Halkyň bagtyýarlygy ugrunda

18 Iýul 2024
188

Hormatly Prezidentimiziň 12-nji iýulda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde kabul edilen möhüm çözgütler we orta atylan oňyn başlangyçlar ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekdäki nobatdaky ädimler boldy. Şol taryhy mejlisde berlen hasabatlardan hem görnüşi ýaly, ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary ugrunda kabul edilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. 2025-nji ýyldan başlap zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň ýokarlandyrylmagy baradaky hoş habar tutuş ilimiziň galkynyşly döwrümize bolan buýsanjyny goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli gowulandyrmak ugrundaky bu asylly işleri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatyndan gözbaş alýar.

Biz hem şu günler edara-kärhanalarda bolup, hormatly Prezidentimiziň mundan beýläk-de ýurdumyzy ösdürmek ugrunda öňe süren özgertmelerini wagyz-nesihat etmeklige bagyşlanan duşuşyklary geçirýäris. Duşuşyklarda edilýän çykyşlarda «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna» laýyklykda alnyp barylýan üstünlikli işler dogrusynda aýratyn nygtalýar. Şeýle hem ýurdumyzyň aýry-aýry pudaklarynyň ösüşini gazanmak ugrunda öňde duran wezipelere aýratyn üns çekilýär. Bagtyýar ildeşlerimiz berkarar döwletimizde adam hakyndaky aladany ähli zatdan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarlar.

Şöhrat JUMAÝEW,
Çärjew etrap kazyýetiniň uly kazyýet ýerine ýetirijisi.
Beýleki habarlar