"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Belent sepgitleri nazarlap...

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň hemme pudaklary bilen bir hatarda obasenagat toplumy hem uly ösüş-özgerişleri başdan geçirýär. Esasy pudaklaryň biri hasaplanýan oba hojalyk ulgamynda öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Amatly şertlerden ýerlikli peýdalanýan oba hojalyk işgärleri sahawata baý keremli topragymyzdan bereketli hasyl öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki günlerde gadymy Murgap jülgesiniň zähmetsöýer daýhanlary ekerançylyk meýdanlarynda gowaça ekişini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Ekişde oba hojalyk tehnikalary we gurallary doly güýjünde işledilip, işler guramaçylykly häsiýete eýe bolýar. Ekiş geçirilen ýerlerde gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde gowaçanyň hatarara bejergilerini agrotehniki kadalara laýyk geçirmek boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär. Ytygsaman boý alyp oturan bugdaýly meýdanlarda, ýazlyk ýeralma, sogan, şeýle-de gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda talabalaýyk ideg işleri geçirilýär.

Daýhandan hereket — ýerden bereket

Kerki etrabynyň Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň ussat kärendeçisi Baýramgeldi Saparow öz bagtyny ene ýere siňdirýän päk zähmetinden tapanlaryň biri. Ol 1996-njy ýylda daýhan birleşiginden 10 gektar meýdany kärendesine aldy. Baýramgeldi kärendesine ýer alan gününden başlap, oňa mähir-söýgüsini, höwes-yhlasyny, maňlaý derini siňdirip başlady. Ekişden öň ekin meýdanlaryny eliň aýasy ýaly kemsiz tekizledi. Ýerli we mineral dökünler bilen gurplandyrdy. Çuň şüdügär sürümini geçirdi. Ekişi hem öz wagtynda agrotehniki kadalara laýyklykda ýokary hilli geçirdi. Topraga düşen däneler gysga wagtyň içinde gögerip, ýaşyl maýsalara öwrüldi. Bu ýagdaý daýhan ýigidiň göwnüni göterdi. Işe bolan höwes-hyjuwyny artdyrdy. Bugdaýyň bol hasyl getirmegi üçin bar bolan ähli mümkinçiliklerden peýdalandy. Onuň dökünini, suwuny wagtly-wagtynda bermegiň hötdesinden geldi. Netijede atyzlarda altyn başly bugdaýyň bol hasylyny kemala getirdi. Baýramgeldi şol ýyl her gektaryň hasyllylygyny meýilnamada görkezilen 35 sentnere derek 38 sentnerden geçirdi. Ilkinji ýylyň üstünligi kärendeçi ýigidiň şatlygyna şatlyk, buýsanjyna buýsanç goşdy.

Halal zähmetiň höziri

Ene topraga hyzmat etseň, ol seni dilgir etmeýär, çeken halal zähmetiňe hazynaly sandygyny açyp goýýar. Bu hakykata biziň gürrüňini etmekçi bolýan daýhan zenanymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Oňa Akgözel Jumalyýewa diýýärler. Ol Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ussat kärendeçileriniň biri.

Ýüpekçilik

Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda pile öndürmek hakynda kabul eden Kararynda bellenilişi ýaly, welaýatymyzda şu möwsümde 500 tonna pile hasylyny Watan harmanyna goşmak göz öňünde tutulyp, bu ugurdaky taýýarlyk işlerine öz wagtynda girişildi. Bu barada «Daşoguzwelaýatýüpek» önümçilik birleşiginiň başlygy Agamät Garaýew şeýle gürrüň berdi:

Oba hojalygy: ýaz aladalary

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary üstümizdäki ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde meýilnama boýunça ekilmeli 1050 gektar gowaça meýdanlarynda işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegi netijesinde, ekişi wagtynda geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Häzir howanyň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanýan kärendeçiler gowaça ekişini gije-gündizleýin alyp barýarlar. Şunda hojalyga degişli «MTZ-80», «MTZ-82» kysymly, ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 12-si, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyndan ýardama gelen dürli traktorlaryň 5-si, gowaça ekijileriň 2-si bökdençsiz işledilýär. Ahyrky netijede bolsa hojalyk boýunça gündelik gowaça ekilýän meýdanlaryň möçberi 20 — 25 gektara ýetýär. Bu möhüm işde Tirkeş Gurbangylyjow, Baýrammät Kerimow, Söýün Ýazjykow ýaly mehanizatorlar öndürijilikli zähmet çekýärler. Gowaça ekişi hojalygyň Dursunbaý Garabaýew, Myrat Ödäýew, Akmyrat Abdykerimow dagynyň ýolbaşçylyk edýän 1,3,7-nji kärendeçiler toparlarynda has-da guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Ýaýlalaryň ýaraşygy

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek barada öňde goýýan wezipelerine mynasyp zähmet bilen jogap berýän welaýatymyzyň maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak baradaky meýilnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Maldarlaryň bu zähmet üstünligi döwlet Baştutanymyzyň maldarçylyk pudagyny ösdürmek we bu ugurda tutanýerli zähmet çekýän oba adamlaryny maldarçylyk pudagyna höweslendirmek baradaky aladalarynyň oňat netijeleri berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Welaýatymyzyň maldarlarynyň gazanan zähmet üstünligine Gyzylarbat etrabynyň «Gyzylarbat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary saldamly goşant goşdular. Maldarçylyk hojalygynda dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümine irgözinden taýýarlyk görüldi. Öri meýdanlarynyň, guýularyň, çeşme-çaýlaryň ýagdaýy jikme-jik seljerildi. Ot-iým meselesi çözülip, mallaryň baş sanynyň artmagyna düýpli esas döredildi. Hojalykda bar bolan kaşarlardyr agyllarda ýeňil abatlaýyş işleri geçirildi. Öri meýdanlarynda çopan-çoluklaryň iş we durmuş şertleri bilen yzygiderli gyzyklanyp durulmagy mallaryň semizlik derejesini irgözinden kesgitlemäge, ot-iým üpjünçiligini kadalaşdyrmaga mümkinçilik berdi. Ne

Pileçileriň iş-aladalary

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny ýüpekçilikde guwandyryjy görkezijilere beslemegi maksat edýän Ak bugdaý etrabynyň pileçileri häzirki günlerde ýüpek gurçuklaryna talabalaýyk ideg edýärler. Möwsümiň öň ýanynda ýüpekçi kärendeçileriň sanynyň kesgitlenip, ýüpek gurçuklarynyň idediljek jaýlarynyň birkemsiz taýýarlanyp goýulmagy hem-de degişli serişdeler bilen üpjün edilmegi uly ähmiýete eýe boldy. Etrabymyzyň oba zähmetkeşleri şu günler ýüpek gurçugynyň 630 gutusyny idedýärler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, ýüpekçi kärendeçiler bilen duşuşyp, olaryň armasyny ýetirýäris. Ýeri gelende, möwsüme taýýarlyk görülýän döwürde hem degişli hünärmenler bilen bilelikde, ýüpekçileriň arasynda bu jogapkärli işiň ähmiýeti barada düşündiriş işleriniň geçirilendigini bellemelidiris. Munuň özi möwsümi üstünlikli alyp barmaga, ýüpek gurçuklaryny kadaly idetmäge we ýokary hilli pile hasylyny öndürmäge şert döredýär.

Yhlasly iş ýeňşe ýetirýär

«Malym – halym» diýen ýörelgä eýerip, jemgyýetçilik mallaryny gyşdan başbitin hem-de orta semizlikde alyp çykmagy başaran Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň Mary welaýatynyň etraplardaky maldarçylyk hojalyklarynyň zähmetsöýer adamlary özleriniň ähli ukyp-başarnyklaryny her bir jogapkärli möwsümiň netijeli jemlenmegine gönükdirýärler. Olaryň yhlasly zähmetiniň ýerine düşýändigine bolsa hormatly Prezidentimiziň maldarçylyk pudagyny döwrebap ösdürmek bilen baglanyşykly berýän kömek-goldawlaryna jogap edip, dowarlaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak boýunça ýylyň-ýylyna gowy görkezijileri gazanýan Tagtabazar etrabyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň mysalynda has-da aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mysal üçin, etrabyň öňdebaryjy «Çemenabat» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda owlak-guzy almak boýunça bellenilen döwlet tabşyryklaryny sebitdäki maldarçylyk hojalyklarynyň arasynda ilkinji bolup, bireýýäm berjaý etdiler. Bu gazanylan üstünlik barada ady agzalan hojalygyň başlygy Arslan Öwezow guwanç bilen şeýle gürrüň berdi: — Şu ýylyň owlak-guzy möwsümi biziň hojalygymyzyň dowardarlary üçin düşümliligi bilen has-da begendirýär. Hojalygymyzda bar bolan 54 müň 237 baş ma

Meýdanlarda zähmet joşýar

Şu ýyl ýurdumyzda gowaça ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Ekerançylyk meýdanlary, ekişde ulanyljak tehnikalar möhüm möwsüme birkemsiz taýýarlanyldy. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda Lebap welaýatynyň pagtaçylary 130 müň gektara gowaça ekip, «ak altynyň» 320 müň tonnasyny döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Bu iş hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen häzirki wagtda gyzgalaňly dowam edýär.

Bol hasyl tohuma bagly

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda ýurdumyzyň daýhanlary bugdaýdan we gowaçadan bol hasyl almak üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Ýurdumyzyň Ahal we Mary welaýatlarynda gowaçanyň inçe we orta süýümli sortlary ekilýän bolsa, galan welaýatlarda diňe orta süýümli sortlar ekilýär. Bu ýerde belläp geçmeli pursat, Daşoguz welaýatynda gowaçanyň pes boýlurak we ir ýetişýän sortlary ekilýär. Munuň özi welaýatyň toprak-howa şertleri bilen baglanyşyklydyr. Bu welaýatda ir ýetişýän gowaçanyň «149-F», «S – 4727» diýen özbek sortlary we ýerli «Daşoguz – 120»,  «Jeýhun», «Gubadag – 3» atly sortlary ekilýär.

Şalgamyň peýdasy

Şalgam kelemler maşgalasyna degişli ikiýyllyk ösümlik bolup, olaryň birýyllyk görnüşi hem bolýar. Onuň azyklyk gymmaty ýokary bolup, düzüminde az mukdarda kletçatka, köp mukdarda gant we С witamini bar. Şalgamyň iň köp ýaýrany sary we ak etli görnüşleridir. Şalgam irki döwürlerde demirgazykda ýaşaýan halklar üçin esasy elýeterli iýmit bolupdyr. Sebäbi oba hojalyk ekinleriniň köpüsi gyşyň aňzakly sowugyna çydamandyr. Şalgam sowuga çydamak bilen, uzak wagtlap saklansa-da, öz tagamyny ýitirmändir. Ol özüniň ýokary hasyllylygy, az zähmeti talap edýänligi bilen tapawutlanýar.

Moldowada geçirilen sergide agrotehnikalaryň täze görnüşleri görkezildi

Kişinýowda «Moldagroteh – 2024» atly sergi geçirildi. Onda ýerli hem-de daşary ýurt öndürijileriň tehnikalary, ulaglary, daşky gurşawy goraýjy enjamlary görkezildi. Täze önümleriň hatarynda sergide suwaryjy ulgamy bolan traktorlar we başga-da birnäçe tehnikalar getirilipdir. Sergide ýerleşdirilen däne ekiji tehnikalara isleg bildirýänleriň sany agdyklyk etdi. Bu tehnikalar awtomatik usulda işledilip, birnäçe wezipeleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu tehnikalar topragy oňat özleşdirýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Şu gezekki geçirilen sergä ekerançylykdan rysgyny tapan fermerleriň ýüzlerçesi gatnaşdy. Olar üçin bu ýerde tehnikalary öndürijiler bilen gönüden-göni şertnamalaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilikler döredildi.

Topragyň bahar demi

4. Balkan degresiniň ýaz ýakymy Baýram şahyryň «Balkan — bal akan» diýip, waspyny goşgy-gazala salan mekanlaryna bahar başynda keşti-seýran edäýseň! Bagtyny mele meýdanlardan, rysgyny ene toprakdan gözleýänler owaly-ebedinde aýagyny uzyn salyp ýatybilýänlerden däl ahbetin! Ylaýta-da, olaryň öz dili bilen aýdanyňda, «işiň tüýs çagalaýan wagtynda» — bahar paslynda. «Ekiniň atasy — suw, enesi — ýer». Muny biz däl, öňki eždatlarymyz aýdyp gidipdirler. Muny ýatlamak bilen, göze dolup gidýän bir hakykaty agzamakçy bolýarys. Aşgabat — Türkmenbaşy awtomobil ýoly Gyzylarbat şäherine golaýlanda, giň köprä münýär. Şonda nazaryň şeýle ýazgyda eglenýär: «Garagum derýasynyň 1001-nji kilometri». Ileriňe, gaýraňa seretseňem, giden ekinzarlyk ýaýylyp gidýär. Şondanam şähere ýetip, ýüzüňi demirgazyga tutup ugrarsyň welin, çepiň-sagyň ýaşyl ýapynja ýapynan ýalydyr. Çerkezli obasyndan ötüp, dik gabadyňdaky Tutly obasyna ýetäýmän, sagyňa sowulýan gumaksy ýola düşersiň. Ine, suw bilen topragyň bitewüliginden, üstesine-de, daýhan yhlasyndan döräberýän gudraty görjek bolsaň, şu meýdanlara gelmeli.

Ýaz möwsümi gyzyşýar

Köneürgenç etrabynyň Maslahat daýhan birleşigi boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1500 gektar meýdanda gowaça ekişini geçirmek meýilleşdirilýär. Pagtaçy kärendeçileriň yhlasly zähmeti netijesinde, ekişe irgözinden taýýarlyk çäreleri talabalaýyk alnyp baryldy. Jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişine welaýatymyzda ak pata berlen gününden ýokary guramaçylyk ýagdaýynda girişilip, bu iş depginli dowam etdirilýär. Ekiş geçirmekde özünde dürli kysymly traktordyr iş gurallarynyň ýeterlik mukdaryny jemleýän wagtlaýyn döredilen iş toparlary hereket edýär. Topragy göwnejaý taba gelen atyzlary çizel arkaly sürmek hem-de şol atyzlarda boronadyr mala basmak arkaly ekişe ýaramly ýumşak topragy emele getirmek gazanyldy. Ekiş bilen baglanyşykly işleriň berjaý edilmeginde esasy jogapkärçiligiň özleriniň paýyna düşýändigine mehanizatorlar gowy düşünýärler. Şonuň üçin hem olar erk edýän tehnikalaryny bökdençsiz işletmek arkaly ekişiň ýokary hilli geçirilmegini gazanýarlar. Mehanizatorlar Hudaýberdi Öwezow, Begmyrat Çerkezow, Nurmuhammet Seýitjanow öz ussatlygyny görkezýär. Birleşikde işleriň sazlaşykly guralyp, bökdençsiz alnyp barylmagy netijesinde kärendeçi ýer eýeleriniň ençemesiniň ekin ýerlerinde ilkinjileriň hatarynda gowaça ekişi talabalaý

Möwsüme taýýarlykly gelindi

Üstümizdäki şanly ýylda dowarlardan owlak-guzy almakda guwandyryjy görkezijilere eýe bolan Kaka etrabynyň maldarlary dowarlaryň ýaz gyrkymyna hem taýýarlykly geldiler. Gyrkymyň maldarçylykda möhüm işdigine we ony irki möhletde başlap, wagtynda tamamlamagyň zerurdygyna oňat düşünýän maldarlar möwsüm üçin öňünden amatly ýerleri saýlap aldylar. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kaka etrap komitetiniň wekilleri bolsa maldarlar bilen iş üstünde duşuşyp, ýaz gyrkymynyň ähmiýetini düşündirýärler. Dowarlaryň kadaly ösmeginde we sagdyn bolmagynda gyrkymyň peýdasynyň uludygy barada täsirli gürrüň berýärler. Mundan başga-da, dowarlardan owlak-guzy almakda tapawutlanan çopandyr çoluklary höweslendirýärler.

Mehanizatorlaryň armasy ýetirilýär

Gowaça ekişiniň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleri ýerlerde bolup, möwsüme gatnaşýan mehanizatorlaryň armasyny ýetirýärler. Ekin meýdanlaryndaky iş üstündäki duşuşyklaryň barşynda mehanizatoralara tehniki howpsuzlygyň düzgünlerine berk eýermek bilen bagly degerli maslahatlar berildi. Mälim bolşy ýaly, gowaça ekişinde etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalaryň, şeýle-de daýhan hojalyklarynyň ekiji tehnikalary gatnaşýar. Şol tehnikalara bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan mehanizatorlar ezberlik bilen erk edýärler. Ekişiň irki möhletde tamamlanmagy bolsa, mehanizatorlara bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, iş üstündäki duşuşyklarda mehanizatorlara häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýetini hem düşündirýäris.

Guzular mäleşer daglar içinde

«Ýer ala — ýurt ala» diýleniniň nämedigini biljek bolsaň, ine, şu ýerlere gelmeli. Gatnawy ýetik Aşgabat — Türkmenbaşy awtoýolundan barşyňa, Börme — Bamy aralygyndan ilerik — dag içine sowlarsyň. Ýylan yzy ýaly, ýöne asfalt düşelensoň ýyndam ýöredýän ýol dag içine — Saýwana äkider. Tüýs «Gudrat görseň, daglara bar» diýlen görnüşler gözüňi egläp, göwnüňi telwaslandyryp ugrar. Kert-kert gaýalar üstüňe abanyp, howuňy basar, birdenem ýol giň jülgä çykar-da, alnyňda aňyrsy gözýetime sapýan meýdan ýaýylar. Özem ýap-ýaşyldyr. Ine, muňa bahar nepesi degen depe-düzler diýler. Ýoluň ýakasynda gara daşy deşip çykan dagdandyr kerkawlar, bahar nepesinden heserlenene meňzäp, akymyny has batlandyran, hanasyny dolduryberen çeşme-çaýlaryň boýuna başyny egip oturan söwütdir çynarlar, gabarasy giň dagdanlar, topbajyk tokaýy ýatladýan, gözüňi egleýän öň görülmedik agaçlar bahar donuny geýip, ýap-ýaşyl bolup oturandyr. Ine-de, giň jülgäniň sag egniňdäki ýapysyna ýaýran süriniň öňündäki serkäniň jaňynyň sesi ilki gulaga iler, soňam guzularyň mäleşýän näzijekden enaýy sesleri gulaga mylaýym owaz bolup deger. Ýolbeledimiz degenekden tegelek ýüzli, hereketi çulum ýigit Ýaran Ataýew dillendi:

Tohum topraga gowuşýar

Şu ýylky möwsümde 130 müň gektar meýdana gowaça ekip, 320 müň tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýän lebaply ekerançylar gowaça ekişiniň depginini birjik-de gowşatmaýarlar. Bu işde öňe saýlanmagy başaran daýhan birleşikleri ekişi tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar. Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşigi hem şolaryň biri. Geçen ýyl meýilnama boýunça 3100 tonna derek 3550 tonna hasyl ýygnap, welaýat boýunça öňdebaryjylaryň hataryna goşulan bu hojalygyň şu ýyl hem ümzügi ileri. Gowaça ekmek üçin taýýarlanan 1000 gektar ýer tejribeli kärendeçilere berkidilipdir. Olardan 25 gektar meýdana eýeçilik edýän Gandym Begenjow, 10,5 gektar meýdany ýazky ekişe kemsiz taýýarlan Çary Baýramow ýaly tejribeli kärendeçiler ýerden bol hasyl almagy başarýarlar. Ençeme ýyl bäri mehanizator bolup işleýän Orazmyrat Ýazberdiýew, Agamyrat Hudaýberdiýew ýaly ussatlar her bir agrotehniki çäräni daýhanyň göwün islegine görä geçirmäge çalyşýarlar. Ekiş döwründe-de tohumyň kadaly çuňluga düşmegi we hatar aralygynyň deňeçer bolmagy olaryň üns merkezinde. Olar ekişe girişmezden ozal, atyzy gowy gözden geçirip, topragyň tohuma taýýarlygyny barlaýarlar. Ökdelerden öwrenmek bilen, borona-mala çekip, topragy ýumşadýan mehanizator Rozymyrat Haýdarow hem myd

Maldarlaryň üstünligi

Ahal welaýatynyň maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça meýilnamalaryna ýurdumyzda ilkinjileriň hatarynda hötde geldiler. Şu ýyl dowarlardan owlak-guzynyň 169 müň 900-e, düýelerden köşegiň 3 müň 200-e golaýy alnyp, bu babatdaky meýilnama, degişlilikde, 101,5 hem-de 100,73 göterim ýerine ýetirildi. Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň, welaýatyň daýhan birleşikleriniň we kömekçi hojalyklarynyň edermen sähra merdanalary jogapkärli möwsümi häzirki günlerde hem guramaçylykly dowam etdirýärler. Ahal ýaýlasynyň maldarlarynyň gazanan üstünliginde welaýatyň Ak bugdaý we Tejen etraplarynyň ussatlarynyň saldamly goşandy bar.

Yhlas hem-de höwes bilen

Şeýle bir taryhy wakalar, şanly günler bolýar. Olar ýaşaýyş-durmuşa täze joşgun, täze bir bat berýärler. Şolar bilen birlikde ýaşaýyş akabalarynyň özgerdiji güýji has köpelýär, durmuş-ýaşaýşymyzyň mazmuny täze mana eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şeýle mazmunly wakalara beslenýän günlerimiziň has köpdügine buýsanjymyz artýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toý dabaralary, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň elimize gowuşmagy, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi, Milli Liderimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden taryhy çykyşy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygynyň öňe gitmegine gönükdirilen Kararlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyny has baýlaşdyrdy. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşlerine itergi berýän bu wakalaryň hersiniň uly ähmiýeti bar. Şeýle wakalaryň jümmüşinde ýurdumyz ösüşleriň ýoluny külterleýär. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda bolup geçen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiziň pudagyň öňe gitmegine gönükdirilen möhüm Kararlaryň uly toparyny ka