Ak pellerde hasyl bolan arzuwlar (Zarisowka)

31 Oktýabr 2024
473

Gadymy Merw topragynda ady buýsanç bilen tutulýan Rahmanowlaryň kärendeçiler maşgalasy bugdaýdan we pagtadan bol hasyl alyp, Watan öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýylyň-ýylyna artygy bilen berjaý edip gelýär. Ussat kärendeçiler diňe bir Sakarçäge etrabynda däl, eýsem, tutuş welaýatda hem öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýar. Mary welaýatynda döredijilik saparynda bolanymyzda, bize-de bu kärendeçiler maşgalasynyň alyp barýan asylly işleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredi.

Gumgüzer geňeşliginiň arçyny Çarynazar Rejebow bizi zähmetde adygan agzybir maşgalanyň kärende ýerine alyp bardy. Gün günortadan agypdy. Ir säherden işe başlan maşgalabaşy Rüstemdir öý bikesi Şemşat bu wagt ak söwüdiň saýasyndaky agaç sekiniň üstünde oturyp, guşluk çaýyny içýärdiler. Myhmansöýerlik bilen garşy alan Şemşat:

Keýik UMAROWA,
«Zenan kalby».
Beýleki habarlar