň rowaçlygyna ynamymyzy şonça-da berkidýär. Hökümet mejlisiniň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary boýunça şu ýylyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine