Gadymy Uzboýuň gözellikleri

30 Noýabr 2022
847

Uzboý türkmen tebigatynyň täsin tebigy ýadygärlikleriniň biridir. Onuň taryhy bilen içgin gyzyklansaň, tebigatyň gözel künjegi hakynda gyzykly kitaby okap oturan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň. Gadymy Uzboýuň aşaky hem-de orta akymlaryna syýahat etmegi maksat edinen adamyň ýoly Uly Balkanyň dag eteklerinden başlap, Garagumuň merkezindäki Palaýhanata oýlugynyň üstünden düşýär. Ýolugruna duşýan äpet zemzemler, dürli görnüşli ýylanlar bu sebitiň haýwanat dünýäsiniň baýlygyndan habar berýär. Uzboýuň akabasy uç-gyraksyz sähranyň goýnunda ajaýyp görnüşi emele getirýär. Bu akabanyň ugrundaky owunjak kölçeleriň keşbi duzlaryň gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldysy bilen garyşyp gidýär. Emma asyrlaryň dowamynda güýçli ýelleriň, Uzboýuň bol suwunyň täsiri astynda ýylmanan derýa kenary göreni haýran galdyrýar. Töwerek-daşy synlap, bir wagtlar bu ýerde ýaşaýşyň möwç urandygyny görkezýän alamatlary görmek bolýar. Gadymy hananyň golaýyndaky Ýasga köli göçegçi guşlaryň ýalazy sähradaky ýeke-täk howpsuz we ajaýyp düşelgesidir. Goýä, bir gudrat bilen döräne çalymdaş Ýasga kölüniň göm-gök suwy daş-töweregi gurşap alan sap-sary çölüstanyň içinde merjen dänesi deý öwüşgin atyp, bu ýeriň görküne görk goşýar.

XX asyryň belli gidrobiology Kumin Ýasga köli bilen ilkinji duşuşygynda dörän duýgyny, ine, şeýle beýan edipdir: «Ençe günläp ýol söküp, biz ahyr kenarlary altyndan, suwy bolsa kümüşden ýasalan ýaly derýanyň üstünden bardyk. Bu ajaýyp keşbiň üstüni göm-gök gamyşlygyň hem toraňňylygyň gözelligi, olaryň daşyny gurşap alýan şorluklaryň gözüňi gamaşdyryjy ýalpyldysy ýetirýär. Bu göm-gök derýa diýýänimiz bolsa, görüp otursak, daşy çägelik bilen jäheklenen Ýasga köli bolup çykdy». Ýasga kölüniň özboluşly ösümlik dünýäsi bar. Ýasga ýaly köller bu töwerekde barmak basyp sanardan kän. Bu ýerdäki süýji suwly kölleriň biri «Garategelek», beýlekisi «Topýatan» diýlip atlandyrylýar. Ýasga kölünde suw pyşbagalaryna duş gelmek bolýar.

Ogulgül DURDYÝEWA,
Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň geografiýa mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy.
Beýleki habarlar