"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi

2-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi Ý. Gurbanow, Balkan welaýatynyň häkimi T. Atahallyýew, Daşoguz welaýatynyň häkimi N. Nazarmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş. Amangeldiýew özleriniň ýolbaşçylyk edýän sebitlerinde işleriň ýagdaýy, hususan-da, gowaça ekişiniň barşy, ak ekinlere ideg edilişi, pile möwsümine görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem welaýatlaryň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky dürli maksatly desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täzeçil syýasaty ýurdumyzyň we jemgyýetimiziň ösüşiniň hereketlendirijisidir

Watanymyzyň taryhynda täze parlament düzümi bolan Halk Maslahatyna üstünlikli geçirilen ilkinji saýlawlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli we döwletimiziň demokratik, hukuk esaslarynyň mundan beýläk-de berkidilmegine, hakyky halk häkimiýet ýörelgeleriniň tassyklanmagyna gönükdirilen özgertmelerini durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Bu edara milli Liderimiziň halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň we Watanymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine işläp taýýarlan hem-de amala aşyrýan durmuş-ykdysady maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder. Hormatly Prezidentimiziň 29-njy martda sanly ulgam boýunça geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlarynyň jemlerine garaldy.

Ösüşi üpjün etmek boýunça netijeli çäreler geçirilýär

Geçen anna güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmegiň hem-de şanly senelere taýýarlyk görmegiň wajyp meselelerine garaldy. Iş maslahatynda ilki bilen, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň häkimleri hasabat berdiler. Olar öz hasabatlarynda ýolbaşçylyk edýän welaýatynda durmuş-ykdysady görkezijiler, gowaça ekişiniň bellenen agrotehniki möhletlerde we talabalaýyk geçirilmegini üpjün etmek hem-de ulanylýan ähli oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmak, bugdaý meýdanlarynda ösüş suwuny tutmak we maýsalary mineral dökünler bilen iýmitlendirmek boýunça görülýän netijeli çäreleri beýan etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden ÇYKYŞY

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bu halkara guramanyň 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

Ýokary derejeli duşuşyk

31-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilen bu guramada häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýarlar.

Sebitde gatnaşyklaryň möhüm ugurlary

Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Bu halkara guramanyň 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilendigini bellemek gerek. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

Kämil kanun — berk binýat

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda ýurdumyzda gazanylýan ykdysady-durmuş üstünliklerimizi we beýleki ugurlarda ýetilýän belent sepgitlerimizi berkitmek, kanunçylyk ulgamyny has-da kämilleşdirmek, döwletimiziň syýasy-hukuk ulgamyny döwrebap derejede özgertmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz gysga wagtyň içinde durmuş-ykdysady ösüşiň belentliklerine sary aýgytly gadam urdy we uly ösüşlere, özgerişliklere eýe boldy. Jemgyýetimiziň ähli ugurlary bilen birlikde, döwletimiziň hukuk ulgamyny kämilleşdirmekde hem ençeme işler durmuşa geçirildi. Mähriban Prezidentimiziň ýurdumyzyň hukuk ulgamynda amala aşyrýan özgertmeleri halkymyz we dünýä bileleşigi tarapyndan gyzgyn goldawa eýe bolup, ýurtda kanunçylygyň ösmegine giň badalga berdi. Hormatly Prezidentimiz döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmakda dünýä tejribesini özleşdirip, milli tejribämizi kämilleşdirmekde hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öňünde uly wezipeleri goýýar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

AŞGABAT, 31-nji mart (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 31-nji marty) Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary!

Dünýä giňişliginde Türkmenistanyň orny

«Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni öňe sürýän hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasaty, beýik tutumlary, maksatnamalaýyn özgertmeleri biri beýlekisi bilen özboluşly sazlaşýan milli hem-de umumadamzat ähmiýetli başlangyçlary tutuş dünýä tarapyndan goldanylýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan şeýle hukuk ýagdaýy berlen ilkinji döwlet bolmak bilen, halkara hukugyna laýyklykda gelip çykyşy boýunça hemişelikdir, mazmuny boýunça oňyndyr. Munuň özi döwletiň parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde, ýurtlaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde işjeň orny eýeleýändigini görkezýär. Munuň şeýledigini hormatly Prezidentimiziň: «Hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar» diýip aýdan sözleri hem doly tassyklaýar.

Resmi habarlar

Syýasy durmuşyň senenamasy 18-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryna degişli kömekçi hojalyklarda alnyp barylýan işler we köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine görülýän taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy.

Halkara hyzmatdaşlyk işjeňleşdirilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen (Türki geňeş) resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Häzirki wagtda Azerbaýjan Respublikasy, Gazagystan Respublikasy, Gyrgyz Respublikasy, Özbegistan Respublikasy we Türkiýe Respublikasy 2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilen bu halkara guramanyň — Türki geňeşiň agzalary bolup durýar.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Täzelikler. Wakalar. Maglumatlar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi. Mejlisde saýlawlaryň geçirilişine syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýat toparlary, dalaşgärler tarapyndan bellenilen milli synçylaryň syn etmegi bilen bagly geçirilen işler barada habarlar diňlenildi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň üstünliklere beslenmeginiň ygtybarly binýady bolan demokratik ýörelgeleri işjeňleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrülendigi nygtaldy. Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň dowamynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we şolar boýunça degişli çözgütler kabul edildi. * * *

Döwletlilik ýörelgämiz kalplary buýsanja besleýär

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Milli Liderimiz mejlisi açyp, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi, ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.

Halkyň uly ynamynyň belent nusgasy

30-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy. Merkezi saýlaw toparyň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimizi Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna biragyzdan saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady we döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasyny gowşurdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi, ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.

Halk häkimiýetlilik ýörelgeleri pugtalandyrylýar

Hormatly Prezidentimize Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzasynyň şahsyýetnamasy gowşuryldy Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça milli parlamentiň hil taýdan täze, iki palataly düzüminiň döredilmegi Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşiniň hukuk esaslarynyň berkidilmegini, döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün eder. 28-nji martda geçirilen saýlawlar ösüşiň we döredijiligiň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. 30-njy martda döwlet Baştutanymyza Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygynyň şahsyýetnamasynyň gowşurylmagy muny aýdyň tassyklady.

Ýurdumyz — çagalaryň we çagalygyň bagtly mekany

29-njy martda milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Mejlisiň Başlygy ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi. MILLI PARLAMENTIŇ DURMUŞYNDA TÄZE TAPGYR