Şöhratly taryhymyzyň şuglasy

30 Aprel 2024
392

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň çapdan çykmagy biziň üçin ajaýyp sowgat boldy. Bu kitap her birimizi buýsandyryp, şöhratly taryhymyzy öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. Kitapda ylmyň we medeniýetiň ösmegine örän uly itergi beren ekerançylyk, ak bugdaý, gadymy medeniýet hakynda giňişleýin gürrüň berilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow eziz Watanymyzyň halkara abraýynyň beýgelmeginde, beýik işleri durmuşa geçirmekde nusgalyk görelde bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän bu kitap Watany söýmekde her birimize nusgalyk wagyz-nesihatçy, ýol görkeziji şamçyragdyr. «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyza bolan çäksiz söýgüsinden dörän eserdir. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda şeýle belleýär: «Kakam Gahryman Arkadagymyzyň taryha, esasanam, türkmen halkynyň taryhyna degişli berýän gyzykly gürrüňleri hemişe täsirli». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, nesil terbiýesiniň milli ýörelgesini, türkmen halkynyň taryhyna bolan buýsanjy duýmak bolýar.

Gülkamar MERETJÄÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.
Beýleki habarlar