«Amazon» 55 müňe golaý adamy işe kabul eder

5 Sentýabr 2021
1314

Ýakyn wagtda «Amazon» kompaniýasy dünýädäki korporatiw we tehnologiýa wezipelerine 55 000 adamy işe alar. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Endi Jessi mälim etdi. Jessiniň aýtmagyna görä, «Amazon» kompaniýasy häzirki wagtda bölek satuw, mahabat we beýleki pudaklarda müşderileriniň islegini kanagatlandyrmak üçin, degişli hünärmenlere mätäçlik çekýär. Şeýle-de giň zolakly internete girişi giňeltmek üçin, hemralary Älem giňişligine ornaşdyrmak meýilnamalaryny durmuşa geçirmek üçin täze işgärleriň zerurdygyny aýtdy.

Geçen hepdäniň çarşenbe güni «Amazon» kompaniýasynyň paýnamalary 0,24% gymmatlap, ABŞ-nyň 3,479 dollaryndan satyldy. Bazarlarda bolsa kompaniýanyň paýnamalary 0,29% ýokarlandy.

Beýleki habarlar