Guzular mäleşer daglar içinde

14 Aprel 2024
363

«Ýer ala — ýurt ala» diýleniniň nämedigini biljek bolsaň, ine, şu ýerlere gelmeli. Gatnawy ýetik Aşgabat — Türkmenbaşy awtoýolundan barşyňa, Börme — Bamy aralygyndan ilerik — dag içine sowlarsyň. Ýylan yzy ýaly, ýöne asfalt düşelensoň ýyndam ýöredýän ýol dag içine — Saýwana äkider. Tüýs «Gudrat görseň, daglara bar» diýlen görnüşler gözüňi egläp, göwnüňi telwaslandyryp ugrar. Kert-kert gaýalar üstüňe abanyp, howuňy basar, birdenem ýol giň jülgä çykar-da, alnyňda aňyrsy gözýetime sapýan meýdan ýaýylar. Özem ýap-ýaşyldyr. Ine, muňa bahar nepesi degen depe-düzler diýler. Ýoluň ýakasynda gara daşy deşip çykan dagdandyr kerkawlar, bahar nepesinden heserlenene meňzäp, akymyny has batlandyran, hanasyny dolduryberen çeşme-çaýlaryň boýuna başyny egip oturan söwütdir çynarlar, gabarasy giň dagdanlar, topbajyk tokaýy ýatladýan, gözüňi egleýän öň görülmedik agaçlar bahar donuny geýip, ýap-ýaşyl bolup oturandyr.

Ine-de, giň jülgäniň sag egniňdäki ýapysyna ýaýran süriniň öňündäki serkäniň jaňynyň sesi ilki gulaga iler, soňam guzularyň mäleşýän näzijekden enaýy sesleri gulaga mylaýym owaz bolup deger. Ýolbeledimiz degenekden tegelek ýüzli, hereketi çulum ýigit Ýaran Ataýew dillendi:

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
Hormatly il ýaşulusy, ýazyjy.
Beýleki habarlar