"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Alma bagy

Gadymy Märkaw dagyny etekläp oturan Arkadag şäheriniň dabarasy dag aşyp, çawy ilden-illere, ýurtdan-ýurda ýetdi. Hakykatdan-da, bu mekanda «akylly» şäheriň gurlanyna ýaňy bir ýyl wagt geçen hem bolsa, onuň çäklerine ekilen bezeg baglary bu gün şäheriň görküne görk goşup, gözellik paýlap otyr. Baglaryň gözelligini synlap barşyňa, şäheriň etegine çykanyňy hem duýman galýarsyň. Arkadag şäheriniň eteginde ýene bir baglygyň üstünden barýarsyň. Bezeg baglary bilen bäsleşip, töweregine gol uzadyp oturan bu ir-iýmişli baglaryň hem Arkadag şäherine özboluşly görk berýändigini duýýarsyň.

Ata kesbini ýöredýän zenan

Daýhan maşgalasynda kemala gelen Akjagülüň ýaşlyk ýyllary bol hasylly bugdaýdyr «ak altynly» pelleriň goýnunda geçdi. Kakasy tejribeli kärendeçi Jorageldi Jumanazarowyň ýanynda bolup, mele toprakdan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny öwrendi. Durmuş gurdy. Oba hojalygyndan kämil başy çykýan ýigit bilen maşgala guranyndan soň, çagalygyndan ene topraga mähri siňen gelin öýde oturyp, karar tapmady. Rysgal-bereketli pelleri küýsedi durdy. Adamsy oňa her bir işde ýakyndan ýardam berdi. 1993-nji ýylda Akjagül Allakulowa Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň Narmyrat Hudaýnazarow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçiler toparyna agza bolup, maşgalasyna 5 gektar ýeri kärendesine aldy. Onuň dört gektaryna bugdaý, bir gektaryna bolsa gowaça ekdi. Oňa bu işde adamsy Alym hem kömege geldi. Akjagül adamsyndan daýhançylyk babatda köp zatlary öwrendi. Öňdenem işe werziş gelin işe höwesli ýapyşdy. Onuň ussatlygy ýyldan-ýyla kämilleşdi, alýan hasylynyň mukdary barha artdy. Netijede ol ilki kärendeçiler toparynda, soňabaka daýhan birleşiginde, ondan soňra bolsa, tutuş etrapda öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda tanalyp ugrady. Dogrusyny aýtsak, Akjagül her ýyl bugdaýdan ýokary hasyl alyp, guwandyryjy netijeleri gazanýar. 2010-njy ýyl bu ussat kärende

Daýhanlaryň ýardamçylary

Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny ileri tutup ösdürmegiň hasabyna ýurdumyzyň ilatyny azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek boýunça başyny başlan beýik işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde azyk önümleriniň bolçulygy döredilýär. Şeýle möhüm işe lebaply daýhanlar-da mynasyp goşant goşýarlar. Olar üstümizdäki ýylyň galla oragyny hem üstünlikli jemlediler. Welaýatymyzyň gallaçylarynyň arzyly pellehana abraý bilen ýetmeginde kuwwatly kombaýnlara erk edýän mehanizatorlaryň saldamly paýlary bar. Olar hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren ygtybarly we kuwwatly tehnikalaryny bökdençsiz işledip, altynsow çäjiň beýgelmegini gazandylar. Bu il-ýurt bähbitli işde tapawutlanýanlaryň hatarynda Nobatgeldi Abdyrahmanow hem bar. Ol Halaç etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň tejribeli mehanizatorlaryň biridir.

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

Ýerler ekişe taýýarlanylýar Welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Baýramaly etrabynyň hem ekerançylyk meýdanlarynda däneden boşan ýerleri täze ýylyň hasyly üçin ekişe taýýarlamak işleri gyzgalaňly alnyp barylýar. Her bir kärendeçi bol hasyl almak üçin ýerleriň öňünden talabalaýyk taýýarlanylmalydygyna örän oňat düşünýär.

Ösüşleriň ygtybarly binýady

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň agrar syýasatyny oba zähmetkeşleriniň arasynda wagyz etmek maksady bilen Dostluk galla önümleri kärhanasynda maslahat geçirildi. Maslahatda ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmekde durmuşa geçirilýän özgertmelere, oba hojalyk pudagynda ýetilen sepgitlere, ilaty zähmete höweslendirmekde alnyp barylýan işler dogrusyndaky çykyşlara giň orun berildi. Partiýa işgärleri pudagy ösdürmegi döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilişini has-da artdyrmak ugrunda durmuşa geçirilýän döwlet maksatnamalarynyň netijeleri barada giňişleýin söhbet etdiler. Şeýle hem agrosenagat toplumynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, ýer, suw we beýleki serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyny gazanmak, ýurdumyzyň sebitlerinde häzirkizaman durmuş düzümlerini döretmek ugrunda ýetilen belent sepgitler dogrusyndaky buýsançly çykyşlar ildeşlerimizi mundan beýläk-de önjeýli zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Maslahata gatnaşyjylar oba hojalyk ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge giň ýardam berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

«Gülzeminiň» miweli bagynda

Ýurdumyzda döwrebap tilsimatlar arkaly oba hojalygynyň kämil düzümini emele getirmek, tarp ýerleri özleşdirmek, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak we ilatymyzy ýokary hilli azyk önümleri bilen üpjün etmek maksady bilen döredilen hojalyklaryň biri-de «Gülzemin» daýhan hojalygydyr. Telekeçi Nurmuhammet Täşliýew tarapyndan Gökdepe etrabynyň çäginde döredilen daýhan hojalygynyň işi bu günki gün has-da ilerleýär. 2016-njy ýylda daýhan hojalygyna Garagumuň jümmüşinden bölünip berlen 200 gektar ýer bölegi bada-bat özleşdirilip başlanýar. Kämil tehnikalaryň, tejribeli hünärmenleriň yhlasly zähmeti bilen ýerleriň özleşdirilen böleklerinde dürli ir-iýmişli baglar oturdylyp, olara ylmy esasda, agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ideg edilýär. Özleşdirilýän ýerleriň hasabyna ýylyň-ýylyna bagçylygyň gerimi giňemek bilen bolýar. Ine, bu gün giň sähranyň jümmüşinde döredilen bagy-bossanlyk özboluşly gözelligi emele getirip, göwnüňi göterýär. Ýer böleginiň 175 gektarynda ir-iýmişli baglar hatar gurap össe, galan 25 gektaryny beýleki binalardyr kömekçi desgalar eýeleýär.

Täze hasylyň aladalary

Gowaçalar hasyl toplaýar Sarahs etrabynyň Sarahs önümçilik kärhanasy tarapyndan şu ýyl 450 gektar meýdana gowaça ekilip, onuň her gektaryndan 25 sentnere ýetirip hasyl almak meýilleşdirilýär. Kärhananyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi geçirmek, goşmaça iýmitlendirmek, suw tutmak işleriniň öz wagtynda ýola goýulmagy bilen gowaçalar ýokary hasyl toplaýar.

Türkmen obasy galkynýar

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumyny ýokary düşewüntli pudaga öwürmek, obasenagat toplumynyň köpugurly kuwwatyny doly peýdalanmak hem-de netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek üçin önümçilige täzeçil usullary, ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryny, iň oňat dünýä tejribesini giňden ornaşdyrmagy ýurdumyzyň oba hojalykçylarynyň öňünde wezipe edip goýýar. Öňde goýlan belent wezipeleri amala aşyrmak üçin ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa derejesini pugtalandyrmak, tohumçylyk-seçgi işlerini kämilleşdirmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak boýunça işler yzygiderli geçirilýär. Geçirilýän agrar özgertmeleriň netijesinde Diýarymyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär, oba hojalyk önümleriniň belli bir bölegi daşary ýurtlara iberilýär. Ýurdumyzda oba özgertmeleri tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Onuň dowam edýän häzirki tapgyrynda obasenagat toplumyny ösdürmäge, oba hojalyk ugurly ulgamlary döretmäge aýratyn üns berilýär. Döwlet derejesinde berilýän uly ünsüň netijesinde däneçilik, pagtaçylyk, gök-bakjaçylyk, miweçilik, maldarçylyk we guşçulyk pudaklaryna telekeçilik, hususyýetçilik giňden ornaşdyrylýar. Şeýle-de, oba hojalyk önümlerini öndürijileriň, gaýtadan işleýiş we hyzmat ediş düz

Bereket — zähmetiň netijesi

Türkmen topragy — bereketli toprak. Ol daýhanyň yhlasly zähmetine görä, bol hasyl eçilýär. Ata-babalarymyzyň daýhançylyk tejribesine daýanýan «Daýhan mert — ýer jomart» diýen atalar sözi hem şonuň üçin dörän bolsa gerek. Halkymyzyň bu pähimi Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda has-da dabaralandy. Döwlet tarapyndan daýhanlara goldaw-hemaýatlaryň berilmegi, ylaýta-da, olaryň tehniki hyzmatlar, suw, mineral dökünler, beýleki serişdeler bilen bökdençsiz üpjün edilmegi meýdan işlerini göwnejaý alyp barmaga hem-de bol hasyly kemala getirmäge itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde gallanyň satyn alyş bahalarynyň ýokarlandyrylmagy daýhanlaryň işe bolan höwesini artdyryp, galla oragynda zähmet ýeňşini gazanmaga ýardam etdi. Döwlet Baştutanymyzyň berýän goldawyndan, zähmet çekmek, ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmek üçin döredýän amatly şertlerinden ýerlikli peýdalanmagy başarýan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary şu ýyl 50 müň gektar meýdandan ak bugdaýyň bereketli hasylyny alyp, göz öňünde tutulan meýilnamany 101,7 göterim berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Häzirki günlerde bugdaýdan boşan meýdanlarda täze ýylyň hasyly üçin sürüm işleri ýerine ýetirilýär.

Baglary bol miweli

Boldumsaz etrabynyň «Almalyk» daýhan birleşiginiň bagbanlary hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek baradaky öňde goýýan wezipelerine jogap edip, bagçylygy ösdürmekde gaýratly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginde kärendeçileriň onlarçasy bag idetmek bilen meşgullanýar. Olaryň şu günler aladasy has-da artdy. Miweli baglar aýratyn yhlasy, idegi talap edýär. Şeýle bolansoň, bagbanlar her bir çäräni wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz aladalanýarlar. Daýhan birleşiginde tejribeli bagbanlar barmak büküp sanardan kän. Şolaryň biri hem Amangeldi Soltyýewdir. Ol indi 26 ýyldan bäri kärendesine alan bir gektar miweli baga ideg edip, her ýylda armydyň, erigiň, almanyň bereketli hasylyny ýetişdirýär.

Şalyçylaryň azyk bolçulygyna goşandy artýar

Şu günler Lebap welaýatynyň daýhanlary bugdaý hasyly ýygnalan meýdanlarda ekilen beýleki aralyk ekinler bilen bir hatarda, şala hem göwnejaý ideg edýärler. Welaýatymyzyň etraplarynyň ählisinde şaly ekildi we olar göwnejaý boý alyp, ösýärler. Geçen ýyllarda welaýatymyzyň toprakdan dür öndürýän daýhanlaryna şaly ýaly, bereketli ekini ösdürip ýetişdirmäge giň mümkinçilikler açyldy, amatly şertler döredildi. Şonuň bilen birlikde şalyçylarymyzyň iş tejribesi ýylsaýyn baýlaşýar. Olar şalydan bol hasyl almagyň inçe syrlaryny mäkäm özleşdirýärler. Welaýatymyzyň ekerançylarynyň her ýylda ýetişdirýän şaly hasylynyň azyklyk derejesiniň hil taýdan has ýokarydygyny aýratyn belläsimiz gelýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda ýetişdirilen şaly önümine ýurdumyzda has uly isleg bildirilýär. Diýarymyzyň gündogar sebitinde şalynyň bol hasyl bermegi üçin toprak-howa şertleri hem doly laýyk gelýär. Süýji suwly Amyderýanyň boýlarynda ýerleşýän ekerançylyk meýdanlary suwaryldygysaýyn has gowy ösýän we hasyl toplaýan şaly üçin örän ýaramly hasap edilýär. Halaç etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň 16-njy kärendeçiler toparynyň kärendeçisi Baýram Berdimyradow hem özüniň halal, göreldeli zähmeti bilen obadaşlaryna özüni tanadan daýhanlaryň biri. Ol indi 9

Günebakar — ýag berýän ekin

Günebakar (Helianthus L.) ösümliginiň 250-den gowrak görnüşi bar. Ol bir we köpýyllyk otjumak, ýarymgyrymsy we gyrymsy ösümlikdir. Birýyllyk ekilýän günebakar (Helianthus annus L.) we köpýyllyk günebakar — ýer armydy (topinambur). Günebakaryň bezeg hökmünde ösdürilip ýetişdirilýän görnüşine ylmy dilde «Helianthus cucumerifolius» diýilýär. Ol häzirki wagtda Helianthus annus L. hem-de Helianthus çultus — medeni günebakar we Helianthus ruderalis — ýabany günebakar görnüşlerine bölünýär. Günebakaryň ýabany görnüşi (Helianthus ruderalis L.) haşal otlara degişlidir. Olar medeni görnüşleriň başlangyçlary bolup, Amerika sebitlerinde duş gelýär. Günebakaryň medeni görnüşi dünýäde giňden ösdürilip ýetişdirilýär. Ilki ol bezeg ösümligi hökmünde ulanylypdyr. Soňra ösümlik ýagyny almak üçin we seçgisi arkaly çigitlenýän görnüşleri döredilip, ekerançylykda ulanylyp başlapdyr. Seleksion ylmy-barlag edaralarynda hem günebakaryň siloslyk görnüşleri döredilip, maldarçylykda ot-iým bolup hyzmat edýär.

BIŞKEKDE «Organik Ekspo — 2024» halkara sergisi geçiriler

20 — 22-nji sentýabrda Gyrgyz Respublikasynyň paýtagty Bişkek şäherinde «Organik Ekspo — 2024» halkara sergisi geçiriler. Oňa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gazagystanyň wekilleri hem gatnaşarlar. Forumyň dowamynda sebitiň öňdebaryjy hünärmenleri öz tejribelerini paýlaşarlar, oba hojalyk pudagyndaky iň täze tehnologiýalar we önümler görkezilişe çykarylar. Şeýle-de Merkezi Aziýada organiki önümleriň bazarynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.

Ispaniýa 163 müň tonna badamjan eksport etdi

«EastFruit» portaly dünýä badamjan bazary baradaky täze hasabatyny yglan etdi. Hasabat 2023-nji ýylyň jemleri boýunça maglumaty öz içine alýar. Oňa laýyklykda, geçen ýyl dünýä ýurtlary badamjanyň 458 müň tonnadan gowragyny eksport edipdirler. Şonuň üçden birinden gowragy, has takygy, 163 müň tonnasy Ispaniýanyň paýyna düşýär. Häzirki wagtda bu ugurdaky dünýä eksportynyň 35,6 göterimi Ispaniýa tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle-de badamjanyň esasy eksport edijileriniň ilkinji bäşliginden Meksika (82,1 müň tonna), Niderlandlar Patyşalygy (54,7 müň tonna), Türkiýe (31,2 müň tonna) hem-de ABŞ (24 müň tonna) orun alypdyr.

Jöwen, zagara, köje...

Halk senenamasy boýunça Aralyk döwri 22-nji iýulda tamamlanyp, Üçýyldyz döwri başlandy. Daýhanlarymyz bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, şu günler olara ideg edýärler. Daýhan üçin-de, daýhan birleşigi üçin-de örän amatly we girdejili bolan aralyk ekinleriň şu ýyl Lebap welaýatynda 10-dan gowrak görnüşi ekildi. Olaryň içinde şaly, dary, mäş, noýba, bakja, jöwen ýaly ekinleri köpräk eken daýhanlarymyz bu önümleriň bazar bolçulygyny-da döredýärler. Ýurdumyzda başlanan düýpli oba hojalyk özgertmeleri daýhanlarymyzyň öz önümleriniň hasabyna baýap bilmegi üçin giň mümkinçilikleri açdy. Bu — birinjiden. Ikinjiden, toprak kartogrammasy esasynda geçirilýän ekin dolanyşygy ýeriň gurplanmagyna we topragyň düzüminiň baýlaşmagyna şert döretdi. Üçünjiden, daýhanlarymyzyň dary, jöwen ýaly şu günlere ýetiren birnäçe ekinleriniň ýene-de ak bazarlaryň tekjelerinde peýda bolmagyna getirdi. Olary bazarda gören ýaşuly nesliň wekilleri söýünç bilen ýüzüne syldylar. Neneň şeýle bolmasyn?! Ata-babalarymyzy köp dertlerden, bela-beterlerden goran ak jöweniň «zagara» diýilýän çöregi şu günki günde hem ähmiýetini ýitirenok. Jöweni öňler mellek ýerlerinde ösdürip ýetişdiren daýhanlar indi ony aralyk ekin hökmünde gektarlap ekip başladylar.

Daýhan mert — ýer jomart

22-nji iýulda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda-da ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ýygnalan bugdaý hasylyny talabalaýyk saklamak maksady bilen, bugdaýy galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara ýitgisiz daşamak, ýerleşdirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm, tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli tohumlar taýýarlanylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini, tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

Ahal Bäsdeşlige ukyply harytlar

1 mil­lion 400 müň ton­na­dan gow­rak ak bug­daý!

Eder­men gal­la­çy­lar zäh­met ýeň­şi­ni ga­zan­dy­lar 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasaryndan hem-de welaýatlaryň häkimlerinden ýurdumyzyň edermen gallaçy daýhanlarynyň bugdaý hasylyny ýetişdirmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary kabul etdi. «Oguz han» köşkler toplumynda geçirilen dabarada Diýarymyzyň welaýatlaryna wekilçilik edýän bagtyýar çagalaryň buýsançnamalary aýratyn joşgun bilen ýaňlandy.

Daýhan mert — ýer jomart

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyndan: — Halkymyzyň ekin-dikin bilen baglanyşykly döreden nakyllarynyň özi hem uly tejribeden habar berýär. Men «Paýhas çeşmesi» atly kitaby çapa taýýarlamak üçin toplanan nakyllary seljerenimde, olaryň her biri hakynda örän içgin oýlandym. Şeýle nakyllarda siz nämeleriň aýdylýandygy barada oýlanyp görüň, şonda bu sadadan düşnükli bolup görünýän atalar sözleriniň nähili çuň mana eýedigine, nähili beýik tejribä esaslanýandygyna ýene bir ýola göz ýetirersiňiz. Şunuň bilen birlikde, käbir nakyllar barada, gysgarak hem bolsa, öz pikirimi aýdyp geçesim gelýär:

Azyk üpjünçiliginiň ygtybarly binýady