"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Tebigaty goramak – derwaýys mesele

Häzirki wagta çenli jemgyýet bilen tebigy gurşawyň özara täsiri adamzadyň ösüşiniň ähli döwürlerinde wajyp meseleleriň biri bolup geldi. Tebigaty we onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ony goramak ýaly meseleler, hut adamzadyň ýaşaýyş gurşawy hökmünde, onuň durmuşynda, ykdysady we jemgyýetçilik işlerinde, dünýä möçberinde ilkinji orna çykdy. Tebigat sözüň giň manysynda - bu ähli daşymyzy gurşap alýan barlykdyr. Ol diňe Ýer togalagy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, kosmiki jisimleri hem öz içine alýar. Bu düşünje älem, jahan diýen ýaly düşünjeler bilen bir hatarda durýar. Tebigata adamzat jemgyýetiniň ýaşamagy üçin zerur bolan tebigy şertleriň jemi hökmünde hem garalýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň beýleki pudaklary bilen bir hatarda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygy ulgamynda asyrlara barabar işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň milli tokaý maksatnamasynyň kabul edilmegi, her ýyl millionlarça dürli bag nahallarynyň oturdylmagy netijesinde tokaý zolaklarynyň emele gelmegi ilatyň arassa howadan dem almagyna ýardam berýär. Şeýle-de milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky umumy dünýä işine ägirt uly goşant

Ýaz gelende ýaýlamyza...

Ata-babalarymyz gadymy döwürde Aý, Gün, ýyldyzlar bilen bir hatarda, ýaşaýyş durmuşyndaky dürli ýagdaýlara nazar salmak arkaly ýere ýyly gidendigini anyklapdyrlar. Zeminiň süňňüne ýylynyň ýaýramagy meýdanda ot-çöpleriň dürterip çykmagyna täsir edipdir. Eger ak ýaýlalara ygal bol düşen bolsa, bozagandyr ýowşan pyntyk ýaryp, daş-töweregi bozgunçdan jana tenekar yslar gaplap alypdyr. Şeýlelikde, adamlaryň dem almasy görnetin ýeňilleşipdir.

Zenan bagtyýar — zemin bagta ýar

«Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!»

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Mäh­ri­ban top­ra­gy­my­za ba­har gel­di. Ýur­du­myz­da her pas­lyň öz­bo­luş­ly aý­ra­tyn­ly­gy, owa­dan­ly­gy bar. Ýö­ne nä­me üçin­dir, biz he­mi­şe yn­san kal­by­na has üýt­ge­şik tä­si­ri­ni ýe­tir­ýän ýaz pas­ly­ny küý­se­ýä­ris. Ba­har gün­le­ri­niň ge­le­ri­ne, gül­le­ri­niň açy­la­ry­na, te­bi­ga­ta jan ber­ýän, ýy­ly de­mi, gud­rat­ly mäh­ri bi­len kal­by­ňy ýy­lad­ýan, ru­hu­ňy gal­kyn­dyr­ýan, dün­ýä­ni öz­gerd­ýän ba­ha­ra sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýa­rys.

Sen pasyllar soltany, iň söýgüli wagtymsyň...

«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023 Goja Zemine ýaz geldi, meýdan gül-pürçüge beslendi. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Baýyrlar ýaşyl donuny geýip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolýar. Şeýle bir owadan güller açylyp, jümle-jahan durşuna gülälek. Giň jahan gülleriň, şabrap ýagan ýagşyň ysyndan ýaňa bark urup, daş-töweregiň arassa howasy göwnüňi göterýär. Ajaýyp gözelliklerden gözüňi aýrybilmän seredip durşuňa, tebigatyň eçilen gözelligine buýsanýarsyň, guwanýarsyň.

Ýaşlarda türkmen tebigatyna söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tarypy dünýä ýaňlanýan, raýatlarynyň sarpasy perişdä deňelýän Ata Watanymyzyň şan-şöhraty dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesi has-da belende göterilýär. Sabalarymyzy bagtyýar çagalaryň gülküsi, mährem eneleriň hüwdüsi, ak sakgally gojalaryň pähimi garşy alýar. Bagtyýarlyk zamanamyzda ýaşlaryň netijeli okamagy, göwnejaý bilim almaklary üçin ähli şertler döredilendir. Ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, ýagşy gylyk-häsiýetleri özünde jemleýän kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda ähli mümkinçilikler döredilýär. Şunda umumybilim berýän edaralarda okuwçylara bilim bermek bilen bir hatarda olara milli mirasymyz, döwletlilik ýörelgelerimiz, gözel tebigatymyz barada hem giňişleýin düşünjeler berilýär. Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp giň türkmen sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatynyň iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ü

МЫ – ТВОИ ДРУЗЬЯ, ПРЕКРАСНАЯ ПРИРОДА!

Окружающая среда имеет свое место воснове человеческойприроды.Она дышит внешним миром, чувствует его, иэтимичувствамизакаляетздоровье. Думаю, что мы не ошибемся, если скажем, что все, что имеем в жизни – это природный дар. Он лежит в основе жизненной обеспеченности и образует центр всех ценностей. Будучи в непрерывной и законной связи со всеми ситуациями, природа находится в постоянном взаимодействии с человеком. До настоящего времени человеческое общество глубоко научно изучило природу, добилось правильного понимания ее с учетом различных граней ее содержания. В связи с взаимоотношениями с окружающей средой, основная цель, которая теперь стоит перед нами – это только ее защита, бережное сохранение и достойная передача следующим поколениям. О

Güller we gözeller

«Sen maňa dostuň kimdigini aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýen jümlä durmuşda kän gabat gelensiňiz. Biziň şu ýazgymyzy okanyňyzdan soň: «Sen maňa haýsy güli gowy görýäniňi aýt, men seniň kimdigiňi aýdaýyn» diýen jümläni arkaýyn ulanyp bilersiňiz. Sebäbi bilermenleriň uzak ýyllaryň dowamyndaky tejribe-barlaglary haýsy güli gowy görýändigimize görä, häsiýetimize bellibir derejede baha berip bolýandygyny görkezdi. Bägül. Bu güli gowy görýän zenanlaryň esasy halaýan zady — syýahatlar, gezelençler, başdangeçirmeler. Dürli medeniýetler, gadymy däp-dessurlar sizde juda üýtgeşik täsir döredýär. Siz her pasylda gül açýarsyňyz, nirä gidäýeniňizde-de üýtgeşik, gelşikli geýinmegi halaýarsyňyz.

Ýazlar gelende

Baharyň gelenin habar biýr gazlar,Gök dona bürener sähralar düzler,Çigrekler, gyrawlar, sowuk aýazlar Älemi terk eder ýazlar gelende. Çöp başyn galgadyp öwsende ýeller,Olary wasp edip saýrar bilbiller,Müşki-anbar ysly elwan bägüllerAjaýyp bark urar ýazlar gelende.

Halky ýorgutlar

Ata-babalarymyz tebigatda bolup geçýän hadysalara örän ünsli syn edipdirler. Haýsy döwürde nähili howanyň bolýandygyna gözegçilik edipdirler. Şeýlelikde, olaryň köpýyllyk tejribeleri esasynda özboluşly halky ýorgutlar, aýtgylar, hasaplar döräpdir. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, taryhyň akymynyň haýsydyr bir öwrüminde ulanyşdan galan sözleriň manysyny anyklap, ony ýaş nesilleriň aňyna ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Biz hem halk arasyndan ýygnan ýorgutlarymyzyň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Baharyň buşlukçysy

«Gaýalaryň gary eräp bireýýäm,Pyntyklady pisse bilen badamlar.Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör:– Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar!» Şahyryň aýdyşy ýaly, ýere ýyly girip, pasyllaryň soltany bolan bahar pasly geldi. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Baglarda agaçlar pyntyk ýaryp, täzeden döreýşi başdan geçirýän tebigatyň uzyn taryh gatynda ýene bir täze sahypa ýazylyp başlanýar. Gözýetimde ýaýylyp ýatan sähralar, dag-dereler ýaşyl reňke boýalyp, üstünde keşde çekilen mysaly açylan al-elwan güller gözüňi gamaşdyrýar. Ýaz paslynyň ilkinji günlerinden jana girýän, özüniň owadan reňkli gülleri bilen tanalýan ösümlikleriň biri hem dermanlyk tozga ösümligidir.

Özboluşly bezeg ösümlikleri

Ak şa aýaly Ösümligiň täsin görnüşiniň şahyrana ady «Ak şa aýaly» diýlip atlandyrylýar. Bu at oňa tötänleýin berlen däldir. Adyndan belli bolşy ýaly, ol ak reňkliligi hem-de näzikligi bilen beýleki güllerden düýbünden tapawutlanýar.

Bahar — bagt serpaýy

Bu gün ýazyň ilkinji güni. Kalbyňa täsin juwanlyk duýgusyny bagyş edýän baharyň ýene-de gaýtalanyp gelmegi ömrüň täze peşgeşi. Ýere ýyly girmegi bilen Zemin eýýäm gerşine ýaşyl öýmesini atyndy. Säher bilen ören badyňa guşlaryň täsin jürküldileriniň çar ýana ýaýrap gitmegi, adaja şemalyň pyntyklan şahalaryň başyny ikibaka yramasy, käýarym ýaz ýagşynyň sepeläp geçmegi, asmandaky bulutlaryň ak pamyk mysaly lemmerlenip, süýşüp barmagy, dogup gelýän Günüň ýylysynyň we mähir nurunyň artmagy kalbyňy heýjana salýar. Baharyň mylaýym demi ýaňagyňa degen dessine ýaşaýşa bolan söýgiň güýjäp, ýüregiňe mähir-muhabbet aralaşýar. Şonda ençeme baharlaryň gujagynda ýazlamaga beren mümkinçiligi üçin ykbalyňdan hoşal bolýarsyň-da, eňegiňi elleriňe diräp geçen ýoluň hakynda oýa batýarsyň. Aslynda ynsan ýagty jahana inmek bilen onuň ähli lezzetinden, eşretinden, hezzet-hormatyndan öz peşgeş-paýyny alýar. Görer gözüň gözellikden ganyp durmagy, arassa howadan dartyp-dartyp dem almagyň, ganatyň ylham bolup, al-asmana uçup seýran etmegiň, ýazyň burk urýan ter bägüllerinden boglan çemeni bagryňa basyp, ysgap-ysgap gönenmegiň ýa-da gözleriň ilkinji perzendi, soň-soňlar ilkinji agtygy görmegiň, ony söýmegiň, söýülmegiň... Bularyň ählisi goýny bahar

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... +5 gradusdan +7... +12 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +13... +18 gradus maýyl bolar.

Köpetdag döwlet goraghanasynyň gözellikleri

«7/24. tm», № 09 (144), 27.02.2023 Türkmenistanda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty we tebigatyň goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilen ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli çäreler ylmy taýdan öwrenilen, häzirki zaman ylmynyň soňky gazananlaryna esaslanýar.

«Bahar gelýär, bahar gelýär...»

Indi gyş hem paýawlaberdi. Gijelerine gyşyň çigreginiň, gündizlerine bahar mylaýymlygynyň duýulmagy fewralyň täsinlikleriniň biridir. Onda gyşyň tämizligi, baharyň terligi bar. Halkymyzda bu möwsüme «alabahar» diýilýär. Ol şahyr aýtmyşlaýyn, dünýäni «ýylda solup, baky solmaýan güllere» besleýän, «ülkämize toý bolup gelýän» baharyň buşlukçysy. Ýene sanlyja günlerden diňe bir dünýäni däl, ähli ynsanlary ýazlaşdyrjak bahar gözel Diýarymyza gadam basýar. Guşlara ganat, göwünlere joşgun berýän bu pasyl ene tebigata janlanyş, täzeleniş bagyşlaýar. Baharyň gelenini ilki duýan daragtlaryň şahalarynda kindiwanja pyntyjyklar peýda bolýar. Pederlerimiziň mukaddeslik hökmünde sygynan bu gadymy ýaýla ýaşyl begrese beslenýär. Öňküsinden has uzan Gün tylla nuruny Zemine has bolluk bilen eçilýär. Ot-çöplere, mör-möjeklere jan girip, baglar saýrak guşlaryň nagmasyndan heýjana gelýär. Dünýä durşy bilen nagma – bahar mukamyna beslenýär.

Daş-töweregi gurşan gözellik

Ir-ertirden giç-agşama çenli epgek howaly tomus günleri daşly-çägeli dag eteklerine we ýarym çöllük gaýalara gezelenç etmek aňsat däl bolsa-da, gurak ösümlikler dünýäsi gözüňi dokundyrýar. Elbetde, ota bürenen depelerden daş-töwerege syn etmegiň lezzeti başga. Eger-de, siz bahardan tä güýzüň ahyryna çenli aralykda Amyderýanyň boýuna seýil etseňiz, hökman bu ýerlere mahsus bir täsin ösümligiň üstünden bararsyňyz. Oňa biziň illerde gadymlardan bäri buýan diýilýär. Ine, şoňa gözüňiz düşen wagty Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda ýazylan gymmatly maglumatlary ýene bir öwre aňyňyzda aýlanyňyzy duýman galarsyňyz.

Garagum, sensiň meniň geregim!

Daşky gurşawy goramak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. 2019-njy ýylyň 8-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen ekologiýa boýunça iň iri okuw sapagynyň Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilmegi ýurdumyzyň bu ugurda alyp barýan işleriniň halkara derejede ykrar edilýändiginiň aýdyň beýany boldy. Bilşimiz ýaly, Garagum sährasy ösümlik we haýwanat dünýäsine örän baý. Onda ösýän ösümlikleriň we ýaşaýan haýwanlaryň käbiriniň dünýäniň Gyzyl kitabyna girizilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda Garagum sährasynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda tokaý zolaklarynyň döredilýändigi, şonuň bilen baglylykda bu kölüň gurluşygynyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Merkezi Garagumda döredilen bu täsin suw desgasy dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasynda amatly howa gurşawynyň emele gelmegini, haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyny, tutuş sebitiň ekologik ýagdaýynyň gowulanmagyny şertlendirýär. Sebitiň çägindäki dürli görnüşli ösümlikleri hem-de haýwanlary gorap saklamak, olaryň biodürlüligini artdyrmak, ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak we olara aýawly çemeleşmek barada ýurdumyzda birnäçe resminamalara gol çekildi.

«Zemin aýlanyp dur...»

Dil tapyp bilene darkaş ýok. Hüý-häsiýetine, meýillerine düşünip, isleglerini nazara alyp bilmeseň, adamlaryň arasynda arkaýyn, ylalaşykly, oňşukly ýaşamak kyn. Tebigatyň perzentleri, onuň goýnunyň ýaşaýjylary bolan ynsanlara bolsa onuň diline düşünmek hasam zerur. Düşünmänem gör, iş salyşýanyň tebigat bolsa, utulyp-basylyp, ýanyp-köýüp, ahyr düşünmeli bolarsyň! «Özleşdireniň özüňki» diýleni. Ata-babalarymyzyň irki döwür-eýýamlardan bäri berk ýöredip gelýän milli wagt hasaplary we senenamalary kemala gelýänçä, kösençlikler az bolan däldir. «Bir adam köp zat bilýär, hemme zady hemmeler bilýär» diýlişi ýaly, üşükli, pähim-parasatly ata-babalarymyz tebigat bilen düşünişip ýaşaşmagyň, ony ulanmagyň, nygmatlaryndan peýdalanmagyň, olary artdyrmagyň emelini hem, hasabyny hem, gurallaryny hem tapypdyrlar. Duýup, diňläp, düşünip bilene Aý, Gün, ýyldyzlar, şeýle-de Zeminiň dört künjündäki ähli barlyklar: suwlar, ösümlikler, magdanlar, haýwanatlar — barysy boljak hadysalar barada yşarat berip durlar. «Zemin aýlanyp dur, oňatlyk örän,Hiç bir güýje oň ýoluny tutma ýok».

Togsan dolup, ýere ýyly girende