"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hoşniýetli gatnaşyklar

28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny ýetirdi. Tatarystanyň Raisi şu gezekki giň gerimli dabaralaryň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynyň hem bahasyna ýetip bolmajak genji-hazynasy bolan ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygynyň aýdyň güwäsidigini belledi.

Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi

28-nji aprelde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi. Şanly sene mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň

Dost-doganlygyň berk binýady

28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Duşuşmaga döredilen mümkinçilik we Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralan giň möçberli dabaralara gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirip, myhman Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hoşniýetli arzuwlaryny we gutlaglaryny ýetirdi.

Şöhratly taryhymyzyň şuglasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy biziň üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap her birimizi buýsandyryp, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. Kitapda ylmyň we medeniýetiň ösmegine örän uly itergi beren ekerançylyk, ak bugdaý, gadymy medeniýet hakynda giňişleýin gürrüň berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmeginde, beýik işleri durmuşa geçirmekde nusgalyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän bu kitap Watany söýmekde her birimize nusgalyk wagyz-nesihatçy, ýol görkeziji şamçyragdyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsinden dörän eserdir. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda şeýle belleýär: «Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, nesil terbiýesiniň milli ýörelgesini, t

Gadymy mirasymyza belent sarpa

Häzirki ajaýyp döwrümizde milli gymmatlyklarymyza, gadymdan gelýän mirasymyza belent sarpa bar. Şonuň üçin hem ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olara şöhratly taryhymyzy wagyz etmek asylly ýörelgeleriň biridir. Şeýle asylly ýörelgelere esaslanyp geçirilýän sapaklarda we wagyz-nesihat çärelerinde halkymyzyň şöhratly taryhy barada gürrüň berýäris. Milli gymmatlyklarymyzy we şöhratly taryhymyzy wagyz etmekde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitaplary gymmatly gollanma bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy», «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaplary biziň her birimiz üçin gymmatly gollanma öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýar, beýik ösüşlere ýetilýär. Şeýle ösüşlere beslenýän döwrümizde halkymyzyň ruhuny baýlaşdyrmak, şöhratly taryhymyzy öwrenmek we wagyz etmek asylly ýörelgelerdir. Munuň özi eşretli durmuşy, sagdyn jemgyýeti kemala getirýär we röwşen geljege ruhlandyrýar. Türkmen halkynyň medeni mirasy müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösmegine goşant goşup gelipdir. Hormatly Prezidentimiziň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda bu barada aýdyň mysallar, taryhy maglumatlar beýan

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Sazlaşykly işler üstünlige ýetirýär

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmaklarynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimlerine söz berildi. Olar welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

29-njy aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

Aşgabat, 29-njy aprel (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda: “Siziň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly we ýokary depginlerde ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işiňiz uly hormata mynasypdyr” diýip belledi hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy BMG-niň Baş sekretaryny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli mähirli gutlaglaryny iberdi. “Dünýäde durnuklylygy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen işleriňiz, şeýle hem Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky netijeli gatnaşyklary ösdürmäge goşýan goşandyňyz üçin Size çuňňur minnetdarlygymy bildirýärin” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň, telegrammalaryň gelmegi dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, kärhanalaryň, guramalaryň ýolbaşçylary öz hatlarynda türkmen halkynyň ähli döwürlerde-de halkymyzyň milli buýsanjy we mirasy bolan ahalteke bedewlerine hormat bilen garandyklaryny belleýärler. Halkymyz behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmegiň, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamagyň, baş sanyny artdyrmagyň köpýyllyk tejribesini nesilden-nesle geçirip gelipdir. Bu ugurdaky işler häzirki döwürde-de üstünlikli dowam etdirilýär. Gutlag hatlaryny iberenler Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi mähirli gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň parahat, bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan ähli işlerinde üstünlikleri arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyza saglygy goraýyş we derman senagaty ministri M.Mämmedow, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi A.Begliýew, döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy M.Babaýew, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korpo

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giň gerimde bellenildi

28-nji aprelde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy, Arkadag şäheriniň häkimi, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadag şäherinde behişdi bedewlerimiziň şanyna guralan dabaralara gatnaşdy

27-nji aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Ir bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy dabara gatnaşyjylary we myhmanlary baýramçylyk ruhunda garşylady. Bu ýokary okuw mekdebi şu gün behişdi bedewleriň hormatyna geçirilýän bäsleşikleriň ýaýbaňlandyrylýan merkezine öwrüldi. Hemme ýerde türkmen toýuna mahsus görnüşler emele getirilip, joşgunly aýdym-sazlar ýaňlandy, ýurdumyzyň döredijilik toparlary iň gowy çykyşlaryny görkezdiler.

Döwürleriň we göwünleriň buýsanjy

Türkmenistanda Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň kökleri müňýyllyklara uzaýan gadymy atşynaslyk däpleri dowamata atarylýar. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak hem-de wagyz etmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan işleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 28-nji aprelde ýurdumyzda giňden bellenilen Türkmen bedewiniň milli baýramy uly ähmiýete eýe bolup, döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagyndaky esasy baýramçylyk çäreleri Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda ýaýbaňlandyryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň atçylyk firmasynyň ýolbaşçysy hem-de “Arkadag” futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy

26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, döwrebap ahalteke atçylyk athanasyna geldi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen gürrüňdeş boldy hem-de Arkadag şäheriniň futbol toparynyň türgenleri bilen duşuşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde halkymyzyň hem-de umumadamzat medeniýetiniň gymmatlygyna öwrülen ganatly bedewleriň hormatyna guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy, GFR-iň “Jeýkob Ferdezuçt GBR” atçylyk firmasynyň direktory Katarina-Irena Anna-Margarita Ýakob bilen duşuşyp, ahalteke atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy ugrunda halkara giňişlikde amala aşyrylýan işler boýunça pikir alyşdy.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we mähriban halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly atşynaslar! Sizi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda behişdi bedewlerimiziň şanyna uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi bilen duşuşygy

28-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralary tamamlanandan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Raisi Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Pursatdan peýdalanyp, Rustam Minnihanow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady.