"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Çynar agajy

Biziň güneşli ýurdumyzyň çäginde ösýän çynar agajy özüniň berkligi, uzak ýaşaýanlygy bilen tapawutlanýar. Käbir ýurtlarda iki müň ýyldan gowrak ýaşy bolan çynar agajyna hem duşmak bolýar. Şeýle uzak möhlete çenli saklanyp galan bu daragtyň diňe göwrüminiň özüniň 12 metre ýetýändigi bellärliklidir. Alymlaryň çaklamagyna görä, çynar agajynyň iň gadymysy Türkiýede, Bosforyň golaýynda ösýär. 2300 ýyl ýaşy bar diýlip çaklanylýan bu çynaryň boýy 50 metrden geçýär. Çynar agajy, esasan, Ýewraziýa yklymynda ýaýrandyr. Gündogar halklarynda bu agaja bolan hormat şeýle uly bolansoň, ir döwürlerde adamlar her çynar agajyna özboluşly at beripdirler. «Çynar» sözüniň asyl gelip çykyşy türki söz bolup, ol «belent», «uzyn» manylaryny berýär. Türki halklarynda bu agajyň adyny perzentlerine hem dakýarlar. Halkymyzda Çynar ady gyz maşgala dakylýar. Munuň özi halkymyzyň bu daragta bolan hormatynyň uludygynyň nyşanydyr.

Mikroplastikalary toplaýan robot balyk

Hytaýyň Siçuan uniwersitetiniň alymlary suwda mikroplastikalary ýygnamak üçin robot balygy döretdiler. Robot guýrugynda ýerleşdirilen lazer şöhlesi bilen herekete girýär we suwdaky mikroplastikalary bedenine ýelmeşdirip ýygnap başlaýar. Robot balygynyň hereket tizligi sekuntda 30 millimetre ýetýär.

Guşuň täze görnüşi tapyldy

«Kapotly pitohui» ylmy gözlegler bilen tassyklanan dünýädäki ilkinji zäherli guşdur. Täze Gwineýada bu guşuň zäherlidigini bilseler-de, alymlar onuň bu aýratynlygyndan bihabardylar. Şeýle-de bolsa, Jek Dumbaçer atly gözlegçi guşy tutup, barmagyny onuň agzyna salanda zäherlidigine düşünipdir. Ol ýaralanan barmagyny derrew çekip aýryp, agyryny aýyrmak üçin agzyna salypdyr. Tiz wagtdan diliniň we dodaklarynyň çişip başlandygyny, soňra agyz boşlugynyň içiniň burç iýen ýaly, ajandygyny duýupdyr.

Ýel bilen Güne 10 göterim degişli

«BloombergNEF» (BNEF) tarapyndan taýýarlanan hasabata görä, 2021-nji ýylda öndürilen elektrik energiýasynyň 10 göteriminden gowragy ilkinji gezek ýel we Gün energiýasy bilen üpjün edildi. 2021-nji ýylda öndürilen 3000 terawatt sagat elektrik energiýasynyň 10,5 göterimi ýel bilen Gün energiýasynyň birleşmegi netijesinde emele geldi. Geçen ýyl Gün esasly energiýanyň umumy energiýa islegine goşandy 3,7 göterime, ýel energiýasy bolsa 6,8 göterime çenli ýokarlandy.

Suw gym­mat­ly ha­zy­na­dyr

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin türkmenler asyrlaryň dowamynda suwa aýawly çemeleşipdirler. Onuň her bir damjasyny altyna barabar görüpdirler. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halk döredijiliginde suwa sarpa goýmak hakynda birgiden nakyllardyr aýtgylar, tymsallar hem-de rowaýatlar döräp, dilden-dile geçip gelipdir. Gahryman Arkadagymyz hem ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa has aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny mydama ündäp gelýär. Arassa agyz suwunyň halkymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlaryň ömrüni uzaltmakda hem-de milletiň genofondyny gowulandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini mysallaryň üsti bilen düşündirýär.

Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň nus­ga­sy

Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly nazaryndan bina bolan sil suwlaryny sowujy desganyň gurlup ulanylmaga berlendigi baradaky habar gadymy oguz ýurdunyň bagta dahylly her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç we kanagatlanma duýgusyny döretdi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan bu deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desga hormatly Prezidentimiziň tebigy betbagtçylyklardan we paslyň aýratynlyklary zerarly ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan ilaty we ýer parçalaryny, dürli maksatly desgalary goramak bilen bagly çynlakaý aladalarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan bu suw desgalar toplumy halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe boldy. Ine, ol halkara güwänamalar: «Seleweýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň toplumyň özboluşly gurluşyk taslamasy esasynda durmuşa ornaşdyrylandygy baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň toplumyň çäkleriniň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamasy, «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň toplumyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara gur

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +6... +11 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus maýyl bolar.

Gadymy Uzboýuň gözellikleri

Uzboý türkmen tebigatynyň täsin tebigy ýadygärlikleriniň biridir. Onuň taryhy bilen içgin gyzyklansaň, tebigatyň gözel künjegi hakynda gyzykly kitaby okap oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Gadymy Uzboýuň aşaky hem-de orta akymlaryna syýahat etmegi maksat edinen adamyň ýoly Uly Balkanyň dag eteklerinden başlap, Garagumuň merkezindäki Palaýhanata oýlugynyň üstünden düşýär. Ýolugruna duşýan äpet zemzemler, dürli görnüşli ýylanlar bu sebitiň haýwanat dünýäsiniň baýlygyndan habar berýär. Uzboýuň akabasy uç-gyraksyz sähranyň goýnunda ajaýyp görnüşi emele getirýär. Bu akabanyň ugrundaky owunjak kölçeleriň keşbi duzlaryň gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldysy bilen garyşyp gidýär. Emma asyrlaryň dowamynda güýçli ýelleriň, Uzboýuň bol suwunyň täsiri astynda ýylmanan derýa kenary göreni haýran galdyrýar. Töwerek-daşy synlap, bir wagtlar bu ýerde ýaşaýşyň möwç urandygyny görkezýän alamatlary görmek bolýar. Gadymy hananyň golaýyndaky Ýasga köli göçegçi guşlaryň ýalazy sähradaky ýeke-täk howpsuz we ajaýyp düşelgesidir. Goýä, bir gudrat bilen döräne çalymdaş Ýasga kölüniň göm-gök suwy daş-töweregi gurşap alan sap-sary çölüstanyň içinde merjen dänesi deý öwüşgin atyp, bu ýeriň görküne görk goşýar. XX asyryň belli gidrobiology Kumin Ýa

Gyş gapyny kakanda

Şu gün gyşyň ilkinji güni. Ýöne halk senenamasy boýunça bolsa 23-nji noýabrda garagyş döwri başlanyp, ol 7-nji dekabra çenli dowam edýär. Bu paslyň gelmegi bilen daýhanlaryň işi paýawlaýar, maldarlar üçin bolsa jogapkärli möwsüm — dowarlary gyşlatmak möwsümi başlanýar. Ýylyň ýyldan, paslyň pasyldan parhy bar. Ine, ýigrimi birinji asyryň ýigrimi ikinji ýylynyň altyn güýzi bereketli, hümmetli geldi. Daýhanlarymyzyň çeken zähmeti ýerine düşdi, dürli ekinleriň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Atyzlardaky berekedi ýygnap almak işine köp güýçler jemlenildi. Şonuň netijesinde nygmat bolçulygy döredildi. Tebigat hem ýer eýelerini «goldady»: güýz paslynyň soňky aýlary örän ýyly we ygalsyz geldi. Bu bolsa ekin meýdanlarynyň bol hasyly yrýasyz ýygnap almaga oňyn şertleri döretdi.

Ýürek örküm — Garagum

Garagum sährasynyň baý ösümlik dünýäsiniň diňe ekologiýa babatda däl, eýsem, ynsan saglygy üçin örän ähmiýetlidigini, olaryň her biriniň häsiýetli aýratynlyga eýedigini hemmämiz bilýäris. Onuň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak we ony nesillere ýetirmek biziň borjumyzdyr. Aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagum sährasy ýylyň ähli paslynda-da tebigy gözelliklere diýseň baý. Baharyň jana ýakymly günlerinde seýrana çykmak, tomsuň nurana gijelerinde ak alaňlara çykyp, ýyldyzlary synlamak, tyllaýy güýzlerde sarymeňiz keşbe giren ösümlikleriň gözelligine maýyl bolmak, ak garly gyşlarda towşan yzly depelere çykmak her bir adamy Garagumuň gudrat-keremine bendiwan eýleýär. Ak sazaklaryň ýaşyl öwüsýän pürleri, gyz kamatly sözenleriň uzaklardan gol bulap durşy, ýylyň ähli paslynda gök öwüsýän borjaklar, aňňat-aňňat depeleriň degresine gelşik berip oturan gandymlar, selinler...bereketli türkmen sährasynyň ösümlik dünýäsiniň egsilmez baýlyklary. Sazagyň halk lukmançylygynda aýratyn orny bardyr. Sazak — Garagum sährasynyň baýlygy, bezegi, bereketi. Onuň tokaýlyklaryny synlanyňda, tebigata söýgiň has-da artýar. Gum depelerinde, gollaryň içinde ösüp oturan sazaklar ýöne bir adaty sähra ösümligi bolman, ol adama-da, haýwana-da peýdaly baýlyk

Ördek

Ördek suwda köp gezýän guşdyr. Ony gamyşly köllerde, suw howdanlarynda, derýalaryň ýalpak ýerlerinde, deňizleriň kenarlarynda görmek bolýar. Ol suwuň aşagynda hem suwuň ýakasynda bitýän ösümlikleri, leňňeji, tomzagy, teneçirdir çybyny, çirkeýi iýýär. Şeýle-de ördek ýasy çüňküni çalaja açyp, suwly laýy ilki sorýar, soňra ony agzynda süzüp iýmitlenýär.

Gyzylgaz

Gyzylgaz örän owadan guş. Onuň aýaklary hem boýny uzyn bolýar. Daşky görnüşi bolsa gülgüne reňklidir. Seýrek gabat gelýän bu uly guşa şor suwly sähra köllerinde, Hazar deňziniň eteklerinde, Garabogaz aýlagynda, Çeleken töwereklerinde, gabat gelmek bolýar. Olar ýalpak suwly ýerlerde süri-süri bolup, hatara düzülip, uzyn günläp iýmitlenýärler, gezim edýärler. Olary golaýdan synlasaň, edil gülälekli meýdany ýadyňa salýar. Oňat uçup, ýüzüp bilýän gyzylgaz köplenç suw otlarydyr suw jandarlaryny iýip oňýar. Olar uçanda toýnuk gurap uçýarlar. Bu guşlar suwuň ýalpak, gamyşly ýerlerinde, çöp-çalamlaryň üstünde gyrmançadan, ösümliklerden, mollýuskalaryň boşan daşky örtüklerinden uly höwürtge ýasanýarlar. Her sürüsinde üç ýüze ýakyn höwürtge bolýar. Şol höwürtgelerde gyzylgazlaryň mäkiýanlary bir ýa iki sany ýumurtgasyny basyp oturyp, maýdyr-iýun aýlarynda, 30-32 günüň dowamynda jüýje çykarýarlar. Jüýjeleriň ýasy we çowsuz ganatlarynyň reňki birbada garamtyl çalsow bolup, üstünden birki ýyl geçenden soň uly gazlaryňky ýaly, gülgüne öwsüp ugraýar.

Garagulak

Ýurdumyzyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Häzirki wagtda gözel Watanymyzyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamakda ýurdumyzda 9-sany döwlet tebigy we biosfera goraghanalary hereket edýär. Her goraghananyň hem özboluşly ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Şol goraghanalaryň biri hem ýurdumyzyň günorta künjeginde ýerleşýän «Bathyz» döwlet tebigy goraghanasydyr. Goraghana ýowuz hem-de ajaýyp sebitde ýerleşýär. Goraghananyň çäginde haýwanlaryň köp görnüşleri duş gelýär. Bu ajaýyp künjekde dag goçlaryna, keýiklere , gulanlara, ondan daşary hem ýyrtyjy haýwanlara gabat gelmek bolýar. Goraghananyň çägindäki haýwanlaryň köpüsi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Ol haýwanlardan Alajabarsy, Syrtlany, Garagulagy görkezmek bolar.

Bileniň — baýlygyň

Daglaryň täsinligi Ýer togalagyndaky iň beýik wulkan — Çili döwletiniň çägindäki And daglarynyň 6887 metr beýikligi bolan Okos - del - Salado wulkanydyr.

Biler bolsaňyz!

Iň beýik agaç Ýakynda Amazonkada biolog alymlaryň üç ýylyň dowamynda bäş gezek geçiren irginsiz ekspedisiýa gözlegleri şowly tamamlandy. Gür jeňňellik tokaýda iki hepde pyýada ýöräp, 20 kilometr ýol geçilenden soň, alymlar ahyry ýitiginiň – iň beýik agajyň üstünden bardylar.

Bilbil mukamy

Biziň öýümiziň çep tarapynda seleňläp oturan üç düýp armyt, sag tarapynda bolsa bir düýp erik bardy. Olaryň düýbündäki suwly ýabyň boýy garaly bagydy. Bir dörtburç pel bolsa nar agajyndan doludy. Nar agaçlary güllän hem-de bişen döwri üýtgeşik owadan görnüşe girýärdi. Güýzüň soňky aýy bolsa ýapraklary sary bolýardy, şol pursatlar aralaryna girip dursaň, hamana üstüňe sap-sary çadyr gerlen ýalydyr. Çagalaryň köp oýnaýan ýerleri penje-penje ak gülli, tomsuna süp-süýji miweli armydyň we tegelenip oturan ullakan erik agajynyň aşagydy. Armyda gelenini görmedim, ýöne erik agajyna her gün säher bilen bir bilbil gelerdi. Tomus günleri her gün bilbiliň mylaýym sesine oýanardym. Onuň owazynyň şirinligine haýran galyp, ýakymly duýgulardan gözlerime ýaş aýlanardy, süýji mukamy bir gulaga öwrülip diňläp oturardym. Bilbiliň sesinden teşne kalbym ganmazdy, diňledigimçe diňläsim gelerdi. Bilbil göýä ynsan dilinde gepläýjek bolýardy. Bu owaz gündelik gaýtalanardy. Menem saz diňlärdim, ýöne jigilerime aýdamokdym. Sebäbi olaryň özleri bilbil ahyry...

Melhem suwly çeşmeler

Ýaşaýyş-durmuşymyzda suw esasy zerurlyklaryň biridir. Türkmen topragy hem bereketli suw serişdelerine eýe. Pederlerimiz suwuň her damjasyny altyn dänesine deňäp, gadyrlapdyrlar. Onuň bisarpa ulanylmagyna, harlanmagyna ýol bermändirler. Ýadyma düşýär, enem dagy gum içinde ýaşansoň, içimlik suwy-da uzak aralykdan düýeli daşardylar. Suw gytçylygy zerarly gumda bag-bakja ösdürip ýetişdirmek aňsat däldi. Onda-da enem howlymyzda tut agajyny oturdyp, oňa ideg ederdi. Tut agajynyň ýanynda mydama suwly kündük durardy. Enem her gezek el-ýüzüni ýuwanda, onuň suwuny tut agajynyň düýbüne akdyrardy. Bize-de şeýle etmegi sargardy. Soňra şol tut agajy boý alyp, şaha ýaýdy. Enem onuň kölegesinde oturyp, el işlerini ederdi. Gahryman Arkadagymyz «Suw — ýaşaýşyň we bolçulygyň çeşmesi» atly ajaýyp eserinde: «Parasatly pederlerimiz suw gorlaryny tygşytly we rejeli peýdalanmak üçin emeli derýalary, ýaplary, akabalary, köllerdir howdanlary, kärizleri we başga-da köp sanly suwaryş ulgamlaryny gurupdyrlar. Eşrepi suwuň ýeke damjasyny hem isrip etmän peýdalanmaga çalşypdyrlar» diýip ýazýar. Ata-babalarymyzyň bu asylly däplerinden ugur alnyp, häzirki döwürde hem ýurdumyzda suw serişdelerini aýawly saklamak we ondan tygşytly peýdalanmak boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçiri

Şowlulygyň daşy

Benitoit dünýäde seýrek duş gelýän minerallaryň biri bolup, ýylsaýyn gymmaty artýan daşdyr. Ol ilkinji gezek Kaliforniýanyň San Benito etrabyndan tapylýar. Şonuň şanyna-da daş onuň adyny göterýär. Benitoitiň taryhy bir asyra barabardyr. 1906-njy ýylda alym Jorj Louderbak adaty bolmadyk sapfirler barada gözleg geçirende, benitoit daşyny açýar. Bu mineral ýakut daşynyň reňki ýaly gök, goýy gök reňkde bolýar. Benitoit daşyna pleohroizm häsiýeti, ýagny reňkini üýtgetmek ukyby mahsus. Gymmatly mineralyň ýarym dury we aýna ýaly dury görnüşleri bar. Ultramelewşe şöhlesiniň aşagynda bu daş açyk gök öwüsýär. Benitoit örän seýrek mineral bolup, diňe gaty kiçi kristallar görnüşinde tapylýar. Mineralyň ýeke-täk ýatagy ilkinji açylan ýeri bolan Kaliforniýada ýerleşýär. Şeýle-de bolsa, benitoit Tehasdan we Belgiýadan hem wagtal-wagtal tapylýar. Ýöne bu ýerlerden tapylan kristallaryň hili Kaliforniýadakylardan has pesdir.

AÇYK GÜLLI KIPREÝ (Kипрeй мaлоцвeтный)

Häsiýeti. Dag derman ösümligi. Açyk gülli kipreý — kipreýler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 50 — 80 sm köpýyllyk otjumak wekili. Çalymtyl-ýaşyl ösümlik, esasyndan gysga güýzki pudaklary we ýapraklary emele getirýär. Baldagy göni, ýönekeý ýa-da şahalanan, göni galgap duran şahaly, togalak, gür däl we gysga syh-syh buýraly tüýjagazlar örtülen, ýokarsy seýrek şeşper görnüşli tüýlüje. Ýapraklary süýri, pahna görnüşli ýa-da ýumurtga görnüşli pahna şekilli, gyrasy ownuk öňe çykyp duran dişlije, ýiti, sapaksyz, iki tarapy hem gür buýraly gysga tüýjagazlar bilen ýeterlik derejede örtülen.

Ýyldyzlar näme diýýär? Size gowulyk garaşýar!

1.Hamal (Guzy 21.03 — 20.04) Dekabr aýynda hamallaryň öňünde özüne çekiji mümkinçilikler açylar. Haýsydyr bir işe täzeden girişmezden ozal, onuň bolýan hem bolmaýan taraplaryny ölçerip görüň. Bu aýda hamallar resminamalar bilen iş salşanda ünsli bolmalydyrlar. Durmuşyňyzda möhüm duşuşyklaryň boljak günlerini, şertnamalaryň baglanyşyljak senelerini gündeligiňize bellemegi unutmaň. Bu aýda hamallaryň durmuşynda bagtly pursatlar kän bolar. Olaryň maddy ýagdaýy gowulaşyp, özlerine gymmat bahaly şaý-sepleri, öýlerine döwrebap goşlary satyn almaklary ahmal. Dekabr aýy kompýuter enjamlary bilen işleşýän, bank ulgamynda, gurluşykda işleýän hem-de döredijilik bilen meşgullanýan hamallar üçin örän düşümli bolar.