"Türkmenistanyň senagaty" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly 132-nji jaýy
Telefon belgileri: 39-02-03

Makalalar

Il saglygy — ýurt baýlygy

Ylmy - amaly maslahat Şu günler «Ýatgy boýunjygynyň howply täze döremeleriniň öňüni almak we ir ýüze çykarmak» atly biraýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynda ylmy-amaly maslahatlardyr wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär.

Ýylyň ähli paslynda saglygyňyzy goramak üçin lukman maslahatlary

Ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen degişli çäreler döwlet derejesindäki talaplara laýyk geçirilýär. Pasyllaryň çalyşmagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýiti respirator keselleriniň öňüni almak üçin howa şertlerine görä gün tertibini dogry alyp barmak zerurdyr. Şu maksat bilen her birimiz: Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derläp, öl saçly daşaryk çykmaly däl.

Saglygym — baş baýlygym

— Elleriňizi yzygiderli ýagdaýda düzüminde spirt saklaýan serişdeler bilen arassalap, sabyn bilen ýuwmaly. — Jemgyýetçilik ýerlerinde howpsuz 2 metr araçägi saklamaly.

Bagtyýarlygyň mekany

Ýurdumyzy gurşap alan ösüşlerdir özgertmeleri, ata Watanymyzda durmuşa geçirilýän taryhy ähmiýetli işleri ildeşlerimiziň, şol sanda okyjylaryň arasynda wagyz-nesihat etmäge işjeň gatnaşýan kitaphana işgärleri sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek bilen baglanyşykly düşündiriş işlerini alyp barmakda hem tagallalaryny gaýgyrmaýarlar. Biz — kitaphana işgärleri şu günler okyjylara döwrebap kitaphana hyzmatlaryny amala aşyrýarys, okyjylar bilen düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini alyp barýarys. Ýurdumyzda raýatlaryň saglygyny goramak, dürli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen alnyp barylýan işleriň ähmiýetini düşündirmek bilen, okyjylara her bir adamyň öz saglygy hakynda alada etmelidigi, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermelidigi barada gürrüň berýäris. Şeýle asylly işleri hormatly Prezidentimiziň galamyna degişli bolan gymmatly kitaplar bilen baglanyşdyryp alyp barmagymyz has oňyn netijesini berýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Çaý — melhem hem ylham», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur» atly kitaplary bu ugurda gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Buýan köküniň adam saglygyna peýdasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen «Saglyk» döwlet maksatnamasy halkymyzyň saglygyny goramaga we ony berkitmäge gönükdirilen taryhy ädimdir. Bu bolsa Garaşsyz, baky Bitarap döwletimizde ynsan saglygy baradaky aladanyň döwlet derejesinde ykrar edilip, hemişe üns merkezinde saklanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Maksatnamada ýerli derman senagatyny ösdürmek, bu işde ýerli çig mallardan peýdalanmak, ýurdumyzyň ilatyny we bejeriş edaralaryny ýerli senagatymyzyň öndürýän ekologiýa taýdan arassa we bäsleşige ukyply derman serişdeleri bilen ýeterlikli üpjün etmek meselesine uly orun berilýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, keselleriň öňüni almakda, olary öz wagtynda ýüze çykarmakda, gaýraüzülmeleriň öňüni almakda, bejermekde, umuman, ilatyň saglygyny dikeltmekde ýurdumyzyň keramatly topragynda ösýän dürli ösümlikleriň ynsan saglygyna melhemlik häsiýeti barada giňden maglumat berýän hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” we “Çaý — melhem hem ylham” atly kitaplary diňe bir lukmanlar üçin däl, eýsem halk köpçüligi üçin gymmatly we uly ähmiýetli ylmy çeşmä öwrüldi. Şol kitaplarda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan,

Arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň!

Şahsy gigiýenanyň kadalaryna we arassaçylyk düzgünlerine berk eýeriň! Elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň we hemişe arassa saklaň! Daşary çykanyňyzda antiseptiki serişdelerini elleriňize sepmegi endige öwrüň! Burnuňyzyň nemli bardasyna oksolin melhemini çalyň!

Elleriňizi ýygy-ýygydan ýuwuň, sagdyn boluň!

Elleri ýygy-ýygydan ýuwup durmak zerur we peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji mikroblar we bakteriýalar ellerde toplanýar hem-de ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Nahardan öň we soň, daşarda gezelenç edilenden soň, elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Asgyrylanda, üsgürilende, elýaglyk ulanmaly. Eller ýuwulmadyk halatynda, «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Bu keselleriň toparyna iýmit zäherlenmeleri, ýiti içege ýokanç keselleri, ýiti respirator ýokançlary, soguljanlaryň dürli görnüşleri degişlidir. Hut şonuň üçin hem ellerimizi elmydama arassa saklalyň, bu peýdaly endigi özümizde hem-de çagalarymyzda kemala getireliň! Elleriň iki tarapyny-da barmaklaryň aralary bilen birlikde, akar suwuň aşagynda sabynlap, 20 sekunt gowy edip ýuwmaly. Ellerimizi gowy durlanymyzdan soňra, süpürip guratmaly.

Hemmämiz üçin, saglygymyz üçin

■ Jemgyýetçilik we köpçülik ýerlerinde 2 metr howpsuz araçägi saklaň! ■ Daşary çykanyňyzda agyz-burun örtüklerini dakynmagy ýatdan çykarmaň!

Miwe kişdeleri we olaryň saglyga peýdasy

Kakadylan miweler, gök önümler we ir-iýmişler düzümindäki peýdaly maddalary, hatda bişirilen mahaly we uzak wagtlap saklanylan ýagdaýynda-da A, B1, B2, C, D toparlaryna degişli bolan witaminleri düýbünden ýitirenok. Gaýtam guradylanda düzümindäki suwuň bugaryp çykmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň bir gramynda saklanýan ýokumlaryň möçberi artyp, olar saglyk üçin ter görnüşdäkiden hem has peýdaly bolýar. Kişmiş ýörite usulda kakadylan ak we gara üzümdir. Kişmişde kaliý örän köpdür, şol sebäpli ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Gadymy döwürleriň lukmanlary hem «gahary basyjy» hökmünde kişmiş iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony gaharjaň adamlaryň iýmitine goşmagy maslahat beripdirler. Häzirki zaman barlaglary kişmişiň, hakykatdan hem, nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygyny görkezýär. Onda B1, B2, B5 toparlaryna degişli bolan witaminler köp saklanýar. Ol bolsa aýratyn hem nerw ulgamyna köp agram düşýän (meselem, akyl zähmeti bilen meşgullanýan) adamlara has peýdalydyr. Kişmişiň düzümindäki fosfor, magniý, demir elementleri ösüp gelýän çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.

Lukman maslahat berýär

Eger siz dürli naharlary taýýarlanyňyzda arassaçylygy berjaý etseňiz, özüňizi we maşgala agzalaryňyzy iýmit önümlerinden ýokuşyp biläýjek kesellerden gorarsyňyz. Lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak derman serişdelerini, esasan-da, antibakterial serişdelerini kabul etmäň, köpçülik ýerlerine barmakdan saklanyň.

Sagdyn durmuşyň kadalary

Sagdyn iýmitlenmegiň peýdasy

Sagdyn iýmitlenmek bedende madda çalşygynyň dogry bolmagy üçin zerurdyr. Madda çalşygynda hökmany deňagramlylyk saklanmalydyr. Deňagramlylygyň bozulan ýagdaýynda, ilki bilen, agzalaryň işinde üýtgemeler ýüze çykyp, ol kesellere öwrülip biler. Bedeni sagdyn saklamak, goramak ateroskleroz keseliniň, nerw-psihiki bozulmalaryň we newroz ýaly keselleriň öňüni alyp we bedeniň ýokançlyklara durnuklylygyny ýokarlandyryp bolar.

Il saglygy — ýurt baýlygy

Dakynalyň aguz-burun örtügin! Tämiz durmuş binýadydyr saglygyň,

Saglygymyz — iň gymmatly baýlygymyz

1. Ýokuşyp biläýjek möwsümleýin ýokanç kesellerden goranmak üçin agyz-burun örtüklerini dakynyň.  2. Bedeniňi berkitmek üçin gowy ukyňyzy alyp, beden maşklaryny yzygiderli ýerine ýetiriň, sport bilen meşgullanyň, arassa howada gezelenç ediň.

Saglyk size ýaran bolsun!

Agyz-burun örtügini dakynmaly. Bir gezeklik ulanylýan agyz-burun örtüklerini her iki sagatdan çalyşmaly. Howanyň sowamagy bilen bagly ýüze çykyp biläýjek möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin her bir adam daşaryk çykanda hökman burnuň nemli bardasyna oksolin melhemini çalmaly.

Ösüşleriň sazlaşygy

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen badalga berlen 2021-nji ýylyň gadamy üstünliklere beslenýär. Abadançylygyň, asudalygyň, ruhubelentligiň, agzybirligiň many-mazmunyny özünde jemleýän bu şygar BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kabul edilen «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama bilen utgaşýar. Ata Watanymyz Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň giňden belleniljek ýylyny uly ösüşlere beslemek maksadynda batly gadamlar bilen öňe barýar.

Saglygym — baş baýlygym

Saglyk — bahasyz baýlyk. Bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek zerurdyr. — Dogry iýmitleniň! Witaminlere baý gök önümleri we miweleri köpräk iýiň! Olary iýmezden ozal, gyzgyn suw bilen gowy ýuwmagy ýatdan çykarmaň! Tagamlary talabalaýyk we dogry taýýarlaň!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndan üzärlik barada

Görnüşi ýaly, üzärlik haýra garşy durýan ähli güýçleri ýeňmegiň serişdesi hökmünde has irki döwürlerem belli bolupdyr. Üzärlik tütedip, ak tüsse edip, ýaramaz güýçleri yzyna serpikdirip bolýar diýip yrym edilipdir. Täze göçülip barlan öýlere hem duz bilen bile üzärlik alnyp gidilýär. Täze işiň başy tutulanda hem üzärlik tütedilýär. Üzärlik gaýnadylan suw howply bakteriýalaryň täsirini aýyrýar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi

Sagdyn durmuş ýörelgesi — munuň özi adamyň saglygyny pugtalandyrmaga, onuň işjeň ýagdaýda uzak ýaşamagyna we durmuş wezipelerini ýokary derejede ýerine ýetirmegine, ýaşaýyş, zähmet, jemgyýetçilik, maşgala dynç alyş görnüşlerine işjeň gatnaşmagyny gazanmak üçin öňüni alyş çäreleriniň kabul edilmegine, şeýle hem keselleriň sebäplerini we netijelerini düzetmek üçin öňüni alyş çärelerini amal etmäge gönükdirilen adamyň durmuşynyň keşbidir. Ýurdumyzda köpçülikleýin sport çäreleriniň yzygiderli geçirilmegi sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän halkymyzy sagdyn hem-de ruhubelentlikde zähmet çekmäge ruhlandyryp, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmaklaryna itergi berýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgesi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Sarymsak hakda

Sarymsak sogandüýplüler maşgalasyna degişli ösümlikdir. Ol kuwwatlylygyň gözbaşy, köp derdiň dermany hasaplanylýar. Onuň dermanlyk häsiýetleri gadym döwürlerden bäri bellidir. Sarymsagyň tebipler we aşpezler tarapyndan giňden ulanylandygy barada gadym golýazmalarda maglumat berilýär. Sarymsak inçejik gan damarlaryny berkitmekde deňsiz-taýsyz tebigy serişdedir. Ol ýüregiň isleýşine oňaýly täsir edýär, gan damarlardaky dartgynlylygy aýyrýar. Ol garamükür (singa) keseliniň öňüni almakda-da tapylgysyz dermanlyk ösümlikdir. Sarymsagyň düzümindäki allisin gormonlara täsir edip bilýär we gandaky holesterini 10% azaldýar. Şeýle hem onuň uýgunlaşdyryjy häsiýetleri bar.