Ary guşy
Guşlar tebigatda iýmit zynjyrynyň möhüm halkasyny emele getirýär. Bu jandarlar medeni zolaklarda oba hojalyk ekinlerine zyýan beriji mör-möjekleri iýýän bolsalar, ýabany tebigatda dürli ösümlikleriň köpelmegine we ýaýrawynyň artmagyna ýardam edýär. Mör-möjekler bilen iýmitlenýän guşlaryň biri hem «ary iýijilerdir». Ylmy dildäki ady «Merops» hem bolsa, olara köp dilde «ary guşy» ýa-da «ary iýiji» diýilýär. Köplenç arylar bilen iýmitlenensoň, olara şeýle at berlipdir. Bu guşlar, esasan, Afrikada, Günorta Ýewropada, Aziýada, Awstraliýada we Täze Gwineýada gabat gelýär. Olaryň käbir görnüşi pasyllaryň çalyşmagy bilen ýyly ýurtlara göçüp, iýmitlenmek üçin uçýan mör-möjekleri aňsatlyk bilen tapyp boljak batgalyk ýerleriň golaýynda ýaşaýarlar. Çägeden we toýundan edilen diwarlarda kiçiräk deşikler deşip, höwürtge ýasaýarlar. Şeýle-de bu jandaryň täsin tarapy höwürtgesini ýeriň astynda hem gurup bilýändigidir. Da