"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Sanly ulgam — şu günüň we geljegiň ösüşi

Berkarar döwletimiziň röwşen geljegini özüniň aýdyň ýoly bilen ýöredýän Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu günki gün bagtyýarlyk döwrümizde dünýä derejesinde ösýän hem özgerýän Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz örän baý wakalary bilen diňe geçmiş taryhyň däl, eýsem, geljek üçin hem öz döwrüniň mizemez eşretlerini halkymyza bakylyk miwesi hökmünde goýup gelýär. Ata-baba arzuwlap gelen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bu ýyl — hormatly Prezidentimiziň paýhas nurundan sünnälenip çykan parasatly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz şanly 30 ýyly arka atýar, şanly 30 ýyllyk ýubileýini uly baýram, uly toý edip belleýär! Beýik özgertmeler döwrümizi bize peşgeş beren milli Liderimiziň döwlet baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklarynda öň görülmedik ösüşlere ýetildi. Oba hojalygy, ylym-bilim, ykdysadyýet, maliýe, gurluşyk we senagat önümçiligi, söwda gatnaşyklary ýaly ulgamlaryň ählisinde hem uly netijelere eýe bolundy.

Sanly ulgam ösüşleriň binýady

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim ulgamyny sanlylaşdyrmaga ünsüň güýçlendirilmegi ýurdumyzyň oba hojalygyny, şol sanda maldarçylyk pudagyny hem geljekde sanly tehnologiýalara geçirmegiň usullaryny kämilleşdirmäge itergi berýär. Maldarçylyk pudagyna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy mallaryň baş sanyna gözegçilik etmäge, kadaly iýmitlendirmegi ýola goýmaga, talabalaýyk weterinar hyzmatyny alyp barmaga, mallaryň sürülerini netijeli dolandyrmaga, öri meýdanlarynyň suwlandyryş desgalaryny abat saklamaga we mallaryň seçgi-tohumçylyk işlerini geçirip, ýokary önüm berýän tohum mallaryny ýaýratmaga zerur şertleri döredýär. Şeýle hem atçylyk pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga, arassa ganly tohum atlaryň genofonduny saklamaga, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny has-da ösdürmäge giň ýollary açýar. Öňdebaryjy usullaryň ornaşdyrylmagynyň hasabyna mallaryň we guşlaryň baş sanynyň köpeldilmegi et we süýt önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň öndürijilik kuwwatyny güýçlendirmek hem-de tehnologiýa taýdan kämil enjamlaşdyrylan täze görnüşleriniň gurulmagyna talaplar artdyrylýar. Sanly ulgamy maldarçylyk pudagynda netijeli ulanyp boljakdygynyň mysalynda 2018-nji ýylda Ahal welaýatynda «Guş toplumy» hususy kärhanasynyň buýurmasy esasynda gurlan

Tehnologiýa dünýäsi

AWTOULAG SERGISI GEÇIRILDI ■ Germaniýanyň Mýunhen şäherinde «IAA Mobility 2021» atly halkara awtoulag sergisi geçirildi. Bu halkara sergide dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň doly önümçiligi taýýar hem-de ýakyn geljekde öndürilip başlanjak ulaglary köpçülige görkezildi. Ulaglaryň daşky şekili, ýokary tehnologiýasy, elektrik energiýasy bilen işlemegi we çig mal hökmünde ozal ulanylan zatlaryň galyndysyndan peýdalanylmagy ünsi çekdi. 7-nji sentýabrda açylan gözden geçiriliş aýyň 12-sine çenli dowam etdi.

«Kroger» garaşylandan has gowy netije gazandy

10-njy sentýabrda «Kroger» kompaniýasy 2021-nji ýylyň ikinji çärýeginde ABŞ-nyň 467 million dollary (her bir paýnama 61 sent) möçberinde girdeji gazanandygy barada habar berdi. Bu geçen ýylky görkeziji — ABŞ-nyň 819 million dollary bilen deňeşdireniňde, her bir paýnama 1,03 dollar köpdür. Hasabat döwri kompaniýanyň girdejisi ABŞ-nyň 30,49 milliard dollaryndan ABŞ-nyň 31,68 milliard dollaryna çenli ýokarlandy. Awtobenzini hasaba almanyňda, «LFL»-niň satuwy 0,6 göterim ýokarlandy. «Kroger» kompaniýasy söwdalarynyň jeminde ABŞ-nyň 29,97 milliard dollary möçberinde sap girdeji gazanmagy meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa her ýylda paýnama başyna düşýän girdejisini ABŞ-nyň 3,10 dollaryndan ABŞ-nyň 3,35 dollaryna çenli ýokarlandyrmagy başardy.

«Toyota» kuwwatlandyryjy önümçiligine ABŞ-nyň 13,5 milliard dollaryny sarp eder

Ýaponiýanyň awtoulag öndürýän «Toyota Motor» korporasiýasy 2030-njy ýyla çenli elektrik hereketlendirijide işleýän ulaglary üçin kuwwatlandyryjylary hem-de tok üpjünçilik ulgamlaryny işläp düzmek işlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, ABŞ-nyň 13,5 milliard dollaryndan gowrak pul serişdesini sarp etmegi meýilleşdirýär. Häzirki wagtda kompaniýa gaty jisimli kuwwatlandyryjylary köpçülikleýin öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar. Meýilnama üstünlikli amala aşyrylan ýagdaýynda täze kuwwatlandyryjylar suwuk litiý-ion batareýalarynyň ornuny tutar. Şeýle-de «Toyota» kompaniýasy «Prius» ýaly garnuw elektrik awtoulaglarynyň modellerinde hem gaty kuwwatlandyryjylary ulanmagy meýilleşdirýär.

«Intel» Ýewropada çip zawod gurýar

«Intel» tehnologiýa kompaniýasy Ýewropada ýarymgeçirijileri öndürýän zawodlaryň gurluşygyna ABŞ-nyň 95 milliard dollary möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär. Bu meýilnama bökdençsiz amala aşyrylan ýagdaýynda «Intel» kompaniýasynyň degişli bazarda öňdäki orunlara geçmegi üçin uly ädim bolar. Kompaniýanyň baş direktory Pet Gelsingeriň sözlerine görä, «Intel» ýakyn geljekde Ýewropada iki sany çip öndürýän zawod gurar. Şeýle-de on ýylyň dowamynda maýa goýumlaryny 80 milliard ýewro çenli ýokarlandyrar.

«Apple» tanyşdyrylyş dabarasyny guraýar

«Apple» kompaniýasy 14-nji sentýabrda täze «iPhone» toplumynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirýändigi barada habar berdi. Çäre wideoşekil arkaly geçiriler. Dabarada kompaniýanyň täze önümleri — «Apple Watch» we «AirPods» enjamlary görkeziler. Tanyşdyrylyş dabarasyny apple.com saýty ýa-da Apple TV ýaýlymy arkaly tomaşa edip bilersiňiz. Maglumat üçin, «Apple» kompaniýasy, adatça, täze önümlerini güýzüň ilkinji aýynda köpçülige hödürleýär, ýöne 2020-nji ýylda pandemiýa sebäpli, oktýabr aýynda geçirilipdi. Şol dabarada kompaniýa sagatlarynyň täze — «Apple Watch» we «iPad» modellerini görkezipdi.

Hytaýda öndürilen elektrokarlaryň söwdasy 34% ýokarlandy

Hytaýyň ýeňil awtoulag bileleşiginiň resmi portalynda çykan soňky maglumatlara laýyklykda, «Tesla» kompaniýasy awgust aýynda 44 264 sany Hytaýda öndürilen elektrokarlarynyň söwdasyny amala aşyrdy. Şeýlelikde, «Tesla» kompaniýasynyň awgust aýynda elektrik hereketlendirijili awtoulaglarynyň söwdasy iýun, iýul aýlaryna garanyňda, 34% artdy. Maglumat üçin, amerikaly işewür Uorren Baffet tarapyndan goldanylýan «BYD» kompaniýasy awgust aýynda 60 858 elektomobil, Hytaýyň «General Motor» bilen bilelikdäki kärhanasy bolsa 43 783 elektrokar satdy.

Ilkinji akylly telewizorlaryny görkezdi

«Amazon» kompaniýasy alyjylar bazaryna gönükdirilen ilkinji akylly telewizorlaryny köpçülige görkezdi. «Fire TV Omni» akylly telewizorynyň ilkinji iki görnüşi dürli ululykda bolar. Täze önümleriň oktýabr aýynda ABŞ-nyň 369,99 — 1099,99 dollary aralygynda bazara goýberilmegine garaşylýar. «Amazon»-yň saýty bilen bir hatarda täze telewizorlar ABŞ-nyň iň iri «Best Buy» dükanlar toplumynda hem satlyga çykarylar. Ýeri gelende aýtsak, «Best Buy» hem-de «Amazon» ýakyn wagtda «Pioneer» kompaniýasynyň «Fire TV» bilen enjamlaşdyrylan akylly telewizorlarynyň täze görnüşlerini köpçülige hödürlemegi meýilleşdirýär.

Ary guşy

Guşlar te­bi­gat­da iý­mit zyn­jy­ry­nyň mö­hüm hal­ka­sy­ny eme­le ge­tir­ýär. Bu jan­dar­lar me­de­ni zo­lak­lar­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­ne zy­ýan be­ri­ji mör-mö­jek­le­ri iý­ýän bol­sa­lar, ýa­ba­ny te­bi­gat­da dür­li ösüm­lik­le­riň kö­pel­me­gi­ne we ýaý­ra­wy­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ed­ýär. Mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­len­ýän guş­la­ryň bi­ri hem «ary iýi­ji­ler­dir». Yl­my dil­dä­ki ady «Me­rops» hem bol­sa, ola­ra köp dil­de «ary gu­şy» ýa-da «ary iýi­ji» di­ýil­ýär. Köp­lenç ary­lar bi­len iý­mit­le­nen­soň, ola­ra şeý­le at ber­lip­dir. Bu guş­lar, esa­san, Af­ri­ka­da, Gü­nor­ta Ýew­ro­pa­da, Azi­ýa­da, Awst­ra­li­ýa­da we Tä­ze Gwi­ne­ýa­da ga­bat gel­ýär. Ola­ryň kä­bir gör­nü­şi pa­syl­la­ryň ça­lyş­ma­gy bi­len ýy­ly ýurt­la­ra gö­çüp, iý­mit­len­mek üçin uç­ýan mör-mö­jek­le­ri aň­sat­lyk bi­len ta­pyp bol­jak bat­ga­lyk ýer­le­riň go­la­ýyn­da ýa­şa­ýar­lar. Çä­ge­den we to­ýun­dan edi­len di­war­lar­da ki­çi­räk de­şik­ler de­şip, hö­würt­ge ýa­sa­ýar­lar. Şeý­le-de bu jan­da­ryň tä­sin ta­ra­py hö­würt­ge­si­ni ýe­riň as­tyn­da hem gu­rup bil­ýän­di­gi­dir. Da

«Win­dows 11» in­di­ki aý­da çy­kar

«Win­dows 11» ama­ly ul­ga­my 5-nji okt­ýabr­da ula­ny­jy­la­ra el­ýe­ter­li bo­lar. Bu ba­ra­da ul­ga­my iş­läp dü­zen «Micro­soft» kor­po­ra­si­ýa­sy ha­bar ber­di. «Ýa­kyn wagt­da «Win­dows 10» otur­dy­lan komp­ýu­ter­le­riň eýe­le­ri «Win­dows 11»-e mugt ge­çip bi­ler­ler. Şol gün­ler­den baş­lap hem «Win­dows 11» ýük­le­nen komp­ýu­ter­ler sa­tu­wa çy­ka­ry­lyp ug­rar» diý­lip, kom­pa­ni­ýa­nyň met­bu­gat be­ýa­na­tyn­da mä­lim edil­ýär. Tä­ze­le­nen ama­ly ul­ga­my özü­ne or­naş­dyr­ma­ga uky­by bo­lan en­jam­la­ryň eýe­le­ri 2022-nji ýy­lyň or­ta­la­ry­na çen­li bu işi ama­la aşy­ryp bi­ler­ler. Şeý­le-de, «Win­dows 10» ama­ly ul­ga­my­nyň 2025-nji ýy­lyň 14-nji okt­ýab­ry­na çen­li sak­la­nyp gal­jak­dy­gy ha­bar be­ril­ýär.

Kosmos sy­ýa­hat­çylygy ösdüriler

Ro­bot tak­si­si­ni ulan­ma­ga be­rer

Ko­re­ýa­ Respublikasynyň öň­de­ba­ry­jy aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si «Hy­un­dai» kom­pa­ni­ýa­sy «Ioniq 5» ulag mo­de­li­ni ro­bot tak­si­si­ne öw­rüp, ony ulan­ma­ga ber­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Bu ugur­da­ky il­kin­ji ula­gy­ny 2023-nji ýyl­da müş­de­ri­le­re hö­dür­le­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da aw­to­nom ulag teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­ny ös­dür­ýän kom­pa­ni­ýa­la­ryň sa­ny ep-es­li art­dy. Ýo­lag­çy­la­ra do­ly öz­baş­dak hyz­mat ed­ýän ro­bot tak­si­le­ri kä­bir ýurt­lar­da, esa­san hem Hy­taý­da hyz­mat edip baş­la­dy.

Tehnologik ösüş — bäsdeşlige ukyplylygyň şerti

Häzirki döwürde ýurdumyz örän uly tehnologik ösüşi başdan geçirýär. Munuň özi Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugurlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şonda öňdebaryjy düzüm böleklere ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynda, ýerlerdäki işleriň kompýuterleşdirilmeginde iň oňat dünýä tejribesiniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Sanly ykdysadyýet dünýäde innowasiýalaryň bäsdeşlige ukyplylygyna we ykdysady ösüşe möhüm itergi beriji güýç hökmündäki ornuny barha pugtalandyrýar. Özara gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň açylmagyna giň mümkinçilikleri döredýän sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy maglumatlaryň we tehnologiýalaryň elýeterliligine esaslanýan aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşmegine bagly bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tassyklan we üstünlikli durmuşa geçirýän «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” ýurdumyzyň tehnologik taýdan durnukly ösüşiniň möhüm guralydyr. Şeýlelikde, ýerli serişdeler we önümçilik kuwwatlyklary esasynda ykdysady ösüş yzygiderli ilerledilýär. Ähli pudaklara häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň

Sanly ykdysadyýet:

çyzykly şertli belginiň mümkinçilikleri Sanly tehnologiýalar bize birnäçe sagatlyk işi gysga wagtda, ýokary hil derejede amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Sanly ykdysadyýetiň esasy görkezijileri bolan döwrebap tehnologiýalar her bir ädimde gabat gelýär.

«Xiaomi» kompaniýasy elektrokarlaryň önümçiligine badalga berdi

Hytaýyň smartfon öndürýän «Xiaomi» kompaniýasy elektrik hereketlendirijide işleýän awtoulaglar kärhanasynyň resminama işlerini tamamlady. Kompaniýanyň kärhanadaky wekili wezipesine «Xiaomi»-niň direktorlar geňeşiniň başlygy Lei Jun bellenildi. Täze kärhananyň ygtyýarly maýasy, takmynan, ABŞ-nyň 1,5 milliard dollaryna deň boldy. Öňümizdäki on ýylda bolsa bu görkezijiniň ABŞ-nyň 10 milliard dollary möçberinde bolmagyna garaşylýar. Maglumat üçin, ýakyn geljekde «Xiaomi» kompaniýasy awtoulaglara niýetlenilen öz-özüni dolandyrmak tehnologiýalaryny işläp düzýän ýörite bölümçesini işe goýberer.

«Google» kompýuterler üçin prosessor öndürer

«Google» noutbuklary, planşetleri üçin öz prosessorlarynyň önümçiligini ýola goýar. ABŞ-nyň internet ägirdi «Chrome OS» operasiýalar ulgamynda işleýän prosessorlaryny 2023-nji ýyldan başlap öndürmegi meýilleşdirýär. Bilermenler «Google»-yň öz prosessorlaryny işläp düzmeklige berýän ünsüni, bäsdeşleriniň bu ulgamda uly işleri durmuşa geçirmäge başlandyklary bilen baglaýarlar. Hususan-da, «Amazon», «Facebook», «Microsoft», «Tesla», «Baidu», «Alibaba Group Holding» ýaly ägirt kompaniýalar internet hyzmatlaryny we elektron önümlerini goldamak üçin öz prosessorlaryny işläp düzdüler we olaryň önümçiligini ýola goýdular.

«Windows 11» operasion ulgamy tölegsiz bolar

«Microsoft» korporasiýasy oktýabr aýynyň 5-inden başlap müşderilerine öý kompýuterleri üçin, operasion ulgamynyň täze «Windows 11» görnüşini tölegsiz hödürläp başlar. Ýöne muňa garamazdan, 1985-nji ýylda ilkinji gezek ulanylyşa goýberilen «Windows» operasion ulgamy «Microsoft» korporasiýasynyň esasy girdeji bölegi bolmagynda galar. Ýeri gelende, şu ýylyň ikinji çärýeginde «Windows» operasion ulgamynyň ABŞ-nyň 6,6 milliard dollary möçberinde girdeji getirendigini bellemelidiris. Bu görkeziji korporasiýanyň umumy girdejisiniň 14%-ine deňdir. Korporasiýanyň degişli hünärmenleriniň aýtmagyna görä, «Windows 11»-iň üstünlikli işe goýberilmegi «Microsoft»-yň «Azure» hem-de «Office» ýaly beýleki bölümçeleriniň ösmegine uly goldaw bolar.

«Amazon» 55 müňe golaý adamy işe kabul eder

Ýakyn wagtda «Amazon» kompaniýasy dünýädäki korporatiw we tehnologiýa wezipelerine 55 000 adamy işe alar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Endi Jessi mälim etdi. Jessiniň aýtmagyna görä, «Amazon» kompaniýasy häzirki wagtda bölek satuw, mahabat we beýleki pudaklarda müşderileriniň islegini kanagatlandyrmak üçin, degişli hünärmenlere mätäçlik çekýär. Şeýle-de giň zolakly internete girişi giňeltmek üçin, hemralary Älem giňişligine ornaşdyrmak meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze işgärleriň zerurdygyny aýtdy. Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalary 0,24% gymmatlap, ABŞ-nyň 3,479 dollaryndan satyldy. Bazarlarda bolsa kompaniýanyň paýnamalary 0,29% ýokarlandy.

«Tesla»-nyň «Roadster»-i ýene bir ýyldan öndürilip başlanar

«Tesla» kompaniýasynyň direktory Ilon Mask geçen hepdäniň çarşenbe güni «Roadster» sport awtoulagynyň global üpjünçilik zynjyryndaky ýüze çykan kynçylyklar sebäpli, önümçiliginiň ýene bir ýyl yza süýşürilendigini aýtdy. Amerikaly işewür ýanwar aýynda «Roadster»-iň 2022-nji ýylyň tomus aýlarynda satuwa çykaryljakdygy barada habar beripdi. Ýeri gelende aýtsak, soňky döwürde ýüze çykan çip ýetmezçiligi «Ford Motor», «Honda Motor», «General Motors», «Volkswagen» ýaly dünýäniň iň öňdebaryjy awtoulag öndürijileriniň önümçilik kuwwatlyklaryna hem öz täsirini ýetirdi.