Döwletlilik ýörelgämiz kalplary buýsanja besleýär

31 Mart 2021
833

29-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde resminamalaryň taýýarlanan taslamalaryna seredildi hem-de käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Liderimiz mejlisi açyp, 28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynyň geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G.Myradowa söz berdi, ol Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň geçirilen ilkinji saýlawlarynyň netijeleri barada giňişleýin habar berdi.

Beýleki habarlar