«7/24. tm», № 10 (145), 06.03.2023
Goja Zemine ýaz geldi, meýdan gül-pürçüge beslendi. Baharyň gelmegi bilen tebigat janlanýar. Baýyrlar ýaşyl donuny geýip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolýar. Şeýle bir owadan güller açylyp, jümle-jahan durşuna gülälek. Giň jahan gülleriň, şabrap ýagan ýagşyň ysyndan ýaňa bark urup, daş-töweregiň arassa howasy göwnüňi göterýär. Ajaýyp gözelliklerden gözüňi aýrybilmän seredip durşuňa, tebigatyň eçilen gözelligine buýsanýarsyň, guwanýarsyň.